Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO - 2025” sergisinde Türkmenistanyň
Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
14.04.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň
çäklerinde “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni
mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli
durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň “EKSPO - 2025” sergisine
gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Bütindünýä “EKSPO”
sergisi ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, täze
tehnologiýalar, medeniýetler bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly
halkara çäredir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi.
Şondan bäri hem bu gözden geçirilişler tejribe alyşmak, gazanylan üstünlikler
bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
“EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň
13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Uzynlygy 2 kilometre
golaý, ini 30 metr, beýikligi 12 metrden 20 metre çenli ýetýän uly halka
şekilindäki agaç desga sergi toplumynyň esasy bölegi bolup durýar. Desganyň
içinde esasy pawilýonlar, şol sanda milli pawilýonlar, şeýle hem halkara
guramalaryň, iri kompaniýalaryň pawilýonlary ýerleşýär. Osaka sergisi
“Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen esasy mowzukda guralyp,
ol “Durmuşy halas etmek”, “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek”, “Durmuşy
birleşdirmek” atly üç kiçi mowzuga bölünýär. Bütindünýä sergisiniň “Durmuşy
halas etmek” mowzugynda saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine
aýratyn üns berilýär. “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” mowzugy
tehnologiýalaryň, bilimiň we innowasiýalaryň adamlaryň mümkinçiliklerini
giňeltmäge ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrýar. “Durmuşy birleşdirmek” mowzugynda
bolsa medeniýete, bilelikdäki döredijilige üns berilýär.
Serginiň “Adamzadyň durmuş
barlaghanasy” konsepsiýasy bilelikde täze pikirleri döretmek we ählumumy
meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk meýdançasyny göz
öňünde tutýar. Onda öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda 5G aragatnaşyk ulgamy,
emeli aň, uçýan awtoulaglar, daşky gurşawa zyýansyz infrastrukturalar,
terjimeçi robotlar, ylmyňdyr tehnikanyň soňky gazananlary tanyşdyrylar.
Bütindünýä sergisiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ýaly
möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Adam bilen tehnologiýalaryň özara
baglanyşygyna aýratyn üns çekiler. Bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, adamlaryň
mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze işläp taýýarlamalar
tanyşdyrylar. Wirtual hakykat, emeli aň, robotlaşdyrylan ulgamlar durmuşyň
dürli ulgamlaryny özgertmek babatda uly kuwwaty açyp görkezer. Şeýle hem
sergide ekologik durnuklylyga möhüm üns berler. Myhmanlar gaýtadan dikeldilýän
energetika, galyndylary gaýtadan işlemek, durnukly oba hojalygy ýaly ulgamlarda
innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.
...Ir bilen hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň
merkezi girelgesiniň öňüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ýaponiýanyň
“EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka,
“EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisiniň Baş komissary Haneda Koji,
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki mähirli
garşyladylar. Binanyň foýesinde döwlet Baştutanymyz “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisiniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy
galdyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz we Ýaponiýanyň “EKSPO - 2025” Bütindünýä
sergisi boýunça ministri dabaranyň geçirilýän ýerine - “Milli günler”
binasyna barýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet senalary
ýaňlanýar, iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylýar. Türkmenistanyň şu gezekki
Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup öz Milli gününi geçirýändigini
bellemek gerek.
Ýaponiýanyň “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka dabarany açyp,
Türkmenistanyň Milli gününiň dabarasynyň geçirilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň
Hökümetiniň adyndan gutlaglaryny beýan etdi hem-de serginiň ilkinji Milli
gününi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Türkmenistan bilen bilelikde bellemegiň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy. “Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki
dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler”
diýip, Ito Ýoşitaka nygtady hem-de Ýaponiýanyň we dünýäniň dürli künjeklerinden
gelen adamlaryň Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görjekdiklerine hem-de
ýurdumyzyň özüne çekijiligi baradaky maglumatlar bilen giňden tanyşjakdyklaryna
ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimize söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz dabara
gatnaşyjylary “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs
ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de
döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisiniň döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady
we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
ýardam edýändigini, ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary,
öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýändigini belledi.
Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.
Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň
esasyny düzmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň Milli
gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli
ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň
biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek
üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli
taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler ýurdumyzyň
senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we
beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu üstünlikleriň
ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen
düýpli özgertmeleriň netijeleridir.
Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň
üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary
ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum
we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa
bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär
diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň Ýaponiýa uzak
möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlarynyň ýurdumyzyň
ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, bu işleri amala aşyrmakda uly
tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine
minnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigini
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini
görkezmegiň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny, şu günki dabaranyň Bütindünýä
sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn belläp,
Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna,
hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi we
hemmeleri “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de
bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Dabarada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar
Watanymyzyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, baý taryhynyň, asylly däpleriniň
waspy ýetirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýaponiýanyň resmi adamlary
Türkmenistanyň milli pawilýonyna bardylar. Pawilýonyň öňünde medeniýet we sungat
ussatlary çykyş edýärler.
Türkmenistanyň pawilýonynyň aýlawly üçburçluk görnüşindäki şekili
täzelenişi, durnukly ösüşi alamatlandyrýar. Binanyň üçegi türkmen halkynyň
gadymy şaý-sepleriniň biri bolan gülýakadan, daşky görnüşi bolsa Garagum
sährasyndan ylham alnyp döredilipdir. Şeýle hem binanyň daşky bezeginde türkmen
halysynyň gölleri, ady äleme dolan ahalteke bedewiniň şekili, gözel
tebigatymyzyň ajaýyp keşbi öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň milli pawilýony
gadymy däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň jemlenýän ýeri bolup, haýran galdyryjy
görnüşleri bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Haly gölleri
ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy barada habar berýän bolsa, Garagum sährasy
türkmen tebigatynyň gözelligini we köpdürlüligini beýan edýär. Pawilýonyň gurluşygynda
ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylypdyr.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet
Baştutanymyz milli pawilýonyň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz we
Ýaponiýanyň resmi adamlary binanyň içine geçýärler. Bu ýerde belent mertebeli
myhmanlara pawilýon barada giňişleýin maglumat berilýär.
Pawilýon üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen
üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady
ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly
ýerleşýär. Bölümde täze tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň giňden
ulanylmagy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň
köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary,
geljegi barada aýdyň düşünje we doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Pawilýon bilen tanyşlyk ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli
baýlyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent
sepgitlerini beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile
tomaşa etmek bilen başlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň
wekilleri ikinji gata barýarlar we ol ýerde Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi eksponatlary bilen
tanyşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Köpetdagyň
ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň
keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki
zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. “Akylly” şäherde halkara ölçeglere
laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin
oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik
ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri - elektrobuslar hem-de elektrotaksiler hereket edýär.
“Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly
ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi
dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş
üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini
üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri, hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin,
smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli
kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga
mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G
enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary
üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine
öwrüldi. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginler
bilen dowam edýär. Taslamanyň çäklerinde azyk harytlaryny, senagat, derman
serişdelerini, lukmançylyk önümlerini öndürjek önümçilik hem-de hyzmat ediş
desgalary gurulýar. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik
toplumlaryny kemala getirmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina
Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda
gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, şol sanda ýokary
ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, dokalmadyk matadan bir gezeklik
agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap
örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeler öndürilýär.
Häzirki wagtda kärhana tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak
babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.
Gurluşyk-senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň iň çalt ösýän
pudaklarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy
enjamlar bilen üpjün edilen binagärlik desgalary, döwrebap edara ediş binalary,
amatly ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär.
Olaryň gurluşygynda bildirilýän talaplara laýyklykda, ýerli howa şertlerine,
ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň
öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda,
içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen
üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän
önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak maksady bilen,
pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, döwrebap
kärhanalar gurulýar.
Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaryň
çäklerinde iri senagat kärhanalarydyr desgalar ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň
ähli sebitlerinde dünýä belli önüm öndürijileriň iň kämil enjamlary bilen
enjamlaşdyrylan döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji
ulgamlar, elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki
şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.
Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli
artmagy döwletimiziň energetika kuwwatyny pugtalandyrmak bilen birlikde,
elektrik energiýasyny goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de
düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda
Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan ýokary
woltly elektrik geçiriji ulgamynyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Bu taslama tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýurdumyzyň
goşan uly goşandy bolar.
Milli himiýa senagatynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Pudagy
ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mallary netijeli peýdalanmaga, içerki bazarda
we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge
gönükdirilendir. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümçilik
kuwwatlyklaryny artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagy
ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler durmuşa
geçirilýär.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň diwarlygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungaty
bilen tanyşdyrylýar. Bu sungat halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny özünde
jemleýär. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak
maksady bilen, täze taryhy döwürde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine
öwrülen gadymy sungatymyzy wagyz etmek babatda giň gerimli işler amala
aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy halyçylyk
sungatyny ösdürmäge täze itergi berildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
mundan beýläk-de pugtalandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady
bilen, täze kärhanalar açylýar, olarda netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertler
döredilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň ýene
biri dokma senagatydyr. Onuň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky
bazarlarda uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň
düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig
maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak
boýunça uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň
döredilmegi halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt
hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga, onuň eksport
kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär. Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan,
dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar
ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde
ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý»,
«Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma
önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa
geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde
hususy pudagyň öňünde azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, import edilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, söwda
hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri
döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp,
döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli,
bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar we halkara
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Medeniýet ulgamy hem türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň
biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak,
taryhy we medeni desgalary goramak hem-de aýawly saklamak boýunça toplumlaýyn
işler durmuşa geçirilýär. Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet
ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, kinokonsert
merkezleri, sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Ýaşlaryň döredijilik
ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň
mümkinçiliklerini açmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler
alnyp barylýar. Her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň
halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine
gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň
halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär.
Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz
käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda
uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça iň täze enjamlar bilen
enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar hereket edýär.
Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy
Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädim
bolup, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak
bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna
çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Bu iri taslama türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini
üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň,
parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegiň hem esasy şerti bolup
durýar.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm
ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
we ylmy esasda ösdürmäge, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi
milli ekerançylyk däpleri bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar.
Seçgiçilik, tohumçylyk ugrunda işleýän ylmy edaralar bilen netijeli
hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Oba hojalykçy alymlaryň, ugurdaş
hünärmenleriň işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti netijesinde oba hojalyk
ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, berkarar döwletimiziň azyk binýady
ygtybarly üpjün edilýär.
Häzirki wagtda halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi
bedewleri ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini
aýawly saklamak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala
aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň
jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Gahryman
Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň möçberli işleri Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ajaýyp ahalteke bedewleri
okgunly ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda
gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr. Behişdi bedewleriň gözelligi,
çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy, duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň,
seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran
galdyrýar. Ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk
ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi-de şu maksatlara gönükdirilendir.
Alabaýlar hem ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň
buýsanjy we şöhratydyr, milli gymmatlygydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary,
hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda türkmen
alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap
saklamak we köpeltmek, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek
boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip
çykyşyny, häzirki günlere gelip ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek
üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasy alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden
wagyz etmek, welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini
alyp barmak, ýurdumyzda, daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini,
bäsleşiklerini guramak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.
Döwletimiziň ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas
mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp
barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylmy-barlag
institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki ugurdaş düzümlerde düýpli
we amaly ylmy barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin ähli zerur
şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna
aýratyn orun berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli
alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy
jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär.
Pawilýonyň çäginde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gazanan üstünlikleri bilen
tanyşdyrýan diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp
kitaplara giň orun berlipdir.
Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan uly
üstünlikler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň
aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk»
Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ähli
welaýatlarymyzda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman
lukmançylyk merkezleri gurlup, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy
döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän
ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge ýardam berýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport infrastrukturasy döredilip,
iri ugurdaş desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş
hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen,
halkara ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala
gelýär.
Pawilýonyň ikinji gatynyň merkezinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň
sergisine aýratyn orun berlipdir. Türkmenistanyň dürli ekoulgamlary özünde
jemleýän gaýtalanmajak ösümlik dünýäsi bar. Dermanlyk ösümlikler türkmen
tebigatynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir. Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli
ylmy-ensiklopedik eserinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş
häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri
giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň köpdürlüligi
halk lukmançylygynyň baý medeni we taryhy däpleriniň kemala gelmegine ýardam
edipdir. Bu ösümlikler diňe bir şypa çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem
nesilden-nesle geçirilip gelinýän medeni mirasyň hem möhüm bölegi bolup durýar.
Ekologiýanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde bu ösümlikleriň goralyp saklanmagy
hem-de öwrenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, lukmançylyk we farmakologiýa
üçin täze gözýetimleri açýar.
Maliýe-ykdysadyýet toplumy tarapyndan milli ykdysadyýetimizi ösdürmek
hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini
ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet
maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze
görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik
işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny
halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk pudagyny
toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmek
boýunça hem maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz sebit we
halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha
pugtalandyrýar. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri yklymyň söwda ýollarynyň
möhüm çatrygynda ýerleşip, halkara ulag ulgamyna goşulyşmaga, deňiz, howa,
demir ýol, awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar - Günbatar we Demirgazyk -
Günorta halkara ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamynyň döredilmegine möhüm
ähmiýet berýär. Munuň özi bu ugurlar boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri
daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Gatnawlaryň möçberini artdyrmak
üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar.
Howa, deňiz ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap infrastrukturasy döredilýär.
Logistikany sazlaşykly hem-de utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler
durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň milli pawilýony bilen tanyşlygyň dowamynda Ýaponiýanyň
wekilleri Türkmenistanyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine
şaýatlyk edýändiklerini bellediler.
Soňra hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň wekilleri türkmen milli
tagamlary we bu ýerde gurnalan çaýhanada türkmen çaýynyň taýýarlanylyşy bilen
tanyşdylar.
Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, özboluşlylygy bilen
tapawutlanýan türkmen aşhanasy halkymyzyň baý medeniýetini we taryhyny beýan
edýän tagamlaryňdyr däpleriň ajaýyp sazlaşygydyr, bereketli türkmen saçagy
bolsa myhmansöýerligiň nyşany bolup durýar. Milli aşhanamyzda gök çaýa aýratyn
orun degişlidir. Halkymyz çaý başynda söhbet etmegi adat edinipdir. Bu bolsa
adamlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Mundan
başga-da, gök çaý adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Ol
ruhubelentligiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar. Adaty hem-de halk
lukmançylygynda gök çaý iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmak, bedeniň
kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý -
melhem hem ylham” atly kitabynda belleýşi ýaly, çaý içmegi ata-babalarymyz
nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň
on iki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý
içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Çaý hakyndaky täsin pikirlere,
türkmen halk döredijiliginde, edebiýatda ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Şunuň
bilen baglylykda, Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň ýapon diline hem terjime
edilendigini bellemek gerek.
Soňra döwlet Baştutanymyz we Ýaponiýanyň ýokary wezipeli wekilleri
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň birinji gatyndaky sowgatlyk dükany bilen
tanyşýarlar. Onda milli senetçiligimiziň, sungatymyzyň we däp-dessurlarymyzyň
özboluşlylygyny beýan edýän dürli önümler ýerleşdirilipdir. Bu önümler sergä
gelýän myhmanlara halkymyzyň baý taryhy, senetçiliginiň çeperçilik
aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda öndürilýän şeýle
önümler alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Sergide şeýle dükanyň göz
öňünde tutulmagy medeni mirasymyzy gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge, bu
ugurda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga,
halklary ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly
Prezidentimiz Ýaponiýanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyzy pawilýonyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar hem-de bu desga
barada umumy maglumat berýärler.
Ýaponiýanyň pawilýony ýaşaýşyň üznüksizligini alamatlandyrýan tegelek
görnüşinde bolup, ekologik taýdan arassa agaçlardan bina edilipdir. Sergi
tamamlanandan soňra, bu agaçlar beýleki binagärlik taslamalarynda ulanylar. Bu
bolsa sirkulýasiýanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Pawilýon üç bölümden
ybaratdyr. “Geçmiş” atly birinji bölümde Ýaponiýanyň medeniýeti we
däp-dessurlary, durmuş filosofiýasy bilen tanyşdyrylýar. “Häzirki döwür” diýlip
atlandyrylýan ikinji bölümde Ýaponiýanyň tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ulag
we energetika ulgamlarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. “Geljek” atly
üçünji bölümde bolsa emeli aň, robototehnika ýaly geljegiň tehnologiýalary
bilen tanyşdyrylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaşaýyş-durmuş şertlerinde
sirkulýasiýanyň, şol sanda galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetine
bagyşlanan sergi eksponatlary bilen tanyşdyrylýar. Netijeli sirkulýasiýa we
galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi häzirki zaman jemgyýetinde möhüm ähmiýete
eýedir. Munuň özi diňe bir ekologik taýdan jogapkärçilikli çemeleşme bolmak
bilen çäklenmän, eýsem serişdeleri tygşytlamagyň hem wajyp şertidir.
Serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy we gaýtadan işlenilmegi daşky gurşawa
ýetirilýän zyýany azaltmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.
Galyndylary gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy
sirkulýar ykdysadyýet üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de tebigy serişdelere
aýawly çemeleşmek medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ýaşaýyş-durmuş
şertlerinde sirkulýasiýa bir önümçilikdäki galyndylaryň beýleki bir önümçilikde
çig mal hökmünde ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi tebigata ýetirilýän
zyýany azaltmak bilen bir hatarda, täze önümçilikleri döretmek ýaly ykdysady
mümkinçilikleri hem açýar. Netijeli sirkulýasiýa durnukly ösüşiň möhüm şerti
bolmak bilen, tebigy serişdeleri gorap saklamaga, has sagdyn, sazlaşykly
jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.
Ýaponiýanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly
Prezidentimiz pawilýonyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Osakanyň Kansai Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Tokio şäherine
ugrady. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen Tokionyň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi