Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisi
27.12.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň,
Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň adyndan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän
Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi bilen
abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet
Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny
arzuw etdi.
Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara
gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly
döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän
parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi
netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar.
Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek,
hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň
netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri
jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan
gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher
paýhasyndan dörän «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp
goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji
ýyl - Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi
mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak
barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň
yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen
bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we
bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden
bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä
döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli
dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet
toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri
ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa
geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da
rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň
halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň
jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny
habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň,
dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly
geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen
sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu
kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berildi.
Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň
dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä
seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi
hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara
başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa geçirilmeginiň dünýä
derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji
martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň
Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan
etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze
filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup
durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik
garaýşy «Dialog - parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde,
syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda
örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda
dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler
hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara
jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky
aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we
daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly - dünýäniň
akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy
mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň
bosagasynda örän uly sowgat etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary
esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda
geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik
nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny
alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we
döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň
oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri
Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň
aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň
adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs
ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de
döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz
Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem
dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň
içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin
maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş
depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda
maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul
edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz
döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň,
iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly
halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen
netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň
birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we
kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň
baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola
goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw
üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini
üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp
geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze - 2025-nji ýyl
bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp
barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi