Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
26.01.2023
Şu gün Mary
welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu
ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm
meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.
Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň
netijeleri barada maglumat berdi. Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen
Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna
degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Milli parlamentiň wekilleri halkara işiň çäklerinde
dürli çärelere, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar
hem-de kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler. Mejlisiň
deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri
bilen bilelikde ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini
alyp barýarlar, Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň
bilelikdäki mejlisinde kabul edilen resminamalaryň many-mazmunyny we taryhy
ähmiýetini düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň
martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek
meselelerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çäre
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir hem-de halkara kadalara laýyk
gelmelidir. Mejlisiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
hünärmenleriniň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň işini
kadalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak
boýunça alyp barýan işleriniň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda
halkara standartlara laýyklykda milli standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek
hem-de ugurdaş düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki
döwürde standartlaşdyrmak ulgamynyň okgunly ösýändigini belledi. Esasy pudaklary
döwrebaplaşdyrmakda, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmakda, sarp
edijileriň bähbitlerini goramakda bu ulgama möhüm ähmiýet berilýär. Gullugyň
hünärmenleri tarapyndan ulanylýan ölçegleriň we synaglaryň usullaryny
kämilleşdirmek bu ugurdaky esasy wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady we wise-premýere bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň
wajypdygyny nygtady hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmegiň
öňdebaryjy usullaryny işjeň ulanmagyň, şol önümleriň görnüşlerini giňeltmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekip, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
A.Ýazmyradow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek hem-de mallaryň baş sanyny
artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde görlen çäreler, suwdan rejeli
peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
maldarçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagyň we mallaryň baş sanyny artdyrmagyň ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumyny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny nygtady we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we olary aýawly saklamagyň wajypdygyna
aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz sowuk howa akymynyň gelmegi bilen
baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny
almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça geçirilýän
işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Wise-premýer sebitlerde ýazky ekişe görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji
ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda”, şeýle-de “Oba hojalyk
tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak
hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Şol resminamalara laýyklykda, şu
ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1
million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde,
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz
öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizdäki
möwsüm üçin geçirilýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň, oba hojalyk tehnikalaryny we
enjamlaryny öz wagtynda taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz
degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ç.Purçekow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we
senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýän himiýa
pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde berilýän goldawyň
netijesinde ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly täze
kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, täze iş orunlary döredilýär.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, garyşyk
mineral dökünleri öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa
senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigini
nygtady hem-de wise-premýere pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze
kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan bu ugurdaky toplumlaýyn işlere
gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini döretmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň
işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli
söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli
gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda
aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz uly senagat
kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini durmuşa
geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň
abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde söwda öýlerini açmak bilen
baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, şu
ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we
Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri,
döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki
çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli
dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet çeperçilik akademiýasynda
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20
ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklaryndaky
konserti guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 12 - 14-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam
Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 - 17-nji fewralda bolsa EYR-nyň
ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň
talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň häzirki
döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer
hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki çärelere we dabaralara
taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip
yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada
hasabat berdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri
esasynda taýýarlanylan meýilnama Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan
üstünlikleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan taryhy
özgertmeleriň, jemgyýetiň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň ähmiýetini
wagyz etmek maksady bilen işlenilip düzüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedowyň kitaplarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek barada
beýan edilen sargytlary durmuşa geçirmek boýunça wagyz-nesihat çärelerini
geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömri we
alyp baran işleri bilen tanyşdyrmak çärelerine aýratyn orun berilýär. Ýaş
alymlaryň arasynda türkmen halkynyň we Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly
Pyraga bagyşlanan ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da,
ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli
duşuşyklary, telegepleşikleri, döredijilik bäsleşiklerini, festiwallary,
olimpiadalary, köpçülikleýin sport çärelerini, halkara innowasion forumlary,
gezelençleri guramak teklip edilýär. Aýry-aýry çäreler milli däpleri, şol sanda
maşgala mukaddesligini aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge bagyşlanar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýaşlary halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda terbiýelemegiň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny
aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň ýaş neslini ýurdumyzyň
jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna giňden çekmegiň wajypdygyny belläp,
wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň
arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň
mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen
Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler
Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji
ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä
kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu
meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä
seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady,
ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has
işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş
diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary
ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni
öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen,
abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen
bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Ýaşlar ylmy ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokarda agzalan Strategiýada
Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy
döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär. Mundan
başga-da, bu Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek maksat edinilýär.
Hususan-da, “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki
ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de
jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk
hasaplanýar. Sport barada aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara
ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurdumyzyň daşary syýasy işinde-de bu
meselä uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz milli ýaşlar konsepsiýanyň
doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky syýasatyň esasy maksadynyň
ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden
ybaratdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil
tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz sport baradaky meselä degip
geçip, “Aziada - 2017-ä” taýýarlyk görmegiň çäklerinde türgenlerimiziň dünýäniň
esasy sport merkezlerinde tejribeli we meşhur tälimçileriň ýolbaşçylygynda
tälim alandyklaryny belledi. Şonuň netijesinde olar bu oýunlarda ajaýyp
üstünlikleri gazandylar. Şeýle tejribe bilim ulgamynda-da ulanylmalydyr. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň, ýurdumyzda okuw sapaklaryny geçmek
üçin meşhur alymlary çagyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Mundan başga-da, ýokary sanly tehnologiýalar ulgamynda
hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň üstünde içgin işlemek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk çäreleri görmegi
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bularyň ählisi ýaşlarymyzyň
aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga, olary dünýä ylmy we täzeçil tehnologiýalar
bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna
laýyklykda, häzirki wagtda bu ulgamda toplumlaýyn işleriň depginini
ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak,
halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda
işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna
halkara standartlara laýyklykda, deňiz we derýa ulagy pudagynyň
dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ulgama dünýäniň
öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary
ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş
zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämigurluşyk ulgamyny
ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli
deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň
özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz
berildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaýa
ideg etmek, ekin meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary,
gowaça tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada
aýdyldy. Hasabatyň dowamynda sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak maksady
bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen, ägirt uly ykdysady
kuwwatdan netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny sebitde
durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň
obasenagat toplumyndaky işleriň barşyny we depginini, olaryň agrotehniki
kadalara laýyk gelmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli
maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmegiň, howa şertleri bilen
baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny
almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sebitde amala aşyrylýan işleriň
ählisiniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidigini we döwrüň talaplaryna
laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde beýleki meselelere-de garaldy we pudaklaryň
ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlis tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Mary
şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi