Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär.
12.04.2022
Şu gün
paýtagtymyzda iri guramanyň - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy
boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň
27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz
ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli
işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanda
telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň
giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek
dabarasynda eden çykyşynda: “Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete
dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri
tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa
ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder” diýip belledi. Bu maksatlara
ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy
mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda” beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen
Gutlagynda-da bu barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň,
hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar
gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini
nygtaýar. “Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli
ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet
bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik
düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam
etdireris” diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Serginiň açylyş
dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen
diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary
ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara
guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.
Döredijilik
toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň
döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň
beýany bolup durýar. Gözden geçirilişiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi
ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli
özgertmeleri, ulgamyň innowasion esaslaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Ykdysadyýetimizi
bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk
hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk,
ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk
esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň
geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde,
ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda
amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu
çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 - 2024-nji ýyllar döwür
üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama
Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş
taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Görülýän çäreler
anyk netijelerini berýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu
ýylyň 3 aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5
göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime
barabar boldy. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ýurdumyzyň zähmet
çekýän ilatynyň ýarysyndan gowragy işleýär.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň 8-nji aprelde geçirilen mejlisiniň
barşynda hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysadyýetde
özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak we
ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän işjeň ornuny üpjün etmek boýunça
maksatnamalaýyn çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Soňky ýyllarda
emele gelen däbe laýyklykda, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden
geçirilişi köp babatda dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler
tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we eksport ugurly önümleriň
önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga
gönükdirilendir.
Sergide
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, “Rysgal”
paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli
döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz
diwarlyklaryny gurnadylar.
Däp bolşy ýaly,
sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk
hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezilýär.
Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga saldamly
goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge -
Türkmenistany daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmegi azaldýan, şol
önümleri beýleki ýurtlara iberýän ýurda öwürmäge çalyşýarlar.
Hususy önüm öndürijiler
oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy
ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary
ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba
hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge
mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň
hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary
önümlerden doldurmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini
artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Oba hojalyk
önümlerini öndürijiler gök we bakja önümleriniň, miweleriň, şol sanda
ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň önümçiligini artdyrýarlar. “Ter”,
“Ýigit”, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetleriniň, “Has”, “Erkin gurluşyk”, “Miweli
ülke”, “Altyn gala gurluşyk”, “Altyn tug”, pawlowniýa agajyny ösdürip
ýetişdirýän “Kanagatly nesil” kärhanalarynyň we beýlekileriň sergide
görkezilýän ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri munuň aýdyň
subutnamasydyr. Telekeçileriň käbiri gözden geçirilişe gatnaşyjylary
ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de
ekologiýa ulgamynda amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrýarlar.
Häzirki wagtda
telekeçiler et-süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, miwe we gök önümleriň
konsentrantlarynyň, miwe suwlarynyň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan
önümleriň, balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň köp görnüşlerini çykarýarlar.
Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy
olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna
şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça
“Hil standart” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen Türkmenistandaky azyk
önümleriniň howpsuzlygynyň seljermesi boýunça ilkinji barlaghana merkezi azyk
önümleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu düzümiň azyk önümleriniň seljermesi
ulgamyndaky ygtyýarlylygy halkara akkreditasiýa tarapyndan ISO/IEС17025:2017
standarty boýunça tassyklanyldy.
Sergide önümleri
hödürleýänleriň hatarynda iri oba hojalyk kärhanalary, guşçulyk, maldarçylyk
hem-de balykçylyk boýunça önümçilik-gaýtadan işleýän toplumlar, gök we bakja
önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän kärhanalar bar. Şolardan balyk ösdürip
ýetişdirýän we gaýtadan işleýän “Hazar balyk” toplumyny, “Ak toprak”
kärhanasyny, “Hoş zaman” guşçulyk fermasyny, “Elin balyk”, “Bereketli”, “Toý
zaman” “Altyn hilal” hojalyk jemgyýetlerini, “Nurly meýdan” daýhan hojalygyny
görkezmek bolar.
Sergide “Hasar”,
“Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalary, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan” “Ak
gar”, “Datmeni” söwda belgili önümleri çykarýan telekeçiler we beýlekiler
süýji-köke önümlerini görkezýärler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl,
eýsem, onuň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýedir. Olar Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň,
lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Şu ýerde
“Talhan” we “Tomus” nyşanly çörek we çörek önümleri hem görkezilýär.
Sergide
“Zamana”, “Ak çeşme”, “Elin”, “Salkyn”, “Täze aý önümleri”, “Ýüpek ýoly
gurluşyk” söwda belgili süýt önümleri, “Şawat” açyk paýdarlar jemgyýetiniň,
“Sahabatly”, “Gönezlik” hojalyk jemgyýetleriniň we beýleki önüm öndürijileriň
önümleri görkezilýär. “Erteki”, “Täze aý” söwda belgili doňdurmalaryň
görnüşleri ýylsaýyn giňeldilýär. Bu önümler hem eksport ugurly harytlara
öwrüldi.
“Arçalyk”, “Ak
ýol”, “Akdaş miwe içgileri”, “Berk akar” kärhanalary, “Ýakymly kümüş suwy”,
“Miweli oba”, “Binýat”, “Döwür gurluşyk”, “Çäksiz lezzet”, “Mahmal Zip” hojalyk
jemgyýetleri we beýlekiler gök önümlerden, miwelerden öndürilen şireleri hem-de
içgileri, arassa agyz suwuny görkezýärler.
Önümleriniň köp
bölegini daşary ýurtlara iberýän ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhana bolan
“Parahat” hususy kärhanasynyň bölüminde çagalar iýmiti — ýerli arassa çig
maldan öndürilen dürli görnüşli gök we miwe önümleriniň püresi hödürlenilýär.
Kärhananyň diwarlygynda ýurdumyzda meşhur bolan eksport ugurly önümler — “Joş”,
“Eçil” miwe suwlary, “ÖZI”, “ZOR”, “OK”, “TAP” söwda nyşanly içgileriň dürli
görnüşleri, sowuk çaý, pomidor üwmeji hem-de ýerli çig maldan içgileri
taýýarlamak üçin niýetlenen konsentrantlar, uzak wagtlap saklap bolýan süýt we
süýt önümleri, “Däp” nyşanly ýogurtlar görkezilýär. Önüm öndürijiniň täze
önümleriniň hatarynda “Ýeserje” şokolad pastasy bar. Ýakyn wagtda bolsa
ýurdumyzyň söwda dükanlarynda 72 göterimli gara şokolad hem-de körpeler üçin
süýt-däne we süýt-miwe şülesi peýda bolar.
Sergide sanly
ykdysadyýetiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem
tanyşdyrylýar. IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalar -
“Ýokary tilsimatlar” merkezi, “Adyl açar”, “Milli ulgam”, “Awtomatizasiýa
tehnologiýalarynyň merkezi” we beýlekiler öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu
kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw
maksatnamalaryny, «akylly» öýleriň taslamalaryny hödürleýärler. Sergä
ýurdumyzyň esasy onlaýn internet serişdeleriniň biri bolan “Turkmenportal”
ilkinji gezek gatnaşýar. Ol maglumat önümlerini, IT hyzmatlar, marketing hem-de
PR tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezýär.
Sergide gaz we
elektrik plitalary, tagam taýýarlamaga niýetlenen dürli elektrik peçler, daşary
ýurt önümleri bilen mynasyp bäsdeşlik edýän hem-de alyjylaryň islegine eýe
bolan smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzyň durmuş tehnikasyna degişli önüm
öndürijileriniň harytlary görkezilýär. “Abat şekil” kärhanasy bolsa filament
lampalarynyň mümkinçiliklerini görkezýär.
Sergä
gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini
öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen
gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli
artýar. Onda iki sim kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli
monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň
paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar
öndürilýär.
Göwrümi 32
hem-de 42 dýum bolan “Tolkun” suwuk kristal ekranly telewizorlar, degişli
interfeýsi we ulgamlaýyn enjamlary bolan 55 dýumlyk “Zemin” telewizorlary
dünýäniň öňdebaryjy nusgalary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýärler. Şu gün
görkezilen täze harytlaryň hatarynda ýurdumyzda işlenip taýýarlanylan Gün
energiýasynda işleýän ýol yşyklar hem-de ýol belgileri bar. Önüm öndürijiler
olary göni internet ulgamynda resmi saýt arkaly ýerleýärler.
Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň söwda we hyzmatlar ulgamynda
ykjam elektron gollanmalary bolan internet söwdanyň mümkinçilikleri barha
artýar. Şeýle hem harytlary ýerlemek üçin elektron meýdançalaryň
mümkinçilikleri barha giňden peýdalanylýar. Şolaryň hatarynda ulaglaryň
ätiýaçlyk şaýlarynyň we olara degişli serişdeleriň söwdasyny guraýan “Ýakyndar”
onlaýn söwda meýdançasy, “Ynamdar” onlaýn market we beýlekiler bar.
Sergä
gatnaşyjylar podstansiýalaryň, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň,
transformatorlaryň gurnama, ýeňil we düýpli abatlamak işleri boýunça öz
mümkinçiliklerini görkezýän hem-de elektrik enjamlaryny görkezýän, olaryň ähli
görnüşlerini synagdan geçirýän “Türkmen ýyldyzy” kärhanasynyň işi bilen
ýakyndan tanyşdylar.
Gurluşyk
ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. Häzirki döwürde
Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, iri taslamalar, şol sanda Aşgabat şäherini
abadanlaşdyrmak boýunça sargytlary ýerine ýetirmek hususyýetçilere ynanyldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary paýtagtymyzda ýaşaýyş jaý we
kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklaryny, edara ediş we işewürlik
merkezlerini, düzümleýin desgalary gurýarlar. Aşgabat - Türkmenabat ýokary
tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy ýaly iri taslamalary ýerine
ýetirýärler. Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary
“Aşgabat” söwda merkezi toplumyny, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda iri suw
howdanyny ulanmaga tabşyrdylar. Daşoguz welaýatynda haly fabrigi, “Türkmeniň ak
öýi” binasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin
desgalary, Kerki şäherinde Halkara howa menzili hem-de elektrik we gaz gysyjy
beketler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar
guruldy.
Sergide
ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary hil derejesine eýe bolan gurluşyk
serişdeleriniň önümçiliginiň ösdürilmegine goşýan goşandy baradaky maglumatlar
uly orun eýeleýär. “Çaly” hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda
ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Häzirki
zamanyň täzeçil enjamlary bu kärhana dürli desgalaryň gurluşygynda we gaz
magistral turbalaryň önümçiliginde giňden ulanylýan örtük serişdeleriniň
önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.
Diýarymyzda
penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän “Ak hünji” nyşanly önümler
sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün kärhana şeýle önümleriň
200-den gowrak görnüşini öndürýär. Ol dürli göwrümdäki ýörite gaplary öndürmek
arkaly söwda bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda üstünlikli
işleýär. Sergide mebel önümçiliginde zerur serişdeleriň dürli görnüşleri, şol
sanda konselýar önümler, gap ýuwujy serişdeler giňden görkezilýär.
“Derýaplastik”
hojalyk jemgyýetiniň önümleri we alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk
ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl,
eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den
gowragy öndürilýär. Munuň özi ýüzlerçe görnüşli turbalardan, kabellerden, asma
petiklerden, penjireler we gapylar üçin niýetlenen serişdelerden, şeýle hem
jemagat hojalygynda, gurluşykda giňden ulanylýan polietilen hem-de polipropilen
serişdelerinden ybaratdyr. Bu ýerde kafelleriň dürli görnüşleri, faýansdan
santehnika önümleri öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň
özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler “Derýakeramika” söwda nyşany
bilen ýerlenilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde dürli
göwrümli suw gyzdyryjylaryň köp görnüşleri görkezilýär. Ýyladyş ulgamy üçin
niýetlenen alýumin radiatorlar sergide ilkinji gezek goýuldy.
Asma petikleri,
demir profilleri, keramiki plitalary, bazalt süýümini, turbalary, kerpiçleri,
demir-beton gurnamalaryny, suw saklaýjylary, ýuwlan çagly, keramzit, elektrik
kabellerini, şlangalary, ýol ýakalaryna goýulýan daşlary, gury gurluşyk
garyndylaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary öndürýän kärhanalar
senagat pudagynyň ýeten derejesini görkezdiler. Şolaryň hatarynda “Ak bulut”,
“Ak gaýa”, “Saka” hojalyk jemgyýetleri, “Gujurly inžener”, “Hindiwar”, “Berk
önüm”, “Algap” kärhanalary, sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Sapaly jaý” hususy
kärhanasy we beýlekiler bar.
Sergide ulag we
logistik hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň
üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag ekspeditorçylyk
hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy we beýlekiler
bar. Ýük daşamak bilen meşgullanýan telekeçileriň hödürleýän hyzmatlarynyň
görnüşleri köpelýär. Olar harytlary daşamak, intermodal gatnawlary ýola goýmak,
harytlary gaplamak, saklamak hem-de beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Bu
ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň çäklerinde ulag-logistika
kompaniýalarynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ýerde durmuş
himiýasy önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Sintetik ýuwujy,
zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika we parfumeriýa ulgamynda önüm öndürýän
“Täç hil” kompaniýasy ýurdumyzyň bazarynda täze önümleri bilen meşhurlyk
gazanýar. Bu ýerde ýuwujy serişdeleriň hatarynda suwuk sabyn, aýna arassalaýjy,
howany tämizleýji, aşhana plitalaryny arassalaýan serişdeleriň, çygly
süpürgiçleriň we polietilen torbalaryň täze görnüşleri görkezilýär. Bu ugurda
“Ýeke damja” kärhanasy önümlerini ilkinji gezek görkezýär.
“Gündogar
şöhlesi” hojalyk jemgyýeti şarikli ruçkalaryň nusgalaryny görkezýär. Bu ýerde
her aýda ruçkalaryň 4 million sanysy çykarylýar. Munuň özi önüm öndürijä bu
haryt bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, ony daşary ýurtlara
hem ibermäge mümkinçilik berýär.
Umuman,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny
açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze
önümleriniň 100-den gowragyny görmek bolýar.
Serginiň baş
maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlary geljegi
uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr.
Suwuklandyrylan gaz, tebigy gazdan karbamid we ammiak, elektrod önümçiligi
boýunça iş alyp barýan kärhanalar ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýeten
derejesini görkezýär.
Sergä gatnaşýanlaryň
birnäçesi halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny artdyrmakda hususy
ulgamyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda dokma önümlerini
hem-de aýakgaplary, döwrebap lybaslary we beýleki zerur önümleri öndürýänler —
“Röwşen”, “Batly gadam” kärhanalary, “Muhammet Balkan”, «Ak suw” hojalyk
jemgyýetleri hem-de olaryň döwrebap önümleri, mekdep ýantorbalaryny, sport
aýakgaplaryny we beýlekileri öndürýän aýry-aýry telekeçiler bar.
Paýtagtymyzda
egin-eşikleri himiki usul bilen arassalaýan “Maýam” kärhanasy uly meşhurlykdan
peýdalanýar. Onuň hünärmenleri durmuş hyzmatlary babatda alyp barýan işlerini
mahabatlandyrýarlar. Bu ýerde sargytlary resmileşdirmek we sowgatlyk güwänama
almak ýola goýlupdyr.
“Abraýly önüm”,
“Köşkli oba”, “Çigildem”, “Belent akaba” ýaly mebel önümçiligini ýola goýan
kärhanalar özleriniň mümkinçiliklerini we ýeten derejesini görkezýärler.
“Abadan haly”
haly kärhanasynyň işi ýurdumyzyň senagat ulgamynda öňdäkileriň hataryndadyr.
Onda dürli görnüşli halylar we özboluşly reňk sazlaşygy bolan palaslar
öndürilýär. Polipropilen ýüplüginden taýýarlanylýan häzirki zaman haly önümleri
diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden
peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, haly önümçiliginde sanly tehnologiýalar işjeň
ulanylýar.
Senetçilik we
amaly-haşam sungatynyň önümçiligi bilen meşgullanýan işewürleriň işleri
halkymyzyň milli medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Sergide ajaýyp halylaryň özboluşly aýratynlyklary, zergärleriň işleri we
keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy
ýadygärlikleriniň nusgalary şekillendirilen milli nusgadaky sowgatlyk önümler
has özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Sergide
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilim ugurly işleri hem görkezilýär.
Onlarça bilim taslamalaryny durmuşa geçirýän telekeçilik mekdebi, birnäçe
okuwlary guraýan, şol sanda daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny
öwredýän hususy bilim merkezleri öz mümkinçiliklerini görkezýärler.
Ýurdumyzyň
telekeçileri hyzmat we söwda ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar hem-de
halkymyza durmuş, mahabat we neşirýat ugurlaryna degişli hyzmatlary
hödürleýärler.
Günüň ikinji
ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda
täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler
kesgitlenildi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça
kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Forumda
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan
işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum
taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi
we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütler
kabul edildi.
Bu serginiň
häsiýetli aýratynlygy onuň dowamynda ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň
baglaşylmagydyr. Şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt
kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna
barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy
bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport
şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna
barabar bolan import şertnamasydyr.
Şunuň bilen
birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36
million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça
şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir. Olar, esasan, dürli
azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir.
Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.
Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän uly goldawynyň, hususy
işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen
telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady
kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň
bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan
bellediler.
Maslahatyň
çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça
“Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemleri-de jemlendi.
Sergi ertir öz
işini dowam eder.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi