Hormatly
Prezidentimiz sebitiň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna
gatnaşdy
21.07.2022
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw
duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa
geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ilkinji nobatda, sebit boýunça
goňşy döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklar,
taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, özara goldaw bermek ýörelgeleri
baglanyşdyrýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň,
durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş etmek bilen, sebit
hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýär.
Sebitiň
diňe bir yklymda däl, eýsem, ählumumy işlerde-de ornunyň barha artýandygy
nazara alnanda, Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini çözmäge
toplumlaýyn, deňeçer çemeleşmesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 2021-nji ýylyň
awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini
ýatlatmalydyrys. Bu duşuşyk syýasy gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň netijeli
häsiýete eýedigini görkezdi. Ýokary derejedäki şeýle çäreler sebit hyzmatdaşlygynyň
barşy we maksady barada giňişleýin garaýyşlary kemala getirmäge, Merkezi
Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýär,
hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, milli ileri tutulýan ugurlary
kesgitlemäge ýardam edýär.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we
Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki mejlisiniň ähmiýeti örän uludyr.
Onda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde göreşmek boýunça
döwletara gatnaşyklary ösdürmek, sebitde ýakynlaşmagyň hem-de ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, ulag taslamalary, azyk howpsuzlygy,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şu günki duşuşygyň netijeleri köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze
itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan
dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde
dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy.
Uçardan düşülýän ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama
düzüldi. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň
Premýer-ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Howa
menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata
şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Sadyr Žaparowyň duşuşygy
geçirildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulag kerweni ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek üçin
niýetlenen binanyň merkezi girelgesiniň öňünde gelip durýar. Türkmenistanyň we
Gyrgyzystanyň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň
öňünde surata düşýärler.
Soňra
gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň geçirilýän ýerine çagyrýar. Şol ýerde Hökümet wekiliýetleriniň
agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.
Prezident
Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza
nobatdaky konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin Gyrgyzystana gelmek hakyndaky
çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň çäklerindäki şu
gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze
itergi berer. Mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary,
deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara goldamak ýörelgeleri şol
hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Dostlukly
ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet
wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýene bir gezek gutlady hem-de Türkmenistanyň
durnukly ösüş ýolunda öňe tarap okgunly hereketini dowam etdirjekdigine ynam
bildirdi. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda dost-doganlyk
gatnaşyklaryny saklaýarlar, iki ýurduň ähli ugurlar boýunça garaýyşlarynyň
ýakyndygy şübhesizdir. Biziň döwletlerimiz şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola
goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler diýip, Prezident Sadyr Žaparow aýtdy we ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, strategik häsiýetini kanagatlanma bilen
belledi.
Dostlukly
ýurduň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşandygyny nygtap,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen mähirli, ynanyşmak ýagdaýyndaky
gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy we iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi.
Gyrgyzystan
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär,
Türkmenistana möhüm ähmiýetli ykdysady hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip,
Prezident Sadyr Žaparow nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanyna Merkezi
Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin
dostlukly ýurda gelmäge çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin
minnetdarlyk bildirip, sammitiň ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň täze
usulydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu sammit Merkezi Aziýa sebitini
ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Sammitiň
çäklerinde Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, has
takygy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda
anyk teklipleriň birnäçesini beýan eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu
günki kabul edilýän çözgütleriň, gol çekiljek resminamalaryň biziň
ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge
ýardam etjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýanyň Liderlerine nobatdaky
duşuşygyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowa Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de tutuş
gyrgyz halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet
Baştutanymyz doganlyk ýurduň Liderine Prezident wezipesine saýlanmagy
mynasybetli gutlaglary üçin hem minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp,
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini
belledi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
ýokary derejesine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyz
döwletara gatnaşyklary giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardyr. Şu ýyl biziň
diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Prezident Sadyr Žaparowy bu sene mynasybetli
gutlady.
Soňra
duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň
durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda,
türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilip,
syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlaryny öz
içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny täze
sepgitlere çykarmak maksady bilen, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň
zerurdygy nygtaldy.
Döwlet
Baştutanlary sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine degip geçip, biziň
ýurtlarymyzyň bäştaraplaýyn görnüşde Merkezi Aziýada has ysnyşykly we
yzygiderli gatnaşyklara taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky
konsultatiw duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu duşuşyk sebit boýunça goňşularyň
umumy meselelerini ynanyşmak ýagdaýynda we içgin ara alyp maslahatlaşmak üçin
netijeli meýdança bolup durýar. Söhbetdeşler döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň
Merkezi Aziýa giňişliginde netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine
ynam bildirdiler. Onuň gün tertibine möhüm meseleler girizildi. Gatnaşyklary
ösdürmekde sebit ýurtlary baý tejribe topladylar.
Dostlukly
döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda
Gyrgyzystana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen
kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Duşuşygyň
ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen
Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini
ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we
rowaçlyk arzuw etdiler.
Soňra
bäş döwletiň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri binanyň eýwanynda dostlarça salamlaşýarlar.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet
Baştutanlarynyň sammitiň resmi banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, uly mejlisler
zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Prezident
Sadyr Žaparow duşuşygy açyp we daşary ýurtly kärdeşlerini myhmansöýer gyrgyz
topragynda mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygyna ilkinji gezek
gatnaşýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň
Baştutanynyň hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini dowam
etdirjekdigine we Türkmenistanyň ösmegine saldamly goşandyny goşjakdygyna pugta
ynam bildirildi.
Soňra
konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar gün tertibini tassykladylar we çykyş etmäge
başladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Prezident Sadyr Žaparowa şu
gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul
edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle-de Merkezi Aziýa
sebitiniň ýurtlarynyň Baştutanlaryna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine
saýlanmagy mynasybetli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenbaşy
şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw
duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup
geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy. Olar biziň sebitimizden hem sowlup
geçmedi.
Howpsuzlygy
üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa
giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe
boldy diýip aýdyp bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howplaryň bardygyny, olaryň dürli
görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýandygyny nygtap, şolaryň esasylary
barada durup geçdi.
Birinjiden,
bu biziň sebitimiziň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga
synanyşykdyr. Biz olaryň nähili netijelere getirýändigini görýäris diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi we munuň bizden jebisligi, bilelikde olara garşy
durmakda aýgytlylygy talap edýändigini aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda
parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet,
jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz
wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygy
tassyklanyldy.
Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň
Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň
bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir.
Üçünjiden,
munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy
gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek
ýaramaz täsiridir.
Dördünjiden,
munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa
halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna
we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň,
garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýokarda
sanalyp geçilen wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny
döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp
biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap
edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan
azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary
etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de güýçlendirmegiň
maksadalaýykdygy bellenildi. Işi utgaşdyrmagy biziň ýurtlarymyzyň daşary
syýasat edaralary bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly öz üstüne
almalydyr. Ýagdaýy hemişe öwrenmek, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri
kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermek
zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli
ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak barada tabşyryklary bermegi
teklip etdi.
Şeýle
hem sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň
döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň
üstünde işlemek, täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir “Özüňi alyp
barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda,
Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine
bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň oňyn maglumat
ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara,
döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly, durnukly ösüşi,
biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky
tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýäris.
Ozalkysy
ýaly, owgan ugrunda bilelikde işlemek sebit howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň
möhüm bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Owganystan bilen
aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky
ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli
ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça
halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we
ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam
etdirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynyň
ahyrynda Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini
goldaýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, halkara
syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki
wagtda medeniýetiň dialogy baradaky meselä ünsi çekip, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň,
deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidirler hem-de bu pikirleri
halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidiklerini belledi.
Häzirki
wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog -
parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi
Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak
baradaky başlangyçlary taýýarlaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu oňyn teklipleriň
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam
bildirýändigini nygtady.
Sebit
gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan
aýyrmak we öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýşymyz aýratyn ähmiýete eýe
bolýar. Şunda gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly
çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady
bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.
Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi
Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni
alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip
bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu ýylyň
güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit
merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmek baradaky başlangyjy
beýan etdi.
Türkmenistanyň
Bitaraplygyna gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm şerti hökmünde garalýar.
Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ornunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň
awtordaş bolmagynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň
ikisi bilen ykrar edilendigi we goldanylandygy bellenildi. Bu ýagdaýy biziň
ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça
halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmak
teklip edildi.
Biziň
ýurtlarymyz bitewi geoykdysady giňişligi emele getirýär. Munuň özi yklymara we
ählumumy işlerde öz ornuna umumy düşünmäge esaslanan hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny, maksatlaryň oýlanyşykly, takyk esaslandyrylmagyny,
olara ýetmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň, artykmaçlyklarynyň ulanylmagyny
göz öňünde tutýar.
Türkmenistan
häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum
hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň
täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek
zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup
durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we biziň ýurtlarymyzyň
tagallalarynyň baş maksada - kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna
gönükdirilip bilinjekdigini we şuňa gönükdirilmelidigini nygtady. Bu düzüm
Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň
ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi. Şunda Türkmenistanyň
Merkezi Aziýa - Hazar deňzi - Gara deňiz we Merkezi Aziýa - Pars aýlagy ulag
ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.
Döwlet
Baştutanymyz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini
ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi.
Bu forum halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny
hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga
gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi
teklip etdi. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle-de onuň daşynda, Merkezi
Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň
mümkinçilikleri bilen bagly bolar.
Umuman,
sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny
dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde
goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Energetika
ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge umyt edýäris. Biz eýýäm
iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan - Özbegistan - Gazagystan - Hytaý
gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň
iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin
mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny belledi.
Häzirki
wagtda halkara işewürlik, maliýe institutlary biziň sebitimize üns hem-de
gyzyklanma bildirýärler, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna oňat
düşünýärler. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik üçin amatly ýagdaýy döretmek,
ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa könelişen böwetlerden halas etmek,
Merkezi Aziýany uzak möhletleýin maýa goýumlar üçin özüne çekiji sebite öwürmek
üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Merkezi
Aziýada önümçilik taýdan ýakynlaşmak möhüm meseledir. Biziň ýurtlarymyz uly
tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Olary
birleşdirmek, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini”
döretmek derwaýys mesele bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam
etdi we bu babatda hususy işewürligiň möhüm orun eýelemelidigini belledi.
Biziň
ýurtlarymyzyň maksatlaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermekleri gerek.
Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz gönüden-göni duşuşyp, amatly we
maksadalaýyk ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp
bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda aýdylan Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire
gaýdyp gelmek teklip edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada
aýdyp, Merkezi Aziýanyň dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridigini
nygtady. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde medeni bileleşikleriň
toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklaryny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý
ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki
döwürde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň
wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde
sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar.
Hut
şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary
işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr. Biz ony
Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumy diýip atlandyryp bileris. Şeýle-de bu
ulgamdaky işi höweslendirmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň
medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmegi teklip
edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň
bilen birlikde, ÝUNESKO-daky bilelikdäki işe, şol sanda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi
güýçlendirmäge we işjeňleşdirmäge biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň
aýratyn ugry hökmünde garamak möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp
taýýarlamagy tabşyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýädäki
ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize - umumy taryhy kökleri bolan
goňşy, doganlyk halklara bitewüligi, jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi
hem-de öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy,
abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginler bilen
ösýän hem-de geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli
goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynam bildirip, Türkmenistanyň şu
maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly
döwletleriň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary
mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek işinde sammitiň ähmiýetini
bellediler. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreleri geçirmek, sebitiň ähli
döwletleriniň rowaçlanmagyna, durnuklylygyna ýardam etmek maksady bilen, özara
saparlary amala aşyrmak arkaly köptaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn
ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
Çykyşlarda
şeýle görnüşdäki duşuşyklaryň halkara syýasatyň möhüm şertine öwrülendigi
hem-de özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýanyň ösüşiniň
geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Häzirki
şertlerde bu sammit bäş ýurduň jebisligini görkezýär we olaryň täze wehimlerdir
howplara garşy bilelikde göreşmäge umumy ymtylmasyny tassyklaýar. Biziň
döwletlerimiziň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagy döwrüň talaby bilen
şertlendirilendir we doganlyk halklaryň jana-jan bähbitlerine doly laýyk
gelýändir. Soňky ýyllarda bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy, sebit
hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar.
Duşuşyga
gatnaşyjylar döwletara syýasy gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny
kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň bäşisiniň arasynda
hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine itergi berýär. Sebit howpsuzlygyny üpjün
etmek, köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag-kommunikasiýa ulgamy,
suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, ekologiýa, söwda we maýa goýumlar,
sanlylaşdyrmak, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Biziň
halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň gadymdan gelýän taryhy
däpleriniň bardygyna aýratyn üns berildi. Munuň özi bitewi medeni-ynsanperwer
giňişlik hökmünde Merkezi Aziýanyň ösdürilmegi üçin oňat şert bolup hyzmat
edýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn başlangyçlar beýan edildi.
Merkezi
Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri
boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
Soňra
Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezinde dördünji konsultatiw
duşuşygyna gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Kabul edişligiň
öňüsyrasynda dostlukly döwletleriň Prezidentleri Yssyk-Kölüň kenarynda surata
düşdüler.
Iş
saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Yssyk-Kölüň
Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi