Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen
parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14.04.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň
çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen
duşuşdy.
Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji
sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini
belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde
ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýtdy hem-de
pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
parlamentara dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi we
ony “EKSPO - 2025” Bütindünýä
sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlap, serginiň işiniň üstünlikli dowam
etmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa - Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki
döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz
bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy,
düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde
Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk
gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä
minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar
boýunça mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge
hemişe taýýardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli
işleýändiklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant
goşýandyklaryny, iri ýapon kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň
gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň
durmuşa geçirilendigini we şeýle hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam
etdirilýändigini belledi.
Endo Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
goşýan uly şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi