Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisi
10.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda
ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň,
welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de
ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler
kesgitlenildi.
Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň
ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary
we beýlekiler çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de
okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa
geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde
durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady
görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi
durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu
görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk
ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim,
hyzmatlar ulgamynda 7 göterim boldy.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi
öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik
netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek
satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça
aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp
haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”
çäklerinde degişli işler alnyp baryldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer degişli ministrlikler,
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri
bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasy barada hem hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet
býujetinden ugur alnyp, resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady
görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine
ýetirilmeli işler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş
görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2022-nji
ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe
meýilnamasynyň girdeji bölegi 125,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim
berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 120,1 göterim,
çykdajy bölegi 99,8 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem Oba milli
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow M.Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet
ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä S.Joraýewi belläp,
ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň
barşynda degişli Permanlara gol çekdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2022-nji ýylda
alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini
kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
şu ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete
gönükdirilen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň
galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz
serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim
artdy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan
peýdasy 12,2 göterim artdy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
2022-nji ýylda meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek babatda oýlanyşykly strategiýanyň durmuşa
geçirilmegi netijesinde syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda ösüşiň
ýokary derejesi üpjün edildi. Görülýän toplumlaýyn çäreler esasynda hasabat
döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.
2022-nji ýylda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşy,
elektrik energiýasynyň önümçiligi, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberi
artdy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe nebit önümleriniň
dürli görnüşleriniň, şeýle-de suwuklandyrylan gazyň, sementiň, mineral
dökünleriň we azyk önümleriniň öndürilen möçberi ýokarlandy. Ulag-kommunikasiýa
ulgamynda hem durnukly ösüş üpjün edildi. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük we
ýolagçy dolanyşygynyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk
hyzmatlarynyň möçberi 7,9 göterim artdy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende,
2022-nji ýylda oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwe we ir-iýmişleriň,
ýeralmanyň, etiň, süýdüň öndürilişi artdy, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz
böleginde hem ösüşler gazanyldy.
Halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet
esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny
kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da hasabat berildi. Statistika
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň 17 - 27-nji dekabry
aralygynda “Ilat ýazuwy - 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary
astynda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň
guramaçylykly geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu çäre sanly
usulda geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.
Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň
ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we
ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly
güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe
golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň
möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz
öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny
hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we
talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň
girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde
tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu Maksatnamany tassyklamak
hakynda Karara gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowa milli ykdysadyýetimiziň binýadyny
berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze pudaklary we
önümçilikleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak
boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny
çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 108,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 114
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 109,4 göterim, nebit bitumyny
öndürmegiň meýilnamasy 150,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 116,5
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim, suwuklandyrylan
gazyň meýilnamasy bolsa 105,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we
ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 112,7 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara
ibermegiň meýilnamasynyň 122,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň
meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Ş.Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Begliýewi belläp, ony
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden
boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz oňa täze wezipede üstünlikleri
arzuw edip hem-de degişli resminamalara gol çekip, nebitgaz pudagynyň
ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we öňde
durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri
tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak,
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri has-da
güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün
etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek ileri tutulýan wezipeleriň
hatarynda görkezildi.
Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip
gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin
degişli işleri geçirmegiň, bu kärhanalarda täze ýokary hilli tehnologik
önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny
gözlemek we barlamak boýunça, şeýle-de gazylyp alynýan peýdaly gaty
magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa
gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmeli diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak,
nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge
gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2022-nji ýylyň ýanwar
- dekabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Geçen ýylda gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136 göterim boldy. Hasabat
döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy
159,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň 12 aýynyň netijeleri boýunça Energetika
ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň
meýilnamasy 131 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş
depgini 109,3, ony eksport etmegiň ösüş depgini bolsa 124,6 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
tarapyndan önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy
135,5 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9
göterim ýerine ýetirildi. Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar
- dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 123,5
göterim amal edildi.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz
boýunça önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 76-sy ulanmaga
berildi.
Şeýle-de wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy
boýunça 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň işlenilip
taýýarlanandygyny aýtdy. Oňa laýyklykda, uly möçberli maýa goýum serişdeleri
senagat, önümçilik däl maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň,
saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň,
suw we gaz elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy
desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl
üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer
Ç.Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk meseleleri boýunça orunbasary
wezipesine B.Annamämmedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri
wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz oňa täze wezipesinde üstünlik
arzuw edip, degişli Permanlara gol çekdi we wise-premýeriň öňündäki anyk
wezipeleri kesgitledi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň energetika syýasatyna
laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün
etmek, daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin
elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny
gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr. Şeýle hem «ýaşyl» energetikany
ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça işleri alyp barmak
wajypdyr. Gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek
maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini
giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir
diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz himiýa senagatynyň milli
ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, onuň
hereket edýän kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak,
döwrebaplaşdyrmak, kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze kärhanalary ýola goýmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Gurluşyk pudagy hem esasy pudaklaryň biri bolup
durýar. Şu ýyl ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly, döwrebap, ähli
amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler dowam etdiriler.
Şeýle-de şu ýyl Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny açyp
ulanmaga bermek hem meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada aýdylanda,
ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek
boýunça işler alnyp barylýar. Diýarymyzda gara ýollaryň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy
we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam
etdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli
durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň
taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu Maksatnama laýyklykda,
milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa
goýumlaryň möçberiniň 37,4 milliard manada deň bolmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny
tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 106,6 göterime, öndürilen önümleriň
ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylda Dokma senagaty
ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň, şol sanda nah
ýüplügiň önümçiligi 123 göterime, nah matalaryň önümçiligi 130,1 göterime,
tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,4 göterime, gön önümleriniň
önümçiligi 109,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça
haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 115,4 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat
döwründe birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olarda 37 müň 734 şertnama hasaba
alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan
işleriň ösüş depgini 128,2 göterime barabar boldy. Sergileriň 19-sy we
maslahatlaryň 67-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça
2022-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 153,1
göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 110,3 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma
senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini
içerki we daşarky bazarlara ýerlemek hem-de ibermek boýunça işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. El halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän
haly önümleriniň görnüşini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek, gadymy
türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns
çekildi. Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan
üpjün etmegi gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegine hem aýratyn
üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu günki günde
döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we
eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi
bilen bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 2022-nji ýylda gözegçilik
edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen
işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 120 göterim boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi
arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 105,9 göterime, ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 102,1 göterime, ýolagçy
dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 167 göterime deň boldy. «Türkmendemirýollary»
agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 102,8 göterime,
demir ýol ulagynda üstaşyr daşalan ýükleriň ösüş depgini 128,3 göterime barabar
boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň
ösüş depgini 128,8 göterime ýetirildi. 2022-nji ýylda ýurdumyzyň çäginden
üstaşyr geçirilen ýük awtoulaglarynyň 40 müň 260-sy hasaba alyndy.
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 196,8 göterime barabar boldy.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüş depgini 109,1 göterime ýetdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi
boýunça 2022-nji ýylda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini
107,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan
wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle-de
logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-azerbaýjan,
türkmen-özbek, türkmen-gazak we türkmen-rus bilelikdäki iş toparlarynyň
döredilendigi, olaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklaryň guralandygy barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny
giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we
hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşi babatda hyzmatlary
ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda
görkezdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň
ýolbaşçysyna demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin
elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak
tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkyny
döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen
yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etdirmegi, elektromobilleri
awtoulag ulgamyna ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi geljegi uly
meýilnamalaryň hatarynda görkezdi. Howa gatnawlaryny çäklendirmelerden öňki
derejelerine ýetirmek, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça
halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri
dowam etdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, «Balkan» gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli ähmiýetli gämileri gurmak boýunça işleri
ýola goýmak barada görkezmeler berildi. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem
döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak barada aýratyn tabşyryk berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň edaralarynyň 2022-nji ýylda alyp baran
işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe dürli maslahatlar, döredijilik
duşuşyklary, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri, festiwallar,
aýdym-sazly dabaralar geçirildi, dürli bäsleşikler yglan edildi. Halkyň
Arkadagly zamanasy ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän ajaýyp eserleriniň
tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkezine şäher derejesiniň berilmegi, şeýle-de oňa “Arkadag” adynyň dakylmagy
bilen bagly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Beýik şahyr we akyldar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler we
dabaralar guraldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen
halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi mynasybetli
wagyz-nesihat çäreleri, dabaraly maslahatlar geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler
guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň onlarçasynda iş saparlarynda
boldular. Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň birnäçesiniň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler
geçirildi.
Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen
bilelikde işler alnyp baryldy. TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet
ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda
“Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. 2022-nji ýylda Mary
welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligi geçirildi. “Türkmenistan”
teleradioýaýlymlar merkezinde Türkmenistanyň ösüşlerini dünýä jemgyýetçiliginde
wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan
halkara mediaforum guraldy.
Geçen ýylda Türkmenistanda daşary ýurtlaryň meşhur
sungat ussatlarynyň, estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçirildi. Ýurdumyzda
guralan halkara forumlaryň hatarynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky
Medeniýet günleri, Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly, Täjigistanyň
Türkmenistandaky Medeniýet günleri, “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä
halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal, “Milli aýdym-saz sungaty dünýä
halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat bar. Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara
habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Täze ýyl baýramçylygy
mynasybetli Döwlet sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň
çykyşlary guraldy.
Hasabat döwründe döwletimizde gazanylýan üstünlikler,
ösüşler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we
internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine
ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senetçilik,
halyçylyk, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, gadymy medeni mirasy düýpli öwrenmek,
gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de taryhy we medeni ýadygärlikleri abat saklamak,
öwrenmek, dikeltmek, içerki hem-de halkara syýahatçylygy ösdürmek boýunça
degişli çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
gurlan häzirki zaman medeniýet merkezlerinde we teatrlarda döwrüň talaplaryna
laýyk gelýän we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän eserleriň sanyny
artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport
ulgamlarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw
maksatnamalaryny kämilleşdirmek, kitaplary neşir etmek babatda degişli işler
alnyp baryldy.
Täze çagalar baglary we orta mekdepler açyldy. Okuw
ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna öwrediji kompýuterler
sowgat berildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde
medallary gazanyp, ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny
ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşdular. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO
kafedralaryny açmak ugrunda işler dowam etdirildi. Geçen ýylda döredijilik we
bilim bäsleşikleri, olimpiadalaryň 7-si geçirildi. Ýokary okuw mekdepleri
halkara reýtingleriň 7-siniň sanawyna girizildi.
Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri
tutulýan ugurlary boýunça ylmy temalar utgaşdyryldy, golýazmalara, oýlap
tapyşlara seljerme berildi. “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn
ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.
Ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk
derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary
goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we
innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat hem-de ýaşlaryň arasynda
ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we
innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça
geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Geçen ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga
ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen,
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar
üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş
çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa”
tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda hassahanalaryň 3-si dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol döwürde täze
ylmy-kliniki merkezleriň we hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde
alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 100-e
golaý näsag çaga dürli operasiýalar geçirildi, mekdep-internatlary we çagalar
öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe sporty ösdürmek we
türgenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Degişli
resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet
komiteti döredildi. XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa
oýunlaryna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň maksatnamasy
tassyklanyldy. Halkara sport ýaryşlarynda geçen ýylda baýrakly orunlara mynasyp
bolan türgenleri sylaglamak dabaralary geçirildi.
Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň VII gurultaýy geçirildi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. 2022-nji ýylyň şanly
senelerine bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, ylmy-amaly maslahatlar
guramaçylykly geçirildi.
Soňra wise-premýer Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda, onuň rektoryny bellemek hakynda
Permanlaryň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
meseleleri hakynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak hakynda,
Halkara pediatriýa merkezini gurmak hakynda hem-de Stomatologiýa merkezini
gurmak hakynda Kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde
birnäçe möhüm wezipeleri goýdy. Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe
almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny,
başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini
kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary,
okuw kitaplaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça
işleri dowam etdirmek tabşyryldy.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň
hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek
wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Mugallymçylyk käriniň abraýly we
ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek
gerek. Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bizde zerur bolan
bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş meselesine
geçip, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň
öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy
goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek
boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem sporty ösdürmek,
köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany
dünýä tanatmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Halkara
pediatriýa merkezini gurmak hakynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini
gurmak hakynda hem-de Stomatologiýa merkezini gurmak hakynda Kararlara gol
çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana we Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, P.Baýramdurdyýew bu akademiýanyň
rektory wezipesine bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeleriň
wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady we wise-premýere olaryň talabalaýyk
ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow 2022-nji
ýylda paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hojalyk hasaplaşygyndaky
edara-kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,5
göterime, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 110,3 göterime deň boldy.
Geçen ýylda Aşgabatda durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi ulanmaga
berildi. Şolaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta mekdepler,
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, “Daşkent” medeni-dynç
alyş seýilgähi, sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda,
şäher häkimligi tarapyndan saýaly we pürli bag nahallarynyň köp sanlysy ekildi.
Şunuň bilen birlikde, häkimligiň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy hem-de
jemagat gulluklarynyň işi barada hasabat berildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda 2022-nji
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Berlen
tabşyryklara laýyklykda, sebitde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça toplumlaýyn
işler alnyp baryldy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi.
2023-nji ýylyň hasyly üçin jemi 195 müň gektar meýdanda bugdaý ekilip, ondan şu
ýylda jemi 400 müň tonna bugdaý öndürmek, şeýle hem 135 müň gektar meýdanda
gowaça ekilip, 280 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem hasabat berildi.
Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň
günbatar sebitinde geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna» laýyklykda, 2022-nji ýylda maýa goýum serişdelerini özleşdirmek
boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Bellenilişi ýaly,
şu ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, şondan 80 müň tonna
galla hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. 13 müň gektar meýdana gowaça ekmek we
16 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ilatymyzy
özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen
üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň
üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda degişli çäreler alnyp barylýar. 2022-nji
ýylda sebitde bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasyly ýygnalyp
alyndy. Häzirki wagtda oba hojalyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki
çäreler geçirilýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Şu ýylyň hasyly üçin 145 müň gektar meýdanda bugdaý
ekişi geçirilip, endigan gögeriş alyndy. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
we ösüş suwlaryny tutmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 140 müň gektar
meýdanda gowaça ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda sürüm we tekizleýiş
işleri alnyp barylýar, ýuwuş suwy tutulýar, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary
we gurallary abatlanylýar. Ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň
ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýylda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, 2022-nji ýylda maýa
goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň we
inženerçilik ulgamlaryň gurluşyklary alnyp baryldy, hereket edýänleriniň durky
täzelenildi. Şeýle hem welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada habar berildi. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ikinji ösüş suwy
tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekiljek ýerler sürülýär we tekizlenýär, ýuwuş suwy tutulýar, ýokary hilli
gowaça tohumy taýýar edilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekiljek meýdanlary
taýýar edildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2022-nji
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Oba hojalyk
ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigi
aýdyldy. 2023-nji ýylda bugdaý ekilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna
galla hasylyny, 62 müň gektar meýdana gowaça ekip, 359 müň tonna “ak altyn”
hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl 28 müň 170 gektar meýdana
ýeralma we beýleki gök-bakja we oba hojalyk önümlerini ekmek göz öňünde
tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýerine
ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimleriniň ünsüni çekdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 -
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba
milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns
berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hem-de şäherlerde ýaşaýyş
jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň
gurluşygyna berk gözegçilik etmek barada görkezme berildi. Ilaty arassa agyz
suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli
işleri geçirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda
geçirmek üçin ähli çäreleri görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy.
«Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum
Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur
çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi. Şol Maksatnamalar Ministrler
Kabinetiniň şu günki giňişleýin mejlisinde degişli Kararlar bilen
tassyklanyldy.
Welaýatlaryň häkimlerine bugdaýa agrotehniki kadalara
laýyklykda ideg etmek, öňümizdäki gowaça ekişini ýokary derejede guramak bilen
baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamak tabşyryldy. Şeýle hem
ýeralmany, gök we bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça çäreleri
öz wagtynda geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň
netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň
alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Tutuş oba hojalyk toplumynda ösüş depgini 104,8
göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu
görkeziji 104,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,9
göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe ösüş depgini çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 102,4
göterime, ýeralmada 130,4 göterime, gök önümlerde 115,2 göterime, bakja önümlerinde
109,2 göterime, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişinde 107,2 göterime barabar
boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 122,2 göterim ýerine
ýetirildi.
Wise-premýer häzirki wagtda 690 müň gektar bugdaý
meýdanynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň dowam edýändigini
habar berdi. Şu ýylda ýurdumyzda 580 müň gektar gowaça ekiljek meýdanlary,
beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ýazky ekiş möwsümine
taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri hem-de bu ugurda
işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak
hem-de derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan welaýat häkimlikleri bilen
bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Diýarymyzda ýüpekçiligi ösdürmek, öndürilýän piläniň
möçberini artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan
ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda
2023-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa
ýüzlenip, oba hojalyk pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň
hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty azyk önümleri bilen
doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal
bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň we miweli
baglaryň sortlaryny ýetişdirmek boýunça işleri dowam etdirmeli diýip, hormatly
Prezidentimiz ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek
boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek üçin bu
ugurda ulanylýan öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady. Şunuň bilen birlikde, azyk senagatyna degişli kärhanalary
döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz suw serişdeleriniň tygşytly
peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip,
goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde suw arassalaýjy desgalary gurmak
boýunça gyssagly degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen,
wise-premýere maýa goýumlary we karz serişdelerini çekmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini
gözegçilikde saklamak babatda görkezme berildi. Şunda agrotehniki kadalaryň
berjaý edilmegi berk talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe “Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady
bilen, yzygiderli işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlara we gepleşiklere uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary
ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 11-sini, şol sanda Russiýa
Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz
Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna,
Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine saparlary amala aşyrdy. Hasabat
döwründe daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýurdumyza 9 sapary
boldy. Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň,
Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentleri, şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri geldiler. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen
telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň
we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy möhüm ähmiýetli waka
öwrüldi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti
bilen 208 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary
ýurtlara 383 wekiliýet gitdi. Geçen ýylda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 2 müň 304-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 676-sy guraldy. 2022-nji
ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 203-sine gol çekildi. Daşary syýasat
edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler we duşuşyklar yzygiderli geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görüldi.
Geçen ýylda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň we olaryň
başlyklarynyň duşuşyklarynyň 9-sy geçirildi. “Türkmenistanyň daşary ykdysady
işini ösdürmegiň 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” hem-de
“Türkmenistanyň 2021 - 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny” we
beýleki degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça işler yzygiderli alnyp
baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga
esaslanýan daşary syýasaty mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy
berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň,
abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini
nygtady.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň 2022-nji
ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly,
2022-nji ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilen giň möçberli maksatnamalary
kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek
hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe
Mejlisiň maslahatlarynyň 5-si geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň
52-si we Mejlisiň kararlarynyň 31-si kabul edildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen,
Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň
wekilleri bilen duşuşyklaryň 45-si geçirildi. Şolaryň hatarynda Russiýa
Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň,
Türkiýäniň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen
duşuşyklar hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi
Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de
zenanlaryň dialogy geçirildi. Bu dialoga Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň
çäklerinde meýilnamalaýyn çäreleriň 20-si guraldy.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara
guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçiren okuw maslahatlarynyň 157-sine
gatnaşdylar. Mejlisiň deputatlarynyň daşary ýurtlara saparlarynyň 22-si
guraldy.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat
şäherinde hem-de welaýatlarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen
bilelikde çagalaryň hukuklary boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Mejlisde
dünýä döwletleriniň kanun çykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary
ösdürilýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň parlamentleriniň 46-sy bilen
ikitaraplaýyn esasda dostluk toparlary döredildi. Deputatlar dürli çärelere,
maslahatlara, duşuşyklara gatnaşyp, wagyz-düşündiriş işlerini yzygiderli
geçirdiler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda Mejlisiň
deputatlarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda durmuş, ykdysady we
medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary
we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan
edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň
ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp,
hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
A.Durdyýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken
Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanan tertipde degişli işler
alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby
kesgitlenildi. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi, galla
we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi,
ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş goraglylygy hem-de
iş bilen üpjün edilişi, ekologik taýdan abadançylygy, ylymly-bilimli, beden we
ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini
ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi, döwlet Baştutanymyzyň içeri hem
daşary syýasatynyň wagyz edilişi ýaly esasy ugurlar boýunça görkezijilere
garaldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Balkan welaýatynyň
Magtymguly etraby ýeňiji diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maglumaty
diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Balkan
welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary
möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hem-de 2023-nji ýylda täze bäsleşigi
yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa
ýene-de söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň şu günki giňişleýin mejlisinde
döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgütleriniň hem-de gol çeken
resminamalarynyň möhümdigini nygtady. Bu resminamalar Watanymyzyň mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, türkmenistanlylaryň abadançylyk
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Wise-premýeriň aýratyn belleýşi ýaly, Bitarap
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň esasyny türkmen
halkyna mahsus parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik
ýörelgeleri düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy
boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasynyň doganlyk
halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi munuň subutnamasydyr. Dostlukly ýurduň
ýolbaşçylarynyň hem-de halkynyň adyna çuňňur gynanç bildirildi we medet beriji
sözler beýan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu hepdede Türkiýe Respublikasynyň
Aşgabatdaky ilçihanasyna barmagy döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan
dostlugyň, doganlygyň we özara goldaw bermegiň mizemezdiginiň aýdyň beýany
boldy.
Bellenilişi ýaly, tebigy betbagtçylykdan ejir
çekenleriň arasynda çagalar hem bar. Bu ýagdaýy nazara almak bilen, Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan olara kömek bermek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer,
DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen
jemgyýetinde gadymdan gelýän asylly däpleri pugtalandyrmak ugrunda edýän
tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, kyn pursatlarda
beýleki halklara goldaw bermek däbi türkmen halkynda asyrlaryň dowamynda
nesilden-nesle geçirilip gelýär. Türkmenistan halkymyzyň ganyna siňen
ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, özara goldaw bermek ýörelgelerine eýerip,
Türkiýede köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly weýrançylyklara
getiren tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, doganlyk halka
ynsanperwerlik kömegini iberdi. Türk halky bilen bizi taryhy köklerimiziň,
medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň köpasyrlyk umumylygy baglanyşdyrýar. Gerek
bolsa, biz kömek bermegimizi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda
döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, 2022-nji ýylyň netijelerini
häsiýetlendirdi hem-de şu ýyl ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri
kesgitledi.
Bellenilişi ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti
netijesinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly üstünlikler gazanyldy.
Geçen ýyl bellenen meýilnamalaryň ählisi diýen ýaly ýerine ýetirildi. Döwrebap
kanunlary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler
dowam etdirildi.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini
saklap galdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jemi içerki
önümiň ösüşiniň 6,2 göterim bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da,
bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa
5,7 göterim boldy. Maýa goýumlary 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty, öňki
ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy.
Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş orny döredildi.
Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy.
Ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda
täze ädimler ädildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76
sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Başarjaň
daýhanlar geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün
etdiler.
Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi
netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi özgerýär diýip,
döwlet Baştutanymyz, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik
ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini nygtady.
Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary
ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli
maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeler amala
aşyrylýar, köp sanly çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy
goraýyş, medeniýet we sport desgalary gurulýar.
Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi
bilen, üýtgedip gurmagy gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Şunuň bilen baglylykda,
hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy. Hususy eýeçiligi
we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan bökdençlikler, çäklendirmeler
aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşygy azalýar diýip,
hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl
üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň
we döwlet kömek pullarynyň ýene-de ýokarlandyrylandygy nygtaldy.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy
yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna
agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu
gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň
wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da,
geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek
saýlanandygy bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp,
ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli
çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp
taýýarlaýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan
kabul edilen «2023-nji ýyl - Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara
ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»
atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary
hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Geçen ýyl Merkezi Aziýa we
Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berildi. Biziň ýurtlarymyzda
hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine
tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady boldy.
Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli
giňeltmek bilen, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn
diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda
ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy. Bu bolsa
häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň
ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin
amatly ýagdaýy döretmekdir. Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli
tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de
dowam etdireris.
Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten
sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy,
durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy
netijesinde mümkin boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly
üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň,
pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu
ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip kesgitledik. Bu sözler uly
many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga,
ýaşlarymyzy terbiýelemäge we goldamaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga hemaýat etmelidir,
ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi
biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş
ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şunuň
bilen baglylykda, ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde
kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, ýaş raýatlara
ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almagyň elýeterli bolmagynyň, olary iş bilen
üpjün edip, telekeçiligi ösdürmegiň, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw
bermegiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de ýaşlaryň işine maýa goýumlary
gönükdirmegiň zerur bolup durýandygy bellenildi.
Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy
dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer diýip,
döwlet Baştutanymyz Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça
işleri geçirmegiň hem zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň
ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir
bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler. Häzirki ýaşlar
özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine
geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara
ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek
talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny
eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Şu ýyl üçin örän uly Maksatnama kabul edildi. Şunuň
bilen baglylykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa
goýumlaryň goýulmagyna garaşylýandygy bellenildi. Önümçilik desgalarynyň
gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumy gönükdirmek
meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň
55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard
600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň
özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.
Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1
million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum
Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda
ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat
şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň,
500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk
Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny
tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş
toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz
suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da,
sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara
ediş merkeziniň - Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag
we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke
bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ahal - Balkan we Balkan -
Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat - Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi
we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň,
aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym
arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.
Şu ýyl biz birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp
mukdarda maýa goýumlary goýup başlamalydyrys. Esasy pudaklarda tehnologik
taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge milliardlarça manat
gönükdirmelidiris. Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi,
täze ýaş hünärmenleri taýýarlamagy hem dowam etmelidiris diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda birnäçe halkara
çäreler geçiriler. Beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky
wekiliýetler kabul ediler hem-de birnäçe halkara maslahatlar geçiriler.
Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz
örän köp işi öz içine alýar, ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze
taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur bolup durýar diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet
çekip, 2023-nji ýyl üçin bellenen täze sepgitlere hem ýetiljekdigine berk ynam
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemini jemläp, hemmelere berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi