Türkmenistanyň
Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07.2026
Döwlet
Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar
birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda
yzygiderli ösdürilýär. Ýokary we parlamentara derejedäki özara saparlar munuň
aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň martynda Gruziýanyň
Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi
saparynyň ikitaraplaýyn dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny
bellemek gerek.
Ykdysady
ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Bu ulgamda tagallalary
utgaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparyna
aýratyn orun degişlidir. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň
arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly şertleri döretmek
ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar.
Ulag-logistika
pudagy türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynda wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň
Hazar deňzindäki we Gruziýanyň Gara deňizdäki kuwwatly port düzümleri
ýurtlarymyza Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän «Hazar deňzi - Gara deňiz» multimodal ugry, «Lapis Lazuli» ulag
geçelgesi ýaly möhüm halkara geçelgeler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge
mümkinçilikleri açýar.
Medeni-ynsanperwer
dialog döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup, iki halky
ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Ýurtlarymyz
ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary işjeň ösdürýärler.
Taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Birnäçe
wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen
bezelen Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama
düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary,
şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa
menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň
«Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň
Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň
Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Mihail Kawelaşwili ýörite niýetlenen ýere geçýärler.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet
senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary haly düşelen ýodajyk boýunça ýöräp,
Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Gruziýanyň Döwlet baýdagynyň öňünde
durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.
Iki
ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail
Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň
Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de
çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny
beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň
taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden
peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň iberen
salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola
goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet
Baştutanyny bu waka bilen gutlady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny
yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň
biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy
ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň
Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa -
Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi -
Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy.
Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa
goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurtlarymyzyň
arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa
bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge
taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen
Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda
möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary
ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi
hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge
çagyrdy.
Dostlukly
ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen
Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly
halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça
ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşykdan
soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy
galdyrdy.
Gruziýa
döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Türkmen-gruzin işewürlik
maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze
mähirli garşylady.
Soňra
bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.
Forumda,
ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol
hormatly Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly
hormatdygyny belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň durnukly, ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak,
işewürler üçin täze, giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini
nygtady.
Irakliý
Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda
ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly
bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp,
bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup
durýandygyny belledi.
Gruziýanyň
Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli
duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn
söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini
belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň
başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy
maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede
saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika
pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş»
käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy.
«Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur
bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň
nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris.
Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe
girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň
ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg
bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän
zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy»
diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli
ösdürilýändigini, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel
we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny
aýtdy.
Ýurdumyzda
öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär.
Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta
iberilýär. Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň
netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan
ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup
durýar.
Hormatly
Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz
terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi
çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge,
harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri
peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. “Gara deňziň gruzin kenarynda
Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler
jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap
edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de
Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda
yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle
çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur
alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly
ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý
Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp
gördüler.
Ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga
güýçli itergi bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň
çäklerinde guraldy. Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň
gatnaşmagy onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.
Döwlet
we hökümet Baştutanlary sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen
ykdysadyýetiniň köpugurly kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary
gyzyklanma taraplaryň netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly
mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň
beýanydyr.
«Ekspo
Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, şol sanda Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi,
Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty,
Medeniýet ministrlikleri öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň
Gruziýanyň we tutuş Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny
görkezýär.
Sergi
eksponatlary ýurdumyzyň senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport
mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala
aşyrylýandygyny tassyklaýar. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
durmuşa geçirilýän hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary
ykdysady syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Tbilisidäki giň gerimli çäre diňe bir Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini
dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze özara bähbitli ylalaşyklary
baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, söwda dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak üçin berk binýady döretdi.
Sergi
bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň
Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi