Türkmenistanyň
Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
26.12.2022
Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala
aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde
wajyp orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň,
ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Hyzmatdaş
ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara
guramalaryň, abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklaryň
üstünlikli ösdürilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete
eýe bolmagyny şertlendirýär.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň döwletleri bilen
ählumumy maksatlary, taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak, deňhukuklylyk,
ynanyşmak esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini hasaba alyp, guramanyň
işine işjeň gatnaşýar. Birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan
gatnaşyklar taryhyň dowamynda emele gelen dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, sebit we halkara derejedäki wajyp
taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň üstünlikli durmuşa
geçirilmegini şertlendirýär.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg
şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň
resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident
kitaphanasyna tarap ugur aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen
mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň
Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çagyryldy.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň
döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde
bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp,
oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm
asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga
gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Biziň şeýle
dostlukly ýagdaýda ýygnanyşmagymyzyň özi, meniň pikirimçe, GDA giňişliginde
hakyky strategik hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak ruhunda
gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge gyzyklanmalarymyzyň aýdyň
subutnamasydyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy.
Bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly
hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň
arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar. Arkalaşygyň ugry
boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine,
tehnologik garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegine, bilelikdäki
senagat önümçiliginiň hem-de ylmy kuwwatlyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen
utgaşykly çäreler geçirildi. Netijede, GDA döwletleriniň ykdysady we maliýe
özygtyýarlylygy pugtalandyryldy, harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa serişdeleriniň
içerki bazarlary okgunly ösdürildi, sebit derejesinde goşulyşmak meýilleri
çuňlaşdyryldy.
Ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak GDA ýurtlarynyň
hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň
ýurtlarynyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de korrupsiýa garşy göreş boýunça oňyn
hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Prezident W.Putin GDA döwletleriniň
hyzmatdaşlygynyň bir bitewi medeni-ynsanperwer giňişligi saklap galmak,
raýatlaryň arasynda dürli görnüşli alyşmalary giňeltmek ýaly möhüm ulgamy hem
öz içine alýandygyny belledi.
Biziň halklarymyzy, hakykatdan-da, köp zatlar birleşdirýär: umumy taryh,
ruhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň, ýörelgeleriň
çuňňur özara baglanyşygy hem-de elbetde, biziň köp milletli döwletlerimizi
baglanyşdyryjy kuwwatly güýç bolan rus dili diýip, Russiýanyň Lideri
kanagatlanma bilen nygtady we Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyly “Rus
diliniň ýyly” şygary astynda geçirmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin
hemmelere hoşallyk bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän
Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň
çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk
gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini
netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam
edýändigini belledi.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm
wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler
üstünlikli geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar
gazanyldy.
Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna
halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara
gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Umumy
pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýän maksatlara
hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek guramanyň işiniň ähmiýetli
taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň esaslandyrylan gününden bäri oňa
gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň erkine, deňhukuklylyga we
ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar.
Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň däp bolan
gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, bilelikdäki iş boýunça
toplanan tejribäni nazara alyp, oňa netijeli häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleri
pugtalandyrmaga, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini
durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalarynyň üýtgewsiz häsiýete eýedigini
görkezýän çäre bolup durýar.
Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyklyk esasynda gepleşikleri
geçirmek hem-de uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
netijeli meýdança hökmünde garamak bilen, bu guramanyň bar bolan köpugurly
mümkinçiliklerini doly peýdalanmak meselelerinde öňdäki orunlarynyň birini
eýeläp, hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşleriniň
işlenip taýýarlanylmagyna, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm
ugry hökmünde ykdysady ulgamdaky tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekip, gurama
agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamasyny
taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek.
Bu köptaraplaýyn resminama GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda
geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. Ol gurama agza ýurtlaryň
ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, däp bolan söwda-ykdysady
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi
babatda özara gyzyklanmalary tassyklady. Bu Jarnamanyň hyzmatdaşlygyň ulag,
ýangyç-energetika, aragatnaşyk, senagat, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar
ýaly möhüm ugurlarynyň beýany hökmünde kesgitlenen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli
döwür üçin ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ýörelgelerine esaslanýandygyny
bellemeli. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletler hut şu ugurlarda halkara bazarlarda
bäsdeşlige ukyply bolup bilerler hem-de geljekki hyzmatdaşlara netijeli
gatnaşyklaryň bähbitli şertlerini teklip ederler.
GDA-nyň geografik çäklerinden uzaklarda hem gurama agza ýurtlaryň ykdysady
bähbitlerini ilerletmegiň, serhetdeş döwletleriň, goňşy sebitleriň bilelikdäki
taslamalara goşulyşmagynyň möhümdigini belläp, türkmen tarapy şunda, ilkinji
nobatda, üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmelidigine, energiýa serişdelerini
ibermegiň ugurlarynyň giňeldilmelidigine, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar
ulgamlarynyň çekilmelidigine birnäçe gezek ünsi çekdi. GDA ýurtlarynyň
Demirgazyk - Günorta we
Gündogar - Günbatar ugurlary
boýunça durnukly geçelgeleriň döredilmegine işjeň gatnaşmaklary ýokarda
görkezilen ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy şertidir.
Geografik taýdan ýakynlygy hem-de taryhda emele gelen dost-doganlyk
gatnaşyklary bilen birleşen Arkalaşygyň döwletleri hakykat ýüzünde uly
artykmaçlyklara eýedirler, olaryň netijeli peýdalanylmagy ählumumy
abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet
Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, bu gurama geosyýasy hem-de geoykdysady
babatda eýeleýän orunlaryna laýyklykda, yklymda has ähmiýetli orna mynasyp
bolmalydyr. Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasynda
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmalydyr.
Medeni-ynsanperwer ulgam emele gelen oňyn gatnaşyklaryň hökmany möhüm şerti
bolup durýar. Sebäbi ylym we bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy
goraýyş, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ýurtlaryňdyr halklaryň
ýakynlaşmagynyň, olaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň
wajyp şerti bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Türkmenistan parlamentleriň
ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we işjeňleşdirmek, şu
maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini doly
herekete getirmek ugrunda hem çykyş edýär.
Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň, onuň häzirki
zamanyň ählumumy, sebit ýagdaýlaryna ýetirýän oňyn täsiriniň artmagynyň
tarapdarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen
adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler, ozaly bilen, häzirki zamanyň wehimlerine
we howplaryna bilelikde garşy durmak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy,
durnukly ösüşi üpjün etmek babatda deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça
hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellemek gerek.
Arkalaşygyň ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara hormat
goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylyk,
oňyn gepleşikler medeniýetiniň kemala gelmegi, durnuklylygyň we howpsuzlygyň
berkidilmegi ugrunda çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant
goşýarlar. Bu babatda Arkalaşygyň döwletleriniň halkara hem-de sebit
guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellärliklidir. Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň möhüm ähmiýetli Kararnamalaryna
garalanda we olar kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärler
boýunça ses bermekde özara goldaw bermegiň oňyn tejribesi toplandy. 1995-nji
ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasynyň goldanylmagy munuň aýdyň
subutnamalarynyň biridir. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesi geçen ýyllaryň dowamynda
häzirki zaman dünýäsiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmäge goşant goşmakda
özüniň netijeliligini görkezdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda
geçirilen 45-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýene bir
möhüm resminama - 2023-nji ýyly
“Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek
baradaky Kararnama garaldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Ýurdumyzyň öňe süren “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy dünýä
halklarynyň parahatçylykly ýörelgelerini pugtalandyrmakda, umumy
gymmatlyklaryny, dünýägaraýyşlaryny gaýtadan dikeltmekde, halkara gatnaşyklaryň
aýrylmaz şerti hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini kemala
getirmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Bu başlangyjyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere
eýe bolan GDA ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki iri halkara
we sebit düzümlerinde dünýä syýasatyna, hukuk kadalaryna, dialog medeniýetine
hormat goýmagy, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýanlyk
ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek üçin raýdaşlykly çykyş edýändiklerini
görkezýär. Hut şeýle garaýyşlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň durmuşa
ukyplylygyny hem-de çeýeligini üpjün edýär. Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini
we geljegini açýar, GDA-nyň halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm ulgamy
hökmünde hereket etmegini şertlendirýär.
Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň
we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde
toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan
täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene
bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy
döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek,
köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly
syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl
duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde
mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam
bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş
saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline
bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi