Türkmenistanyň
Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady
19.03.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen
Katar Döwletine ugrady.
Bu gezekki sapar dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan,
özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bar bolan
mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwletara
gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüler.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň
resmi adamlary ugratdylar.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar
Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde
taraplaryň hoşniýetli erkine we köpýyllyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine
çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-katar
gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini belledi.
Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň şowly bolmagyny arzuw edip,
Doha şäherinde geçiriljek gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm
waka öwrüljekdigine ynam bildirdi we Katarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly
ähmiýet berilýändigini nygtady.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy
ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary
derejede geçirilýän duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun degişlidir. Şunuň
bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda
ýokary derejedäki saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy.
Geçen ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça
dostlukly ýurtda boldy. Doha şäherinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň
çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary
ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iki ýurduň uzak möhletleýin esasda ýola
goýulýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary beýan
edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä
çempionatynyň oýunlarynyň birine hormatly myhman hökmünde tomaşa etdi.
Bu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde ýurdumyzyň Katar
Döwletindäki ilçihanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilendigini bellemeli. Munuň
özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana
gol çekendigini bellemek gerek.
...Iki sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary
Kataryň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Hamad” Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli
Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly
ýurduň resmi adamlary garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen
kabulhana tarap ugrady.
Ertir — 20-nji martda Doha şäherinde ýokary derejedäki türkmen-katar
gepleşikleri geçiriler. Olaryň dowamynda häzirki ýagdaýlar we bar bolan
mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlener.
Türkmenistan we Katar dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek,
özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek
hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly serişdelere eýedirler.
Energetika ulgamy, söwda, maýa goýum, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba
hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, işewür toparlaryň arasyndaky
gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Onuň
nobatdaky mejlisini şu ýyl Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan we
Katar halklaryň ýakynlaşmagynyň, dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny
berkitmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer hyzmatdaşlyga döwletara gatnaşyklaryň
esasy ugry hökmünde ähmiýet berýär. Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sport,
syýahatçylyk, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary
çuňlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellemeli. Türkmen-katar
gatnaşyklary köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki abraýly
düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.
Netijeli syýasy gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolmagy, halkara
guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere özara goldaw
berilmegi Türkmenistan bilen Kataryň sebitleýin hem-de ählumumy meseleler
boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini görkezýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine bu gezekki döwlet
saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ony hil
taýdan täze derejä çykarmak üçin pugta binýady emele getirjekdigini ynamly aýtmak
bolar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi