Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda
täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
27.05.2022
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän
toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde
bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň - köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş
dabaralaryna gatnaşdy.
Mälim
bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Döwlet adam
üçindir!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ugurlary
Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden
hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan,
öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
Döwrüň
talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary
bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar
paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda iň alys künjeklerinde-de
guruldy we gurulýar. Munuň özi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini
gönüden-göni ýerinde bermäge mümkinçilik döredip, adamyň ömür dowamlylygynyň
artmagyna ýardam berýär. Bularyň ählisi soňky ýyllarda ýurdumyzda halkyň
saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar
etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek babatda uly
üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda alnyp barylýan
maksada gönükdirilen işler dünýä jemgyýetçiliginiň we abraýly halkara
guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň - Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň
Çagalar gaznasynyň we beýleki düzümleriň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar
bilen ýurdumyz işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Şu
günki şanly waka “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilmeginiň dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu
maksatnamanyň çäklerinde türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglerdäki
lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün eden Diýarymyzyň saglygy
goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär.
Awtoulagynda
450 orunlyk welaýat köpugurly hassahanasynyň binasynyň öňündäki meýdança gelen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar
ruhubelentlikde, mähirli garşyladylar. Aýdym-saz we tans döredijilik
toparlarynyň çykyşlary bu ýerdäki baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän köpugurly hassahananyň esasy girelgesiniň
öňünde gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzyň her bir gününiň toý-baýramlara, ýatdan çykmajak ajaýyp
wakalara beslenýändigini belledi. Tutumly işleriň başy başlanyp, asyrlara ýaň
saljak taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Ine,
şu gün hem biz gadymy Daşoguz topragynda ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady
bolýarys. Welaýat merkezinde 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa
hassahanalaryny açyp ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini bu şanly
waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berilýän bu hassahanalar häzirki döwrüň
iň kämil lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün
edildi. Bu enjamlardyr serişdeler Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň,
Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň
we beýleki döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürildi.
Bu
ýerde jemi 1 müň 331 işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli amatly
şertler döredildi. Hassahanalarda işlejek hünärmenler ýurdumyzyň merkezi
lukmançylyk edaralarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetinde, şeýle-de Türkiýe, Russiýa ýaly döwletleriň
öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça birnäçe gezek kämilleşdiriş
okuwlaryny geçip, tejribe topladylar. Umuman, Daşoguz welaýatynda täze gurlup
ulanmaga berlen bu hassahanalarda ilatyň saglygyny berkitmek, keselleri häzirki
döwrüň usullary we tehnologiýalary esasynda bejermek üçin ähli mümkinçilikler
döredildi. Olar ýokary derejeli, köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge
niýetlenendir.
Berkarar
döwletimizde «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur
alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyryp,
keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda bejermäge uly ähmiýet berilýär.
Raýatlarymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllaryň dowamynda
bagtyýar ömür sürmegi üçin tutumly işler amala aşyrylýar. Beden we ruhy taýdan
sagdyn, ata Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek
boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň tagallasy esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu
maksatnama laýyklykda, eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn
durmuşyny üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň
esasy ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow nygtady. Şeýle bolansoň, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň
ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalar, saglyk
öýleridir merkezleri guruldy we gurulýar. Sport toplumlary, stadionlar, atçylyk
sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş
merkezleri, şypahanalar gurlup ulanmaga berilýär.
Raýatlarymyzyň
sagdyn durmuşy, saglygynyň berkemegi, ömrüniň uzalmagy ýaşaýyş-durmuş şertleri
bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Ähli amatlyklary bolan döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurup ulanmaga berýäris.
Ýaşamak, dynç almak üçin zerur şertleri bolan häzirki zaman şäherçelerinidir
obalaryny döretmek ugrunda möhüm işleri alyp barýarys.
Jemgyýetimizde
sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, keselleriň öňüni almaga we netijeli
bejermäge aýratyn üns bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil
tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak üçin köp mukdarda
serişdeleriň goýberiljekdigini belledi. Şu gün Daşoguz şäherinde açylyp
ulanmaga berilýän, uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjek döwrebap
hassahanalaryň keselleri bejermekde, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda
sebitde esasy merkezlere öwrüljekdigine pugta ynanýaryn diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady we dabara gatnaşyjylary täze hassahanalaryň açylmagy bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de
mähriban halkymyza berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, il saglygy
ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärlerine bolsa alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý
bagyny kesip, binanyň içine girdi. Belent mertebeli myhmany ak ýektaýly çagalar
ajaýyp çykyşlary bilen garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiz hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde
näsaglardyr lukmanlaryň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Ýokary
hilli we köptaraply lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen köpugurly
hassahananyň 4 gatly binalar toplumy 7 bölekden ybaratdyr. Bu ýerde
ýöriteleşdirilen bölümleriň 32-si bar. Olaryň hatarynda maslahat beriş,
fizioterapiýa, endoskopiýa, kelle-beýni gan aýlanyşy bozulan näsaglaryň
(insult) bölümi, infarkt, nefrologiýa, neýrohirurgiýa, rewmokardiologiýa, GBB
keselleri, arterial gipertoniýa, umumy kardiologiýa, pulmonologiýa we
allergologiýa, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş, anesteziologiýa we reanimasiýa,
toksikologiýa we gemodializ, trawmatologiýa we ortopediýa bölümleri bar.
Hassahanada
hirurgiýa bölümleriniň 4-si bolup, olar umumy hirurgiýa, iriňli we ýanyk
keselli näsaglar hirurgiýasy, endokrin hirurgiýa hem-de torokal we
endowaskulýar bölümleridir. Hirurgiýa bölümlerinde kiçi we uly operasiýa
otaglary, sanjym otaglary, aýratynlykda sargy otaglary bar. Operasiýa otaglary
örän çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýän kämil enjamlar bilen
üpjün edilipdir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow neýrohirurgiýa bölümine barýar. Bu bölümde
hassalaryň ýatymlaýyn bejergi almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ol oňurga
sütüniniň we oňurga beýnisiniň kesellerini bejermäge, kelle-beýni şikeslerine,
çişlerine çylşyrymly operasiýalary geçirmäge ýöriteleşdirilendir.
Bölümiň
lukmany bejergi alýan raýatlara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin
hassahanada rahat mebelleri hem-de ähli zerur tehniki enjamlary bolan bir we
iki orunlyk oňaýly otaglaryň bardygyny gürrüň berdi.
Lukman
ilatyň saglygyny berkitmäge aýratyn üns berýändigi hem-de dünýä ölçeglerine
laýyk gelýän köpugurly hassahananyň täze binasy üçin hoşallyk bildirip,
hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we Garaşsyz Watanymyzyň
gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow anesteziologiýa we reanimasiýa
bölümine baryp, bu ýerde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary
bilen tanyşdy.
Bölümiň
lukmany 18 hassa niýetlenen anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň esasy
wezipesiniň agyr keselli näsaglara ýokary hilli ýöriteleşdirilen lukmançylyk
kömegini bermekden, hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional
barlaglarynda agyrysyzlandyrmagyň dürli döwrebap usullaryny ulanmakdan hem-de
gaýragoýulmasyz kömek bermekden ybaratdygyny habar berdi.
Ähli
amatlyklary bolan otaglar intensiw bejergi üçin we agyr keselli näsaglara
ýokary hilli seredilmegini üpjün etmäge niýetlenendir. Emeli dem beriş enjamy
kompressor we kompýuter programmasy bilen üpjün edilip, merkezleşdirilen
gözegçilik bekedine birleşdirilendir, şol ýerde näsaglaryň ýagdaýy - gan basyşynyň, dem alşynyň, ýürek urşunyň ýagdaýlary
baradaky hemme maglumatlar jemlenýär. Bu ulgam gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda
lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermäge ýardam edýär.
Döwlet
Baştutanymyza näsag üçin niýetlenen ýatylýan enjam görkezildi. Bu enjamy
elektrik hereketlendirijiniň kömegi bilen dürli taraplara üýtgedip, hassanyň
ýagdaýyna görä amatlylyk berip bolýar. Onuň ýene-de bir aýratynlygy
düşekçeleriniň ýyladyjy häsiýeti hem-de tolkun görnüşinde hereket etmek bilen,
uzak wagtlap bejergi alýan näsaglarda ýaralaryň döremeginiň öňüni almaga ýardam
bermeginde jemlenýär. Şeýle-de bölüm kardiomonitorlar, infuzomatlar,
perfuzorlar we göçme rentgen hem-de ultrases barlag enjamlary bilen doly üpjün
edilendir.
Bölümiň
lukmany hormatly Prezidentimize uzak we bagtyýar ömür arzuw edip, adamlaryň
saglygyny goramakda bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz operasiýa bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen
tanyşdy.
Operasiýa
bölümi umumy hirurgiýa, urologiýa, ortopediýa, trawmatologiýa, kardiologiýa,
neýrohirurgiýa we göz kesellerini bejermäge ýöriteleşdirilendir. Operasiýa
zallarynyň üpjünçiligi innowasion häsiýetlidir, kämil lukmançylyk tehnikalary
lukmanlara köpugurly, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge hem-de operasiýadan
soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde
aýratyn düzgünde işleýän we dünýä ölçeglerine gabat gelýän zyýansyzlandyryjy
enjamlar toplumy ornaşdyryldy.
Soňra
hormatly Prezidentimize iň häzirki zaman enjamlary görkezildi.
Innowasion
endoskopik enjamlar az şikesli operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Olaryň
kömegi bilen häzirki zaman usuly arkaly uly bolmadyk kesimler bilen çylşyrymly
operasiýalary geçirmek mümkin, bu bolsa näsaglaryň saglygynyň tiz dikelmegine
ýardam berýär. Rentgen enjamynyň kömegi bilen ýokary takyklykdaky şekilleri
alyp, operasiýa wagtynda näsaga barlag geçirip bolýar.
Soňra
köpugurly operasiýa stoly görkezildi. Ol enjam operasiýa geçirilende näsag we
lukman üçin has oňaýly ýagdaýy saýlamaga mümkinçilik berýär. Gemodinamiki
görkezijileriň işine hem-de anesteziýa döwründe näsagyň örän möhüm ulgamlaryna
gözegçilik etmek üçin operasiýa zallarynda kardiomonitor oturdyldy. Operasiýa
geçirmäge niýetlenen zallar iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Göz keselli
näsaglarda hirurgik bejergileri geçirmek üçin lazer hirurgiýasyna niýetlenen
enjam göz öňünde tutuldy. Ol mikrohirurgik amallary ýerine ýetirmäge
mümkinçilik berýär.
Bölümiň
lukmany ýurdumyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň
ýokarlanmagy ugrunda alyp barýan köptaraply işleri üçin hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw
etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz şu bölümiň litotripsiýa otagyna bardy hem-de onda oturdylan
häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň işi bilen tanyşdy.
Bölümiň
lukmany böwrekdäki daşlardan ejir çekýän näsaglary bejermäge niýetlenen,
Şweýsariýanyň önümi bolan distansion litotripter enjamyny görkezdi. Bellenilişi
ýaly, enjamlaryň aglabasy az inwaziw usullar bilen ynsan saglygyny dikeltmäge
ýardam edýär. Bu enjamlar böwrek we peşew ýollarynyň daş kesellerinden ejir
çekýän hassalary bejermekde ähmiýetlidir.
Bölümiň
lukmany Daşoguzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerini
alamatlandyrýan döwrebap hassahananyň açylandygy üçin ýene-de bir gezek
hoşallyk bildirip, özüniň we kärdeşleriniň ilata ýokary hilli lukmançylyk
hyzmatlaryny hödürläp, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerdäki barlaghanada
ornaşdyrylan innowasion enjamlary synlady.
Bu
bölümde kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika,
immunologiýa otaglary bolup, olarda häzirki zaman lukmançylygynda ýerine
ýetirilýän barlaglaryň döwrebap görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik bar.
Barlaghananyň lukmany döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar bilen
tanyşdyrdy. Olar ýokary takyklygy hem-de geçirilýän barlaglaryň hiliniň
ýokarylygy bilen tapawutlanýar.
Barlaghanada
Germaniýanyň “Human” kompaniýasynyň “HumaStar 200” awtomatlaşdyrylan biohimiýa
enjamy ornaşdyryldy. Onuň kömegi arkaly ganyň düzümindäki ähli fermentleri,
elektrolitleri, beloklary, holesterini we onuň fraksiýalaryny, glýukozany
hem-de glikolizirlenen gemoglobini kesgitläp bolýar.
Soňra
hormatly Prezidentimize “HumaClot Pro” awtomatlaşdyrylan koagulometr
görkezildi. Bu ýokary takyklykdaky enjam ganyň çalt we haýal lagtalanmagyny
irki döwürde anyklamaga, bu keseli derman serişdeleri bilen bejermegi
kesgitlemäge ýardam berýär. Molekulýar biologik we genetik barlaglary geçirmek
üçin doly awtomatlaşdyrylan anyklaýjy PZR enjamy ýerleşdirildi. Bu enjamyň esasy
artykmaçlygy RNK we DNK zynjyrly wiruslary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Munuň
özi keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir.
Köpugurly
hassahananyň barlaghanasynda ganyň süýjüligi, gemoglobin, holesterin, moçewina,
bilirubin we onuň fraksiýalary, peşewde belok, glýukoza, keton, urobilirubin,
eritrositleriň we leýkositleriň mukdary, wirusly gepatit we başga wiruslary
hem-de ýokançlaryň antigenleriniň hil we mukdar taýdan anyklanylyşy ýaly
ekspress-anyklaýyş barlaglary geçirilýär. Barlaghananyň hünärmenleriniň ýokary
bilim derejesi laboratoriýa barlaglaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik
berýär.
Barlaghana
bölüminiň işgäri şeýle döwrebap lukmançylyk edarasynda işlemäge döredilen
mümkinçilik üçin ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza
hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň bagtyýar
durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz şöhle bilen anyklaýyş bölümine bardy. Bu bölüm
lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan kesel anyklaýyş enjamlary
bilen üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyza dünýäde meşhur “Philips Medical
Systems” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomografy görkezildi.
Ýurdumyzda
ornaşdyrylan ilkinji şeýle enjam -
geliýsiz işleýän “Ingenia Ambition 1,5 T” magnit-rezonans tomografy bu bölümiň
esasy daýanjydyr. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bolup, has ownuk şekilleri
görmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, MRT kelle beýniniň dokumasynyň
üýtgeşmelerini, oňurga ýiligini barlamak we beden agzalarynyň gan üpjünçiligini
hem-de işjeň ýagdaýyny, nerw süýümleriniň geçirijiligini barlamakda uly
ähmiýeti bar. Bu enjam agyr näsaglarda we çagalarda barlaglary tiz geçirmäge
ukyplydyr. Enjamyň ýatylýan ýeriniň diametri adatdakydan has giňdir. Bu bolsa
uly agramly we ýapyk giňişlikden gorkýan adamlary barlamaga doly mümkinçilik
berýär.
Hormatly
Prezidentimize “Ingenuiti CT” hem-de “Incisive CT” ýokary tizlikli kompýuter
tomograflary görkezildi. Olar uly agramly näsaglary gözden geçirmäge, şeýle-de
beýleki nogsanlyklary, şol sanda kelle beýniniň çiş kesellerini, gan aýlanyşyň
bozulmalaryny irki döwürde barlamaga we ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu
enjam “FAST CARE” täze innowasion tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Bu bolsa
barlag geçirilende, şöhläniň täsirinden goramaga ýardam edýär. Şeýle hem bu
enjam kontrast serişdesini damaryň içine goýbermek arkaly içki beden
agzalarynda dörän keselleri has takyk anyklamakda möhüm orun eýeleýär.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow densitometriýa otagynyň tehniki
enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Densitometriýa
keseli şöhle arkaly anyklamagyň görnüşleriniň biridir. Bu enjam dünýäde giňden
ýaýran ýokanç däl keselleriň arasynda esasy keselleriň biri bolup durýan
süňkleriň dykyzlygynyň peselmegi netijesinde döreýän osteoporoz keselini irki
döwürde anyklamaga mümkinçilik berýär. Döwrebap enjamyň ornaşdyrylmagy Aral
deňziniň guramagynyň zyýanly täsiri netijesinde ýüze çykýan keselleriň öňüni
almakda we anyklamakda aýratyn orun eýeleýär.
Bölümiň
lukmany sebitde deňi-taýy bolmadyk hassahananyň gurulmagy we işe girizilmegi
üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs
ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Şeýlelikde,
Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň tehniki üpjünçiligi hem-de içgin
seçilip alnan lukmanlaryň ýokary hünär derejesi täze hassahananyň ýurdumyzyň
esasy lukmançylyk merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynamy artdyrýar.
Bu
bölüm ilaty gije-gündiziň dowamynda kabul etmek bilen, keselleri anyklamak we
bejermek merkezleşdirilen kabulhana bölüminde amala aşyrylýar. Bu ýerde
ýerleşen şokrumda gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda we kiçi operasiýa zalynda doly
derejede kömek etmäge zerur şertler döredildi. Aýratyn howply ýokanç keseller güman
edilende, kabul edilýän aýratyn otaglar (izolýator) bar. Şeýlelikde, näsaglary
doly barlagdan geçirip, takyk netije çykaryp bolýar. Keselleriň irki döwürde
anyklanmagy hem-de öz wagtynda bejergä başlanylmagy näsaglaryň ömrüni halas
etmäge, olaryň saglygyny gysga wagtda dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Hassahananyň
maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog,
gulak-burun-bokurdak, urolog, trawmatolog, stomatolog, newropatolog, kardiolog,
endokrinolog, pulmonolog, neýrohirurg, hirurg, angiohirurg lukmany ýaly inçe
hünärmen lukmanlarynyň otaglary bar. Bu bölüm ýokary tehnologiýaly lukmançylyk
enjamlary bilen üpjün edildi. Munuň özi näsaglary kabul etmek, anyklaýyş
işlerini geçirmek, zerur bolan halatlarda has düýpli barlaglary geçirmek we
näsaglary bejermek üçin amatly şertleri döredýär.
Hassahanada
döwrebap sanly ulgam ornaşdyryldy. Ol merkezi hassahanalar bilen aragatnaşyk
saklamaga, lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin zerur bolan maglumatlary
alyşmaga hem-de çylşyrymly ýagdaýlarda dürli meseleleri çözmäge ýardam edýär.
Terapewtik
ugurly ýatymlaýyn bölümlere rewmakardiologiýa, kardiologiýa, ýürek işemiýa
keseli, kelle-beýni gan aýlanyşynyň bozulmasy, arterial gipertoniýa,
newrologiýa, pulmonologiýa we allergologiýa, endokrinologiýa bölümleri
degişlidir. Olaryň her biri 20 we 30 orunlykdyr. Bir we iki adam üçin
niýetlenen ýatymlaýyn otaglarda netijeli bejergi almak üçin amatly şertler
döredildi. Şeýle hem şahsy gigiýena otaglary bar.
Hassahananyň
ähli ýatymlaýyn bölümleri merkezleşdirilen kislorod we nobatçy şepagat uýasyny
çagyrmak ulgamy bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, näsaglaryň barlaglarynyň
netijelerini tiz wagtda lukmanlara ýetirmek maksady bilen, Germaniýanyň
“Aerocom” kompaniýasynyň önümi bolan pnewmatik poçta ulgamy bölümleri özara
baglanyşdyrýan tutuş ulgamy emele getirýär.
Döwrebap
hassahanalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde-de fizioterapiýa we reabilitasiýa
bölümine möhüm orun degişlidir. Ol trenažýorlar, owkalama kreslolary bilen
üpjün edildi. Olar agyr kesellerde, şikeslerde, operasiýadan soňky döwürde
näsaglary dikeltmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde elektroterapiýa,
wakuum we lazer terapiýasy üçin enjamlar ornaşdyryldy. Bu enjamlar saglygy we
işe ukyplylygy dikeltmäge mümkinçilik berip, ilatyň arasynda maýyplygyň öňüni
almaga ýardam berýär. Bu bölüm dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap
fizioterapiýa enjamlary bilen hem enjamlaşdyryldy. Munuň özi köp görnüşli
bejergi çärelerini geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Daşoguz
welaýat köpugurly hassahanasynda öz bölümlerini we welaýatyň çägindäki hassahanalary
gan hem-de onuň önümleri bilen üpjün etmek üçin gan banky hereket edýär. Gan
bankynda jemi 6 orunlyk gan alyş toplumy ornaşdyrylandyr. Bu bölümde gan alyş
enjamlary, gandan leýkositleri, gyzyl gan öýjüklerini we plazmany aýratynlykda
almak üçin doly awtomatlaşdyrylan enjamlar ornaşdyrylandyr. Gan bankynda
ekspress-barlaglary geçirmek üçin analizatorlar we birnäçe goşmaça enjamlar
gurnaldy. Ganlary we plazmalary saklamak üçin gan banky Italiýada öndürilen
sowadyjylardyr doňduryjylar bilen doly üpjün edildi. Bu bölümde edara-ediş
otaglary, dermanhana, merkezleşdirilen sterilizasiýa bölümi hem ýerleşýär.
Döwlet
Baştutanymyz köpugurly hassahananyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulag
serişdeleriniň açarlaryny gowşuryp hem-de açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen
hoşlaşyp, golaýda ýerleşen Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň binasyna
tarap ugrady. Täze desganyň öňündäki meýdançada aýdym we tans döredijilik
toparlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp,
dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny dabaraly
ýagdaýda kesýär we binanyň içine girýär.
3
gatly 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy 59 müň inedördül metr meýdany eýeleýär.
Halkara ülňülere laýyklykda, onkologiýa kesellerini anyklamakda we bejermekde
netijeli kömek bermäge niýetlenen täze merkeziň peýda bolmagy dünýä
lukmançylygynyň ösüşini nazara almak bilen, saglygy goraýşyň wajyp wezipelerini
çözmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Onkologiýa hassahanasy ýokary derejä doly
laýyk gelmek bilen, çalt bejergi işlerini hem-de himiki we toplumlaýyn
terapiýany geçirmäge mümkinçilik berýän zerur gulluklaryň ählisine, ýokary
tehnologiýaly enjamlara eýedir.
Bu
ýerde 9 bölüm: maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, umumy onkologiýa,
gematologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, radiologiýa, himiýaterapiýa,
palliatiw bejeriş bölümleri hem-de barlaghana hereket edýär.
Döwlet
Baştutanymyz tanyşlygy binanyň birinji gatynda ýerleşýän barlaghana bölüminde
gurnalan, gistologik we sitologik barlaglary geçirmäge niýetlenen innowasion
barlaghana enjamlaryny synlamakdan başlady.
Hormatly
Prezidentimize Şweýsariýanyň “Roche Diagnostics” kompaniýasynyň howply täze
döreme öýjükleriniň immunogistohimiki barlagyny öýjükleri reňklemek arkaly
tassyklamak üçin niýetlenen “Ventana Immunohistochemistry” enjamlar toplumy
görkezildi. Bu usul arkaly süýt mäzleriniň, öýkeniň howply täze döremelerinde,
melanomada, limfomalarda howply täze döreme öýjükleriniň immunogistohimiki
görnüşlerini anyklamak bolýar. Bu bolsa şol kesellerde has takyk bejergi
geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, gerek bolan derman serişdelerini saýlamaga
ýardam edýär.
Barlaghana
bölümi Germaniýanyň “Human” kompaniýasynyň ýarymawtomat biohimiki analizatory
bilen enjamlaşdyryldy. Bu enjamyň kömegi bilen ganyň düzümindäki ähli
fermentleri, elektrolitleri, beloklary, holesterini we onuň fraksiýasyny,
glýukozany, glýukolizirlenen gemoglobini barlamak bolýar. “Humastar 200”
analizatory özboluşly beloklary kesgitleýär hem-de antibakterial bejergileriň
netijesini anyklamaga mümkinçilik berýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň “Roche”
kompaniýasynyň polimeraz zynjyr reaksiýasyny (PZR) geçirýän barlag enjamyny
synlady. Bu enjam biohimiki, lukmançylyk-kriminalistik, molekulýar-genetiki
barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Onuň
esasy artykmaçlygy ganyň düzümindäki RNK we DNK zynjyrlarynyň üsti bilen bar
bolan ýokançly wiruslary ýüze çykaryp bilýändiginden ybaratdyr.
Bölümiň
lukmany dünýä ülňülerine laýyk gelýän welaýat onkologiýa hassahanasynyň täze
binasy hem-de adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni
almakda, olary netijeli bejermekde uly ähmiýeti bolan “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Garaşsyz
Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol gatda ýerleşýän mammografiýa
otagyna baryp, bu ýerde gurnalan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy.
Hünärmen
otagyň tehniki üpjünçiligi bilen tanyşdyryp, döwlet Baştutanymyza mammograf
enjamyny görkezdi. Bu enjamyň kömegi bilen süýt mäzlerinde ýüze çykýan howply
we howpsuz täze döremeleri we beýleki keselleri irki döwründe anyklamak bolýar.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu enjam 3D usulda işleýändigi bilen tapawutlanýar.
Ol adamyň bedeniniň gurluşyna laýyklykda, dürli ölçeglerde we görnüşlerde barlaglary
geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bölümiň
lukmany täze hassahanalaryň ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize
ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş
işgärleriniň seçip alan hünärine wepaly bolup, gije-gündiz tutanýerli zähmet
çekjekdiklerine, hemişe halkymyzyň saglygynyň goragynda durjakdyklaryna
ynandyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz kompýuter tomografiýasy otagyna bardy.
Bu
otag Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips” kompaniýasynyň kompýuter
tomografiýasy enjamy bilen üpjün edildi. Bu enjam birnäçe aýratynlyklara eýe
bolup, kelle-beýniniň dokumasynyň üýtgemelerini, irki döwürdäki gan
ýetmezçilik, sowuklama, ownuk zeperlenme ojaklaryny, çylşyrymly damar
kesellerini, bedende howply we howpsuz täze döremeleri irki döwürde takyk
anyklamaga mümkinçilik berýär. Bellenişi ýaly, bu enjam kontrast serişdesini
damaryň içine goýbermek arkaly içki beden agzalaryndaky keselleri ýüze
çykarmaga ukyplydyr. Mahlasy, hassahanada ornaşdyrylan döwrebap enjamlar dürli
keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga hem-de bejerginiň has netijeli usullaryny
kesgitlemäge ýardam edýär.
Bölümiň
lukmany ilatyň saglygy baradaky çäksiz aladasy üçin hormatly Prezidentimize
hoşallyk bildirdi. Onkologiýa hassahanasynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekip,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmäge
goşant goşarlar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze hassahanalaryň gurulmagy
bu aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra
döwlet Baştutanymyz radiologiýa bölümine baryp, howply täze döreme keselini
şöhle arkaly anyklaýyş usuly bilen tanyşýar.
Bölümiň
lukmany hormatly Prezidentimiz bilen mähirli salamlaşyp, “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan hem-de adamyň
saglygynyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna
şaýatlyk edýän täze, döwrebap saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar üçin
hoşallyk bildirdi.
Hünärmen
döwlet Baştutanymyza diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde deňi-taýy
bolmadyk Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips” kompaniýasynyň ýörite enjamyny
görkezdi. Bu enjam anyklanan täze döremelere şöhle bilen bejergi bermezden
ozal, ony simulýasiýa etmekde ulanylýar. Döwrebap tehnologiýalary we programma
üpjünçiligini özüne birleşdirýän bu enjam howply täze döremä beriljek şöhle
bejergisini geçirmekde uly ähmiýete eýedir.
Soňra
lukman ýörite taýýarlanylan wideoşekiller arkaly hormatly Prezidentimize
ABŞ-nyň lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biri bolan “Varian”
kompaniýasynyň sagdyn öýjükleri goramak arkaly diňe syrkaw öýjükleri bejermäge
mümkinçilik berýän innowasion enjamyny görkezdi. Häzirki wagtda munuň özi
howply täze döremeleri bejermekde iň döwrebap enjam hasaplanýar. Ol özüniň oňyn
täsiri babatda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly gyzyklanma döretdi.
Bu enjam aňsat ulanylýandygy, näsag üçin amatlylygy we howpsuzlygy bilen
tapawutlanýar. Bejeriş geçirilen mahalynda, wideokameralar we degişli
aragatnaşyk ulgamy arkaly näsag bilen gürleşip bolýar. Bu ýokary tehnologiýaly
enjam ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ilkinji gezek ornaşdyryldy hem-de
ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Lukman
döwrebap bilim almak we ähli ulgamlarda netijeli işlemek babatda ýaşlara
döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň abadançylygynyň
bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz endoskopiýa otagyna baryp, bu ýerde ornaşdyrylan enjam
hem-de işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Endoskopiýa
bölümi “Olympus” meşhur ýapon kompaniýasynyň fibrogastroduodenaskopiýa üçin
toplumy bilen üpjün edildi. Bu enjam aşgazan-içege ýollarynyň endoskopik
barlagy üçin niýetlenendir. Ol aşgazan-içege ýollaryndaky täze döremeleri,
döremäniň çägini, damarlanyşyny irki döwürde anyklamaga, agzalary
punktirlemäge, biopsiýa almaga, ýerli bejergini hem-de az inwaziw operasiýalary
geçirmäge mümkinçilik berýär. Endoskopiýa häzirki döwürde ýurdumyzyň
lukmançylyk tejribesinde diňe bir keselleri anyklamak maksady bilen däl, eýsem,
gyzylödegiň, aşgazanyň, ýogyn içegäniň, aşgazanasty mäziň, öt çykaryş
ýollarynyň kesellerini bejermekde hem ulanylýar.
Lukman
halkymyzyň saglygyny berkitmäge aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip,
döwlet Baştutanymyza bagtyýar durmuş, abadançylyk we uzak ömür arzuw etdi.
Binanyň
birinji gatyndaky maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde onkolog, rentgenolog,
onkoginekolog, terapewt, gulak-burun-bokurdak, kardiolog lukmanlarynyň
otaglarynyň ýerleşýändigini bellemek gerek. Bu bölümde gysga wagtda keseli
anyklamak işi geçirilip, zerur bolan halatynda, ilkinji lukmançylyk kömegi
berilýär. Otaglar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Munuň özi ýönekeý we
çylşyrymly barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Hassahanada
elektron ulgam ornaşdyryldy. Ol yzygiderli aragatnaşyk saklamaga, beýleki
hassahanalar bilen amaly we nazaryýet babatda maglumatlary alyşmaga,
telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam edýär.
Umumy
onkologiýa bölümi 50 orunlyk bolup, onuň otaglary bir ýa-da iki näsaga
niýetlenendir. Ähli otaglarda diwara berkidilen konsollar, näsaglar üçin
niýetlenen ýörite ýatylýan enjamlar, sowadyjy, telewizor, telefon, şkaf
ýerleşdirildi we olaryň her biri aýratyn sanuzel bilen üpjün edildi.
Hassahananyň
operasiýa bölümi 3 zaldan ybarat bolup, olaryň her biri dürli ugurlara degişli
operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Olar Germaniýanyň “Karl Storz”
kompaniýasynyň wideolaporoskopik sütün enjamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu
toplumyň kömegi bilen garyn boşlugynyň we kiçi çanaklygyň agzalarynyň howply
täze döremeleri boýunça giňeldilen hem-de anyklaýyş operasiýa amallaryny ýerine
ýetirip bolýar. Netijede, näsagyň hassahanada ýatýan döwri we işe ukypsyzlyk
möhleti gysgaldylýar, operasiýadan soňky agyrylardyr gaýraüzülmeler azalýar.
Operasiýa
otagyndaky kömekçi monitor, wideoýazgy ediji bilen üpjün edilen, operasiýalaryň
geçirilmegi üçin niýetlenen mikroskop enjamy we beýleki dürli enjamlardyr
abzallar toplumlary hassahanada dürli çylşyrymly operasiýalaryň ýokary
takyklykda we kämil derejede ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Anesteziologiýa
we reanimasiýa bölümi 12 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi keseli agyr
näsaglara güýçlendirilen bejergi we dikeldiş çärelerini amala aşyrmakdan,
hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional barlaglarynda
agyrysyzlandyrmanyň dürli usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden we
hassahana gyssagly getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk
kömegini bermekden ybaratdyr.
Himiýaterapiýa
bölümi ýatymlaýyn we gatnawly bejergi almak üçin niýetlenendir. Bu bölümde
howply täze döremeli näsaglarda himiýa bejergi, target bejergi, immunobejergi
hem-de gormon bejergi usullaryny ulanmak bilen, konserwatiw bejergi geçirilýär.
Palliatiw
bölümi 10 ýatymlaýyn orundan ybarat bolup, howply täze döremeleriň ötüşen
görnüşleriniň palliatiw bejergilerini geçirmek üçin niýetlenendir.
Hassahanada
100 orunlyk mejlisler otagy, internet bilen üpjün edilen kitaphana, okuw
sapagyny geçmek üçin niýetlenen otag hem bar. Şeýle-de bu ýerde naharhana,
merkezleşdirilen kislorod stansiýasy, ýyladyjy we sowadyjy toplum, hassahananyň
öz awtoulaglary üçin garaž, işgärleriň ulaglary üçin awtoduralga göz öňünde
tutuldy.
Soňra
şu gün ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş edaralaryna halkara güwänamalary
gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly
myhmanlara - meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň we
guramalaryň wekillerine söz berilýär.
Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň Halkara “KTQ International GmbH” guramasynyň
hassahanalaryň ýokary hil gözegçilik dolandyryjysy Jozef Galert Stanislaus şu
günki dabara - dünýä derejesine laýyk
gelýän hassahanalaryň açylyşyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.
Myhman
wekilçilik edýän guramasyndan Daşoguz welaýatynyň köpugurly we onkologiýa
hassahanalaryna halkara güwänamalary uly buýsanç bilen gowşurdy. Olar näsaglara
edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we
aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilikleri dolandyrylyşynyň, iş şertleriniň
halkara standartlara laýyk gelýändigini kepillendirýär.
Soňra
Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň Russiýa
Federasiýasyndaky edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Artýom Padeýskä söz
berildi.
Dünýä
meşhur kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we
ähli türkmen halkyny sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap saglygy goraýyş
edaralarynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, täze hassahanalara “Philips”
kompaniýasynyň güwänamalaryny gowşurdy. Bu güwänamalar olaryň Merkezi Aziýada
kompaniýanyň önümleri bilen üpjün edilen innowasion hassahanalardygyna şaýatlyk
edýär.
Myhman
şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, bu hassahanalaryň açylmagynyň
ilata lukmançylyk kömegini has ýokary derejede bermäge giň mümkinçilikleri
döretjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň halkara
hassahanalar taslama dolandyryjysy Herman Olthaar çykyş edip, şu günki açylyş
dabaralaryna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu saglygy
goraýyş edaralaryna berlen, hassahanada ulanylan enjamlaryň tehniki
häsiýetnamalara we düzgünnamalara doly laýyk gelýändigini kepillendirýän “ISO
9001” hem-de hassahanada ulanylan enjamlaryň we alnyp barlan gurluşyk işleriniň
daşky gurşawa zyýansyzdygy barada “ISO 14001” halkara güwänamalaryny gowşurdy.
Gowşurylan
güwänamalar täze hassahanalaryň ýokary hillidiginiň, olaryň ekologik
howpsuzlygynyň we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen
üpjünçiliginiň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň nobatdaky
ykrarnamasyna öwrüldi.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlary Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde döwrebap
hassahanalaryň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şu
günki ajaýyp waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy
galdyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow onkologiýa hassahanasynyň işgärlerine
ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Daşoguz Halkara
howa menziline bardy we şol ýerden paýtagtymyza ugrady.
Şu
gün S.A.Nyýazow adyndaky etrapda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin
niýetlenen has oňaýly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi. Täze
binalar Daşoguz şäherinden Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda “Türkmen
çarwa” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
4
gatly täze binalar bu ýerde ozal gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem-de dürli
edaralaryň binalary bilen sazlaşyp, özboluşly binagärlik toplumyny emele
getirdi. Jaýlarda ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin zerur şertler
döredildi. Dört otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden gowrakdyr, üç
otagly öýüň meýdany bolsa 170 inedördül metre golaýdyr. Ýaşaýyş jaýlaryna
ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Olarda çagalar üçin niýetlenen oýun
meýdançasy göz öňünde tutuldy.
Dabara
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet
toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr
ýaşlar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Tapawutlanan
gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi