Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
20.10.2022
Şu gün agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz özbek Liderine duz-çörek hödür edip, gül dessesini gowşurýarlar.
Howa menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni sapar wagtynda belent mertebeli myhman üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki resmi sapary hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar depginli ösüşe eýe boldy. Ýokary, Hökümet hem-de degişli edaralar derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi. Duşuşykda iki goňşy döwletiň Baştutanlary syýasy dialogy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan, diňe bir iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş sebitiň hem bähbitlerine doly laýyk gelýän özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri kesgitlediler.
13-nji iýulda Buhara şäherinde geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň, işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, iki döwletiň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň dowamynda ýurtlarymyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Forumlaryň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek babatda özara bähbitleriň we tagallalaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz welaýatlary hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm, Buhara welaýatlary goşuldylar.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny - Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan işler durmuşa geçirilýär. Umuman, gazanylan ylalaşyklar iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze itergi bermäge gönükdirilendir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlarydyr teklipleri goldamak bilen, köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurtlarymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, suw, ulag we energetika diplomatiýasy, durnukly ösüş ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylmagy meýilleşdirilen bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Iki doganlyk goňşy döwleti asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän giň gerimli medeni çäreler iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabr aýynda Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmek we onuň çäklerinde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, iki ýurduň halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisini, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.
Mahlasy, 21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçiriljek gepleşikler taraplaryň tagallalary bilen netijeli ösdürilýän döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi