2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
27.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň
arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da
giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk
derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen
dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine
dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde
we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam
berýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk
derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler
Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni
diýlip yglan edildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan
geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly
düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda
hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk
ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili»
taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen
ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly
goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň
wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak
we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä
döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň
gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen
tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň
rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Täze taryhy
döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk,
ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny,
umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä
ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we
halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik,
ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak,
raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda
terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden,
jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň
ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik
birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan
teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar
edýär:
2025-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi