Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza
döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
15.04.2024 ý.
Hormatly mejlise
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza
döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan
üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler
Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk
meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan
başlangyçlary öňe sürüp, bu babatda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň
öňbaşçysy boldy.
Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistan tarapyndan
hödürlenen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr
geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal geçelgeleriň döredilmegine ýardam
bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak
bilen baglylykda ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek»,
«Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly
ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady
bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar
kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul
edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan
edildi.
Uly ähmiýete eýe
bolan bu mejlisiň geçýän günlerinde, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň
Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly
ösüş hepdeliginiň geçirilýändigini we onuň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy
bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki
duşuşygynyň hem-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisiň
geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Hormatly mejlise
gatnaşyjylar!
Merkezi Aziýanyň
we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik
mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen - Sarahs - Maşat, Gazagystan - Türkmenistan - Eýran, Kerki - Ymamnazar - Akina we Serhetabat - Turgundy halkara demir ýollary, Zerger - Kerki - Kerkiçi, Aşgabat - Garagum - Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki - Kerkiçi, Türkmenabat - Farap demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga berildi.
Türkmenistan ulag
ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça möhüm ýollarydyr merkezleri
birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de
giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Hususan-da, 2016-njy ýylda
BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ählumumy maslahatyň jemleri boýunça
kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag
hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», TRACECA
ulag geçelgesini görkezmek bolar. Şeýle hem Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek we ýükleriň
geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bulardan
başga-da, «Aziýa - Ýuwaş umman
sebitiniň ýurtlary - Hytaý - Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe -Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny
ösdürmek babatda hem agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda
yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly mejlise
gatnaşyjylar!
Türkmenistan bu
gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir, awtoulag, deňiz
ýollary, portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen
hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary
çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika
kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Türkmenistan 1994-nji ýyldan
bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli
derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde
utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri
daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär.
Hormatly mejlise
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Demir
ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII
mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.