Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze
elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
05.06.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn
energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan - Daşoguz ugry
boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt
bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň
kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan
ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda elektroenergetika
pudagynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmak we berkitmek,
diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen
çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini
hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly
energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. Watanymyzyň
ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary
bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary
woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we
işe girizilýär. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa
üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.
Ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk
işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra
gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz bitewi
halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başyny başlady.
Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň
arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny
üpjün etmelidir. Şonuň netijesinde, energetika pudagynyň işgärleri energiýa
bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere
päsgel bermezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň
ätiýaçlygynyň artmagy içerki sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän
elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary
ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.
Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany
durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe
girizilen Ahal - Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň
gurluşygydyr. Mary - Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem
gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Şu gün
bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan - Daşoguz ugry
boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizilýär.
Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda
dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň
Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy mübärekleýärler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly
aýdym-sazly kompozisiýasy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan
zala barýar. Hormatly Prezidentimiz täze elektroenergetika desgalarynyň işe
girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, şu gün Daşoguz
welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn
birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma
elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyp ulanmaga berilýändigini
belledi. Şeýle hem şu gün Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş
jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary
hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde
gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu şatlykly wakalar
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki
sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek,
türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp
edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy
ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli
energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika
pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň
gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça
işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
nygtaýşy ýaly, maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik
stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän
täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda
işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara
iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň
talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar
ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat
ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz
işledilmegine uly mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini
öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün
we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu
bolsa sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik
energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz sözüni dowam etdi we Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işleriň geljekde-de giň gerimde dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň energiýa
kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly
işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde
goýlandygyna we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.
Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti
netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal - Balkan bölegi 2021-nji
ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary - Ahal bölegi
2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan - Daşoguz böleginiň gurluşygy hem
tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt
bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy. Ýurdumyzda hereket
edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa
geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.
Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen,
Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki
sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň
dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik
berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we zähmetsöýer türkmen energiýa
gurluşykçylaryna bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara
ýüzlenip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň
esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda maksatnamalaýyn
işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş
maksatly desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz
şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin
ähli şertler döredilen. Geljekde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam
etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz Balkan - Daşoguz ugry boýunça ýokary
woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe
girizilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa
ulgamynyň halkalaýyn birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp
ulanmaga berilmegi, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra uly monitorda elektrik energiýasyny öwürmek we
paýlamak üçin hyzmat edýän elektrik beketleri, şeýle hem Daşoguz we Balkan
welaýatlaryny özara birikdirjek täze howa elektrik geçirijisi bilen tanyşdyrýan
ýörite wideofilm görkezildi.
Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan - Daşoguz
elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly
tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek
gerek. Garagumuň üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn
talaplary bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň işgärleriniň işleriniň
dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary gysga möhletlerde
durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we
«Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma elektrik
geçirijisi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky tapgyrynyň
gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Wideofilm tamamlanandan soňra, daşary ýurtly
myhmanlara söz berildi. Olar Türkmenistanyň energetika ministrine enjamlaryň we
bitewi halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini
tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdylar.
Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy
institutynyň baş geňeşçisi, doktor Harald Apel çykyş etdi.
Myhman şu günki şanly waka gatnaşmaga çakylyk üçin
çuňňur hoşallygyny bildirip, Garagum sährasynyň kyn şertlerinde türkmen
energogurluşykçylarynyň şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we
beketlerini gurup, ulanyşa taýýar etmekleriniň bu pudagyň işgärleriniň
jogapkärli işleriň hötdesinden gelip bilýändiklerine, olaryň baý tejribesiniň
bardygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Harald Apel halkalaýyn energoulgamy
gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşuryp,
hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli
durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Soňra GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň
uly mugallymy Bernd Reinhold Rosine çykyş etmek üçin söz berildi.
Ol şu günki dabara gatnaşmak mümkinçiliginiň
döredilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle iri taslamalary üstünlikli
durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny
aýtdy we halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary
netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.
Soňra söz nobaty GFR-iň «DEKRA» institutynyň
sebitleýin direktory hanym Ýulia Otta berildi.
Myhman Türkmenistana gelip görmek we şu günki dabara
gatnaşmak baradaky çakylyga çuňňur hoşallygyny bildirdi we Garaşsyz
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň
Germaniýanyň bu ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.
«DEKRA» Energetika hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan
energetika desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär.
Ýulia Otto halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary
tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany gowşuryp, döwlet
Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet
Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykyp, bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk
sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz
welaýatynyň häkimine gowşurdy.
Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň
bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň,
mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri
arzuw etdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet
Baştutanymyz toý bagyny kesýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz güýjenmesi
500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň işine badalga
beriljek nokada tarap ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz ýolugruna «Daşoguz» elektrik
bekedinde gurnalan döwrebap enjamlary synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine
ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Bu ýerde ýaş hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
mübärekläp, ýurdumyzda döredilen bitewi halkalaýyn energoulgamyň işi barada
gürrüň berdi. Elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we
pudagyň işgärleri baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurdumyzyň energetikleriniň
adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Şol bir wagtyň özünde, baýramçylyk dabaralarynyň
çäklerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda medeniýet we sungat
işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatyndan ýaş
hünärmen sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Balkan - Daşoguz
täze elektrik geçirijisini we bu ugurda gurlan elektrik beketlerini işe
girizmäge ak pata bermegini haýyş edýär.
Ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga
berlendigi we bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň
döredilendigi üçin pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur
hoşallyk bildirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda sarp edijileriň energiýa
üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak bitewi halkalaýyn energoulgamy
döretmäge mümkinçilik berdi.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze elektrik geçirijisiniň we
elektrik beketleriniň ikisiniň işine badalga berýär. Ekranda olaryň
Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna birikdirilýändigi görkezilýär.
Şeýlelikde, elektroenergetika pudagynyň täze, möhüm
desgalarynyň - Balkan - Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we her
biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de
mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek
boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi