Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.01.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk
işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek
hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky taryhy başlangyjy
halkymyzyň arasynda uly goldawa eýe boldy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri
işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda iş
topary döredildi. Raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenilýär hem-de
ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek
bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyljak degişli
kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Konstitusion özgertmeleriň hem-de öňde boljak
bilelikdäki maslahatyň taryhy ähmiýetini düşündirmek we wagyz etmek maksady
bilen, ýerlerde Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik
birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem bu
meseleler boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradiogepleşiklerde
çykyşlar guraldy, syýasy-jemgyýetçilik häsiýetli makalalar çap edildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary
K.Babaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki
maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bilelikdäki maslahaty
geçirmegiň meýilnamasy we onuň gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Guramaçylyk
toparynyň mejlislerinde maslahatyň gün tertibi boýunça göz öňünde tutulýan
meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşi, ýurdumyzyň Hökümeti,
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş hem-de ýerli häkimiýet edaralary,
jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
15-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini hem-de bu ýerde
guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki wagtda 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda
geçiriljek Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy, şeýle hem
onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk
işleri alnyp baryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleri tarapyndan bu ulgamyň
öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň
işleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe hukuk namalaryny
kämilleşdirmek boýunça degişli düzümler tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler
hasabatda beýan edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip
taýýarlanylan, ugurdaş düzümler bilen bellenilen tertipde deslapky ylalaşylan
hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan degişli
resminamalar barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine
gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň
üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara
gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn wezipeleri öz wagtynda,
talabalaýyk ýerine ýetirmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da,
“Türkmennebit” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat
berdi. Häzirki wagtda konsern tarapyndan Hazar deňziniň türkmen bölegindäki
ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek hem-de tehnologik taýdan
çylşyrymly taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze
tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly onuň
düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa
geçirmegiň, pudagy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä
bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň, daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi
hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir
magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde
ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak,
taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji
kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, degişli meseleleri içgin öwrenmegiň we daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal
serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de
wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudagyň kärhanalarynyň doly
kuwwatynda bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky
kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler
durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki
döwürde ýokary tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak esasynda
ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde türkmen dokma
önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige
ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýokary hilli çig mal
bilen üpjün edilmeginiň hasabyna dokma kärhanalarynyň doly güýjünde
işledilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle hem wise-premýer Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda,
ýurdumyzyň önüm öndürijilerine halkara sergilere we işewürlik maslahatlaryna
gatnaşmaklaryna goldaw bermekde döwrebap usullaryň hem-de oýlanyşykly
strategiýanyň ulanylmagyna gönükdirilen işleriniň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady we eksport
kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
giňeltmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň
möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 12 - 14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet
işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet
günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň
eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we
duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin
paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň
döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň
dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň
halklarynyň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, bu döredijilik çäresiniň
ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara
ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly”
diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han
adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy
aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly
maslahatlary, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynda halkara forumy geçirmek meýilleşdirildi. Olara
ýurdumyzyň ýaş alymlary, professor mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda,
Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň,
Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň,
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe
döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary,
ýaş alymlar gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ylym, bilim we täzeçil tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmak, dünýä
jemgyýetçiligini ýurdumyzda möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy işläp
taýýarlamalar bilen tanyşdyrmak üçin, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw
mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça
durmuşa geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle wekilçilikli halkara
forumlaryň ýurdumyzyň ylmynyň ýeten derejesini dünýä ýaýmakda, Watanymyzyň abraýyny
mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp,
döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail
Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna
görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky
gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir hem-de
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde
üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli dürli derejede gol çekilen 320
resminama türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna geçen
ýyl amala aşyran resmi saparynyň barşynda geçirilen gepleşikler netijeli
döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi. Moskwada ýokary derejede
geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi. Ikitaraplaýyn ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde
hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda
Moskwada toparyň 12-nji mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça 15 sany
resminama gol çekildi.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm
ugrudyr. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki
türkmen-rus mekdebi we türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Russiýa
Federasiýasynyň Astrahan oblastynda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky orta
mekdep bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Häzirki
wagtda Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny
gurmak hem-de Türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, strategik hyzmatdaşlyk, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi.
Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky gatnaşyklaryň köp
ulgamlaryny öz içine alýandygyny hem-de oňyn ösüş meýillerine eýedigini
nygtady. Muňa özara haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri bilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete
eýedir. Olar bilen göni işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy. Medeni-ynsanperwer
ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda bilelikdäki
netijeli işiň baý tejribesi toplandy.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere,
DIM-niň ýolbaşçysyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň saparynyň
hem-de RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde
meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,
meýilleşdirilen ähli duşuşyklar we gepleşikler, gol çekilmegi göz öňünde
tutulýan resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmelidir hem-de
hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine
ýardam bermelidir. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýär.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady
özgertmeleriň çäklerinde milli ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini
düzgünleşdirýän hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek
boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki
döwürde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde awiasiýa pudagyna möhüm ornuň
degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi hem-de
ony sanly ulgam arkaly iberip, agentligiň ýolbaşçysyna resminamanyň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we innowasion tehnologiýalary mundan
beýläk-de ösdürmek, şol sanda döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi
ýaly, milli portallaryň işe girizilmegi bilen, ornaşdyrylýan taslamalaryň
netijeliligini üpjün etmekde, olary doly mümkinçiliginde ulanmakda tehniki we
guramaçylyk taýdan birnäçe ugurdaş maksatnamalaýyn çäreleri kabul etmegiň
zerurdygy öwrenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan internet hyzmatlarynyň
görnüşlerini giňeltmek, elektron ulgamlaryň işini üpjün etmek we
düzgünleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Hormatly
Prezidentimiz sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda ähli işleri hil taýdan täze
derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmagyň
möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, şu gün möhüm
meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine
gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly geçirilen mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň
bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi