Hormatly
Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi
bilen tanyşdy
13.04.2022
Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür
düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri
bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde
milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik
başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp,
hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda
azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň
ýol açýar.
Soňky ýyllarda
ýola goýlan asylly däbe görä, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden
geçirilişiniň maksady dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler
tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlar, eksport ugurly önümleriň
önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga
gönükdirilendir.
Paýtagtymyzyň
gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan sergide
görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy
D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.
Bu gün
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň
wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik
banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny
durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny
gurnadylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen
tanyşlygynyň dowamynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we
tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň
sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Döwlet
Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun
eýeleýändigini belledi we hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi
ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Munuň özi “Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” görkezilen wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda ýokary
hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan
“Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalarynyň, “Bars”, “Kindi”,
“Oguzhan”, “Ak gar”, “Datmeni” söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň
görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy
ýaly, bu önümler ýokumlylygy we ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi esasynda
dünýäniň talapkär bazarlarynyň uly isleginden peýdalanýar. Olaryň ählisi
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň,
kökeleriň hem-de beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.
Soňky ýyllarda
ýurdumyzda “Talhan” we “Tomus” haryt nyşanly önümler sarp edijileriň uly
isleginden peýdalanýan azyk harytlarynyň hatarynda öz ornuny barha
pugtalandyrýar. “Talhan” söwda nyşanly çörek we çörek önümleri ýurdumyzda
geçirilýän baýramçylyklaryň, bagtyýar halkymyzyň toý-baýramlarynyň we sahawatly
desterhanlaryň baş bezegine öwrüldi. Munuň özi häzirki zaman önümçiligini ýola
goýmak üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawdan netijeli peýdalanýan
telekeçileriň azyk bolçulygyna goşant goşmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak
boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we
hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýändiklerini görkezýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy
G.Orazow bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň
görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylygy bilen gyzyklandy.
Bu ugurda
ýeterlik tejribe toplan işewür hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän
kärhanalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän ýokary hilli et-süýt
hem-de süýji-köke önümleriniň öndürilýändigini gürrüň berdi. Hojalyk
jemgyýetiniň 18 müňden gowrak söwda nokady bolup, onuň düzümlerinde 4 müňe
golaý işgär zähmet çekýär. “Täze aý” haryt nyşanly önümler içerki bazara we
daşary ýurtlara ugradylýar. Şeýle hem işewür hasabatyň dowamynda hojalyk
jemgyýetine degişli 500 sany ýöriteleşdirilen awtoulagyň bardygyny, olaryň
taýýar önümleri söwda nokatlaryna bökdençsiz ýetirýändigini aýdyp, hojalyk
jemgyýetiniň gaýtadan işleýän kärhanalarynda her günde 100 tonnadan gowrak azyk
harytlarynyň öndürilýändigini habar berdi.
Telekeçi häzirki
döwürde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde
alada edilýändigi, telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi
we öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan
beýläk-de ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Ýurdumyzyň
telekeçileriniň süýt, şöhlat önümleriniň täze görnüşlerini öndürýändigini,
doňdurmalaryň, şerbetli içgileriň hem-de örän köp görnüşli şireli suwlaryň hil
babatda ýokary halkara ülňülere doly kybap gelýändigini bellemeli. Bu ugurda
“Ak gar”, “Aý aýdyň”, “Oguzhan” haryt nyşanly önümler ýurdumyzyň bazarlarynda
bolşy ýaly, halkara bazarlarda-da geçginli harytlara öwrüldi. Munuň özi
ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy, olaryň milli
ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmagy hem-de telekeçilik
başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije
berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýetişdirilýän gök
önümleriň we miweleriň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetlidigini belläp, oba
hojalyk önümlerini öndürmekde hem-de gaýtadan işlemekde aýratyn işjeňlik
görkezýän “Sahabatly” haryt nyşanly azyk önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet
Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir
hatarda, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan ýokary derejä, hil babatda
bildirilýän talaplara laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini
belledi. Munuň özi milli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň
eksport kuwwatyny artdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Sergide “Rowaçly
sähra”, “Ýunus”, “Parahat” kärhanalarynyň önümlerine möhüm orun berlipdir.
Ýerli arassa çig maldan öndürilen dürli görnüşli önümleriň hiliniň we ekologik
taýdan arassalygynyň derejesine ýokary baha berilýär.
Häzirki döwürde
türkmen telekeçileriniň dünýäde ilkinjileriň hatarynda pagta çigidinden mesge
ýagyny öndürip başlamagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzyň işewür
düzümleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, önümçilige täzeçil
usullary we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýandygynyň aýdyň netijesidir.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe ýurdumyzda ýokary hilli we ekologik
talaplara doly laýyk gelýän azyk önümleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy, bu
işde telekeçileriň has-da işjeňlik görkezmegi bilen baglanyşykly meseleleriň
yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk
görkezmeleri berdi.
Sergide “Nurly
meýdan”, “Arçalyk” haryt nyşanly önümleriň dürli görnüşleri we beýlekiler
görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň
görnüşleriniň yzygiderli artdyrylýandygyny aňladýar.
Bu ýerde durmuş
himiýasy önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Sintetik ýuwujylar,
zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika we parfýumeriýa ulgamynda önüm öndürýän
“Täç hil” kompaniýasy ýurdumyzyň bazarlarynda täze önümleri bilen meşhurlyk
gazanýar. Hödürlenilýän harytlaryň arasynda ýuwujy serişdeler bolan köpürjikli
suwuk sabynyň, çygly süpürgiçleriň täze görnüşleri, şeýle hem aýna arassalaýjy,
howany tämizleýji, aşhana plitalaryny arassalaýjy serişdeler we polietilen
torbalary bar. Kompaniýa parfýumeriýa önümleriniň 100-den gowrak görnüşini
öndürip, olaryň köp bölegini daşary ýurtlara eksport edýär.
Sergide ulag we
logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de
kompaniýalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag
ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy
we beýlekiler bar.
Ýük daşamak
bilen meşgullanýan telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň görnüşleri
yzygiderli köpelýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň
çäklerinde ulag-logistik kompaniýalaryň işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Köpugurly
sergide häzirki zaman senagat we elektron tehnikalaryny öndürýän “Aýdyň
gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleri görkezilýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň
harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki sim-kartly ykjam
telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki
zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny
sowadýan we gyzdyrýan enjamlar, şeýle hem LED lampalar öndürilýär.
Sergide
görkezilen täze harytlaryň hatarynda ýurdumyzda işlenip taýýarlanylan, Gün
energiýasynda işleýän ýolyşyklar hem-de ýol belgileri, şeýle hem adamyň gözüne
ýaramaz täsiri bolmadyk, halkara ülňülere doly laýyk gelýän lampalar bar. Önüm
öndürijiler olary internet ulgamyndaky resmi saýt arkaly ýerleýärler.
Senetçilik we
amaly-haşam sungatynyň önümçiligi bilen meşgullanýan işewür toparlaryň
agzalarynyň işleriniň halkymyzyň milli medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm
orun eýeleýändigini gürrüň berdi. Sergide ajaýyp halylaryň özboluşly
aýratynlyklary, zergärleriň işleri we keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak
bolýar. Bu ýerde haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça işleýän telekeçi
O.Eýeberdiýewa haly önümleriniň dürli görnüşlerini, torbalary, dutar gaplaryny
öndürmek, halkymyzyň gadymy halyçylyk däplerini, şeýle-de has irki döwürlerde
ulanylan keşdeleri, nagyşlary dikeltmek bilen meşgullanýandyklary barada habar
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň,
bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmelidiginiň
ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli
ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik
başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen döwlet
syýasaty işjeň dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow belledi we hemmelere üstünlik arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hususyýetçiligi mundan beýläk-de ösdürmek
ugrunda yzygiderli alada edýändigi, telekeçilere döwlet tarapyndan zerur
goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ähli
telekeçileriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek
boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, yhlasly zähmeti bilen
milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna
bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň
ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik
berer.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi