Türkmenistanyň
Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
14.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň,
Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak
üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara
bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe
bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga
döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kemala gelen ýörelgeleri, diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri, 30 ýylyň dowamynda ösdürilýän
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýeti has-da berkedi, iki doganlyk
halkyň we döwletiň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ygtybarly
binýadyny döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk Liderini myhmansöýer
türkmen topragynda görmäge şatdygyny belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistan - Azerbaýjan -
Türkiýe görnüşindäki ýokary derejeli şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy
kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli
ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ileri tutulýan
ugurlar barada pikir alşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin
ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýokary we
Hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa
geçirilişiniň barşyna ýokary baha berdiler.
Türkiýäniň ykdysady ulgamda Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşy
bolmak bilen, haryt dolanyşygy we maýa goýumlar babatynda öňdäki orunlaryň
birini eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze, giň möçberli taslamalary
durmuşa geçirmegiň ähmiýetli gurallary hökmünde Hökümetara toparyň we Işewürler
geňeşiniň ähli mümkinçiliklerini herekete girizmegiň zerurdygy nygtaldy.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler. Döwlet
Baştutanlary häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn esasda
işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, amala aşyrylýan bilelikdäki
birnäçe iri taslamalary munuň mysaly hökmünde görkezdiler.
Ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz, möhüm bölegi
hökmünde çykyş edýär, munuň özi iki doganlyk halky birleşdirýän taryhy, ruhy we
medeni umumylyk bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler
Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport
ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary üstünlikli dowam etmäge ygrarlydyklaryny
kanagatlanma bilen bellediler.
Daşary syýasatda, halkara giňişlikde biziň ýurtlarymyz parahatçylygy,
durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy
durmak, ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda işjeň
hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de
Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara goldawyň hem aýdyň şaýatlyk
edýändigini belläp, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan
taraplaryň däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli
ösdürilmegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen
tagallalary we başlangyçlary özara goldamaga üýtgewsiz taýýardyklaryny tassykladylar.
Döwlet Baştutanlary sammitiň gün tertibine
girizilen meselelere degip geçmek bilen, şu gezekki duşuşygyň zerurdygyny we
möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu wakanyň
türkmen-azerbaýjan-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda örän
ähmiýetli boljakdygyny bellediler.
Şu gün taryhy gatnaşyklaryň
üznüksizligine, maksatlaryň umumylygyna, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly
mümkinçiliklere eýedigine garaýyşlardan ugur alnyp, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki
meýilnamalary kesgitleniler. Şunda üç döwletiň dostlukly halklarynyň
bähbitlerine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň röwşen geljegine berk ynam
bildirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglygyny we
jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, türkmen we türk halklaryna bolsa
geljekde hem ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi