Türkmenistan we Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň
çägini giňeldýär.
14.07.2022
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen
Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýakyn
goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak netijeli halkara
gatnaşyklaryň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Nobatdaky
sapar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet
wezipesinde Özbegistan Respublikasyna ilkinji saparydyr. Munuň özi doganlyk
türkmen we özbek halklarynyň öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk,
birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine
eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Ýokary
derejedäki şu gezekki gepleşikler bar bolan ägirt uly kuwwatdan has netijeli
peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gepleşikleriň barşynda dostlukly
döwletleriň Baştutanlary taraplaryň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyny
işjeňleşdirmäge çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sapara
taýýarlyk görmegiň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulda geçirilen mejlisiniň
gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolandygyny bellemek gerek. Şonda
häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Diňe
2007 - 2022-nji ýyllarda ýokary derejede özara
döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-si guraldy. Olaryň netijeleri ikitaraplaýyn
hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryňdyr
sebit düzümleriniň - BMG-niň, ÝHHG-niň,
GDA-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň,
Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli guralýan
türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etdi.
Türkmenistan
bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk
döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada
parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy
şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki şu günki duşuşyk
diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda däl, eýsem, Merkezi
Aziýa sebitiniň giňişliginde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy nazara almak bilen,
möhüm waka öwrüldi.
Häzirki
wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan
ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil
taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de
amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki giň gerimli taslamalar munuň
aýdyň subutnamasydyr.
Söwda-ykdysady
gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Ikitaraplaýyn haryt
dolanyşygynyň yzygiderli ösmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Iki goňşy ýurduň
netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanmasy
13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň,
Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň
gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de iki döwletiň
amaly-haşam sungatynyň sergisiniň barşynda-da tassyklanyldy. Üstünlikli
geçirilen bu çäreler taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň
subutnamasy boldy.
Duşuşyklarda
häzirki döwürde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň
hem-de Özbegistanyň baý tebigy serişdeleriniň we bar bolan ägirt uly ykdysady,
eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin
uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn nygtaldy. Forumlaryň çäklerinde iki ýurduň
wekiliýetleriniň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyndan has netijeli
peýdalanmakda tagallalary utgaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Soňky
ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara sebit
hyzmatdaşlygynyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň
Lebap we Daşoguz welaýatlary hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm, Buhara
welaýatlary şol hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm orny eýeleýärler.
Iki
ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmek, senagat taýdan
ýakynlaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, iň täze tehnologik işläp
taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça işjeň
tejribe alyşmak türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
durýar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hut şu meseleleriň çözülmegine
ýardam edýär.
Duşuşyklaryň
netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy
yzygiderli giňeltmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol
resminamalara laýyklykda, oba hojalyk we dokma önümleriniň, azyk, gurluşyk
hem-de senagat harytlarynyň eksport-import amallaryny amala aşyrmak göz öňünde
tutulýar. Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Horezm we Buhara welaýatlarynyň
telekeçileriniň arasynda degişli ylalaşyklara gol çekildi. Umuman, gazanylan
ylalaşyklar iki döwletiň we doganlyk halklaryň bähbidine köpugurly gatnaşyklary
ösdürmäge täze itergi berer.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa
menziline gondy. Şanly waka mynasybetli özbek paýtagtynyň howa menzili iki
dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Haly düşelen ýodajygyň
ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.
Uçaryň
öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň
Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra
döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Ýangi Uzbekiston”
seýilgähine tarap ugrady. Bu iri medeni-dynç alyş seýilgähi Özbegistan
Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli açylyp,
Daşkent welaýatynyň Kibraý etrabynda ýerleşýär.
Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy goňşy döwletiň resmi
adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Döwlet
Baştutanymyz “Garaşsyzlyk” ýadygärligine ajaýyp gül dessesini goýýar. Hünärmen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyplygyň aýratynlyklary
bilen tanyşdyrdy.
Heýkel
kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy we azatlygy, hoşniýetliligi hem-de
abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň
keşbi ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we
gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň
eteginde “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik
hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr.
Ýokardan
seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha
uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň bäş sany ileri tutulýan
ugruny alamatlandyrýar. Seýilgähiň merkezi böleginde “Garaşsyzlyk” ýadygärligi
ýerleşýär.
Toplumda
doganlyk özbek halkynyň baý hem-de täsin mirasy, beýik serkerdeleriň we
esgerleriň, alymlaryňdyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Binanyň
barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň
ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk
bilen şekillendirilipdir. Täsin ýadygärlik täze Özbegistany gurmak we üçünji
Gaýtadan döreýşiň binýadyny döretmek pikiri bilen sazlaşýar. Emir Teýmiriň
döwletini we onuň üsti bilen milli döwletliligi alamatlandyrýan mawy gümmez,
Mirzo Ulugbegiň ýyldyzly asmanyň astynda ýaly şekildäki obserwatoriýasy, dünýä
ylmyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik özbek alymlarynyň möhüm ylmy
açyşlary öz beýanyny tapýar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Kuksaroý”
döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.
Günüň
ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kuksaroý” köşgüne
geldi.
Merkezi
girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany özbek Lideri mähirli mübärekledi.
Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, köşgüň öňündäki meýdança
barýarlar. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak
dabarasy boldy.
Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Meýdançada nyzama düzülen Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat
berýär. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden
geçýärler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa
goýýarlar.
Soňra
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň Hökümet
wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Dabaranyň ahyrynda Hormat
garawulynyň esgerleri meýdançadan dabaraly gadam urup geçýärler.
Soňra
iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne girdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata
düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler
geçirildi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Özbegistana döwlet sapary bilen
gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Özbek
Lideri belent mertebeli myhmany şu ýylyň mart aýynda geçirilen Prezident
saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowyň tejribesiniň, biliminiň, güýç-gaýratynyň we liderlik
häsiýetleriniň ähli bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik
berjekdigini belledi hem-de Türkmenistanyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň
abadançylygyna we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen jogapkärli
işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Özbek
Lideri şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň ileri
tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak hem-de uzak möhletleýin döwletara
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.
Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana ilkinji döwlet
saparyna aýratyn ähmiýet berýärler diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady
we şu günki duşuşygyň özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze
sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şol gatnaşyklaryň esasyny däp bolan
dostlukly gatnaşyklar, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we birek-biregi
goldamak ýörelgeleri düzýär.
Duşuşygyň
netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar, gol çekiljek resminamalar toplumy
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köp ugurlarda, şol sanda sebit we halkara derejede
pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, özbek Lideri aýtdy.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge ägirt uly goşandyna ýokary baha berdi.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde iki goňşy ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de Merkezi Aziýa
sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge
çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin dostlukly ýurduň Prezidentine
minnetdarlyk bildirip, nobatdaky saparyň gatnaşyklary has-da berkitmäge, taryhy
doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň umumy maksatlaryna we wezipelerine ýetmäge
ýardam etmelidigini belledi.
Geçen
soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
bilelikde, yzygiderli esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýadyny gurduňyz we
pugtalandyrdyňyz, hyzmatdaşlygyň pugta syýasy, hukuk hem-de dünýägaraýyş
esasyny döretdiňiz, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
bilelikdäki işiň strategiýasyny düzdüňiz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam etdi.
Bu
işler öz mynasyp netijelerini berdi. Türkmenistan hem-de Özbegistan esasy
meseleler boýunça garaýyşlarynyň birdigine ýa-da meňzeşdigine daýanyp, tutuş
dünýäde, Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň
üpjün edilmegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň ykdysady
we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli
goşulyşmagy, tehnologik ösüş, giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi
ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Nobatdaky döwlet sapary ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyga täze itergi bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow nygtady we şu gün Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen
bilelikde bu maksada ýetmek üçin köp işleriň ediljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz özbek Liderini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen
gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri
diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra
gepleşikler giňişleýin düzümde -
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň
gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny
ýene bir gezek özbek topragynda mähirli mübärekläp, umumy taryhy kökleriň we
diniň, diliň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň meňzeşdiginiň özbek-türkmen
gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýandygyny belledi.
Biz
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna halklarymyzyň arasyndaky
köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň berkligi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmagyň dowamatlylygy hökmünde garaýarys diýip, özbek Lideri aýtdy.
Türkmenistan
bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy Özbegistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew
nygtady we şu gün geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigine, iki doganlyk ýurduň strategik
gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna, ony hil taýdan täze derejä
çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Häzirki
döwürde biziň gatnaşyklarymyz ösüş ýolundadyr, ähli ugurlar boýunça okgunly we
yzygiderli ösýär diýip, özbek Lideri belledi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly hyzmatlaryna
ýokary baha berip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki
Türkmenistanyň arhitektory we döredijisi bolup durýandygyny nygtady. Belent
halkara abraýa eýe bolan ýurduň uly üstünlikleri hut Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Dostlukly
döwletiň Baştutany biziň ýurtlarymyzda ýakyn ýyllar üçin söwdanyň möçberini iki
esse artdyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Taraplar himiýa
pudagynda strategik hyzmatdaşlyga ýetilendigine ýokary baha berdiler hem-de
awtomobil gurluşygynda, elektrotehnika, dokma we derman senagatynda, azyk
senagatynda, oba hojalygynda ýakynlaşmagy giňeltmegi meýilleşdirýärler.
Ulag
ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl ýük daşamagyň möçberiniň 17 göterim artandygy
nygtaldy. Bu ýagdaý şu ýylda-da saklanyp galýar.
Çykyşynyň
dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň sebitiň döwletleriniň
özboluşly üstaşyr kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, şol sanda özara
ýeňillikleri bermek babatda amatly şertleriň bardygyna gyzyklanma
bildirýändigini nygtady.
Özbek
Lideri suw-energetika babatdaky gatnaşyklara degip geçip, Suw hojalyk
meseleleri boýunça hökümetara toparyň üstünlikli işini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, şu gün Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň
ähmiýetine aýratyn üns berildi. Munuň özi sebitde suw serişdeleriniň rejeli
ulanylmagyna ýardam eder. Şeýle hem taraplaryň haryt dolanyşygyny artdyrmaga,
senagat taýdan ýakynlaşmagy ösdürmäge çalyşýandyklary bellenildi.
Parlamentara
derejede netijeli gatnaşyklara-da üns berildi. Bu babatda eýýäm bilelikdäki
işiň oňat tejribesiniň bardygy nygtaldy.
Özbegistanyň
Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň medeni çäreleri geçirmek baradaky
teklibiniň wajypdygyny aýratyn belledi. Şol çäreler halklarymyzyň arasyndaky
köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam eder.
Abraýly
halkara we sebit düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň
hem-de beýlekileriň ugry boýunça hyzmatdaşlyga özbek-türkmen syýasy
gatnaşyklarynda möhüm ähmiýet berilýär. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat
Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Özbegistanyň başlangyjy boýunça kabul
edilen Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara baglanyşygyň
pugtalandyrylmagy bilen bagly Kararnamasyny goldamaga işjeň gatnaşandygy üçin
türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Goňşy
ýurduň Lideri sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, owgan meselesi
boýunça tagallalary utgaşdyrmak barada gazanylan ylalaşygy belledi. Şunuň bilen
baglylykda, özbek tarapynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
halkara we sebit syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça bilelikdäki geňeşmeleri
geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyna aýratyn üns çekildi.
Çykyşynyň
ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki gepleşikleriň ägirt uly kuwwata
we giň mümkinçiliklere eýe bolan strategik hyzmatdaşlygy iki doganlyk ýurduň
hem-de olaryň halklarynyň bähbidine täze derejä çykarmaga mümkinçilik
berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul
edendigi hem-de bildiren myhmansöýerligi, duşuşygyň ýokary derejede guralandygy
üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu
meniň Özbegistana ilkinji döwlet saparymdyr. Biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky
gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Bu gün biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli
ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden
ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň
bilen birlikde, häzirki ýagdaýlary we ösüşiň ýollaryny nazara alyp, Merkezi
Aziýa sebitinde, tutuş halkara giňişlikde döwletara gatnaşyklaryň anyk
ugurlaryny kesgitlemek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
türkmen-özbek syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň
many-mazmunynyň hem-de ugurlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna,
ylalaşykly strategiýa we hereketlerimiziň ysnyşykly utgaşmalydygyna, ilkinji
nobatda, olaryň iki halkyň hem-de döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk
gelmelidigine ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu wezipeleri iş ýüzünde
durmuşa geçirmek üçin bizde ähli esaslar bar diýip belledi. Türkmenistan we
Özbegistan sebit hem-de ählumumy ösüşiň iň wajyp meselelerine öz
çemeleşmelerini kemala getirmekde pikirdeşler, jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde
çykyş edýärler.
Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan
tarapyndan BMG-de energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag ulgamynda
hyzmatdaşlyk, beýleki möhüm sebit meseleleri boýunça Türkmenistanyň teklip
edýän Kararnamalarynyň taslamalarynyň goldanylýandygyny minnetdarlyk bilen
belledi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy babatda Özbegistanyň özara hormat
goýmaga esaslanýan garaýşy üýtgewsizdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam
etdi we Özbegistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň döwletimiz tarapyndan
öňe sürlen 17 Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini, Türkmenistanyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda döredilen
Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen
nygtady.
Öz
nobatynda, Türkmenistan özbek tarapyny dürli halkara guramalarda yzygiderli
goldaýar. Ýurdumyz Özbegistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş
Assambleýasynyň Aralýaka sebiti “ekologik innowasiýalar we tehnologiýalar
zolagy” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar. Biz
şeýle-de Özbegistanyň BMG-niň howandarlygynda Ulag-kommunikasion özara
baglanyşyklylygy ösdürmegiň sebit merkezini döretmek hakynda başlangyjyny goldadyk
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Biziň
sebitimiziň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň köp umumy we möhüm ugurlary bardyr
hem-de olaryň ýokary derejede, hut bäştaraplaýyn görnüşde, yzygiderli esasda
ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda işleriň
ösdürilmegine oňyn täsir etmäge, ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak
esasynda ylalaşykly, anyk çözgütleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri
açmaga ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwletara
gatnaşyklarda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti meselesi dünýä syýasatynda we
ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu gün
ählumumy ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hem-de Özbegistan birek-birek bilen
gatnaşyklarda özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini
görkezmek bilen, häzir bu taglymlary halkara giňişlikde işjeň ilerledýärler
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki
wagtda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda 2023-nji ýyly halkara derejede
“Dialog - parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek
hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy”
atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyçlar bilen çykyş edýär
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Özbegistanyň bu oňyn teklipleri
goldajakdygyna ynam bildirdi.
Owganystandaky
ýagdaýlar şu gezekki gepleşikleriň möhüm meselesidir. Türkmenistan özbaşdak,
şeýle-de halkara tagallalar bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy we
durnuklylygy üpjün etmäge, bu ýurduň ykdysady-durmuş taýdan dikeldilmegi üçin
şertleri döretmäge, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge
işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin amatly
halkara şertleri döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, 26-njy iýulda
Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilen Owganystan boýunça halkara maslahaty
möhüm hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow suw we suw-energetika meselesini Merkezi
Aziýa döwletleriniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri
hökmünde kesgitläp, bu meselede türkmen tarapynyň Özbegistan bilen ýakyndan
hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.
Türkmenistan
sebitimizde suw-energetika meselesiniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalary esasynda, her ýurduň bähbidini nazara almak arkaly halkara
guramalaryň, şol sanda BMG-niň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar.
Türkmenistan Aral meselesi boýunça çemeleşmelerinde-de şu maksatlardan ugur
alyp, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçilikleriniň has netijeli
peýdalanylmagy, onuň işiniň pugtalandyrylmagy hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda
çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasy, Araly halas
etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy beýleki ýurtlar, ýöriteleşdirilen
halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistanyň möhüm ykdysady
hyzmatdaşydygyny belläp, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylan
ýokary derejesine, döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugurlary
boýunça hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine ýokary baha berdi.
Söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň
geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 14-nji mejlisinde özara haryt
dolanyşygyny ýakyn ýyllarda ep-esli artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga
gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem senagat taýdan ýakynlaşmagyň “Ýol kartasyny”
işläp taýýarlamak, söwda, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny
peýdalanmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Obasenagat
toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyn gurluşygy, dokma,
derman senagaty pudaklary hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri bolan ugurlar
we pudaklar hökmünde kesgitlenildi.
Ýurtlarymyzyň
işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns
çekildi. Şunda biz türkmen-özbek Işewürlik geňeşiniň netijeli işine bil
baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňky
ýyllarda serhetýaka gatnaşyklar işjeňleşdirildi, goňşy welaýatlaryň arasynda
wekiliýetleriň alyş-çalşygy alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we geçen ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen
Türkmen-özbek serhetýaka zolagyny döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek
hakynda hökümetara Ylalaşygyň tiz wagtda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, himiýa senagaty ulgamynda iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda
hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri şertnamalar baglaşyldy. Hyzmatdaşlygy
ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin
mümkinçilikleri öwrenmek, hususan-da, türkmen kärhanalarynda öndürilýän
karbamidi daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek, Türkmenistanyň çäginde ýoduň,
bromuň we natriý sulfatynyň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek
teklip edildi.
Energetika
ulgamynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine we giňeldilmegine bil baglaýarys
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Biziň umumy
hasabymyzda eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy - Türkmenistan -
Özbegistan -Gazagystan - Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy bar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi we özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde
energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmak, olaryň üstaşyr ugurlaryny
giňeltmek mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Ulag
ulgamy Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we iki ýurduň
arasynda şu ýylyň 5 aýynda demir ýol ulagy boýunça ýük dolanyşygynyň 15 müňden
gowrak wagon birligine, awtoulaglar bilen bolsa 17 müňden gowrak birlige deň
bolandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň
tagallalarynyň baş maksada -
kuwwatly we döwrebap düzümi döretmäge gönükdiriljekdigine ynam bildirildi. Bu
düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň
birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan - Türkmenistan -
Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy
bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr.
Döwlet
Baştutanymyz Özbegistan -
Türkmenistan - Eýran - Oman - Katar
ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda amala aşyrmak boýunça tagallalary
artdyrmagyň möhümdigini belläp, şu maksat bilen ýakyn geljekde taslama
gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramak başlangyjyny öňe
sürdi.
Soňra
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meselä deglip geçildi. Aşgabadyň
merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan “Daşkent” seýilgähiniň
açylyşy çuňňur manyly, möhüm waka bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Daşoguzda türkmen-özbek döredijilik
festiwalyny geçirmegi teklip edip, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer
gatnaşyklaryň, ozalky ýaly, Türkmenistanda giň goldawa eýe boljakdygyny aýtdy.
Özbek
Lideri bilen şu günki duşuşyk, wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen
gepleşikler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň
hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň berk
binýadynda gurulýandygyny, aýdyň, düşnükli ýörelgeler esasynda ösdürilýändigini
görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi. Biziň
hyzmatdaşlygymyz uzak möhletleýin häsiýetli bolup, sebitde we tutuş dünýäde
durnuklylygyň möhüm şertini emele getirýär.
Şu
sapar ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrdy, olaryň
dürli ulgamlarda ösdürilmegini şertlendirdi, mundan beýläk-de bilelikdäki işler
üçin anyk ugurlary görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
nygtady we Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetiniň
ähli agzalaryna geçirilen netijeli işler, Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalary
etmäge taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Giňeldilen
düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda
ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň
«Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Maryazot» önümçilik
birleşiginde (Türkmenistan) abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek hakynda
Çarçuwaly ylalaşyk we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan
Respublikasynyň «Uzkimýosanoat» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda strategik
arkalaşygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet
gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan
Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary
alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri
baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri; Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag
ministrliginiň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda
«Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Узбекистон темир йуллари» paýdarlar
birleşiginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen
Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji
ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk
babatda
2022
— 2024-nji ýyllar üçin Maksatnama we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen
Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç
ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin
hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň
arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak,
goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk; Türkmen-özbek serhetýaka söwda
zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
2022 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat
kooperasiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasy bar.
Ýygnananlaryň
el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama
gol çekýärler.
Döwlet
Baştutanymyzyň goňşy ýurda ilkinji döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Tokaý hojalygy boýunça döwlet komitetiniň arasynda tokaý hojalygy babatda
hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlaryň
işleri boýunça agentliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli
teleradiokompaniýasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin çäreleriň
Meýilnamasyna hem gol çekilendigini bellemek gerek.
Şu
gün Daşkentde iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda mebel toplumynyň,
konditer, himiýa we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada birnäçe
şertnamalara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça
kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala
aşyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Umuman, dostlukly döwletleriň işewür
toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million
dollaryndan gowrak boldy. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň strategik
häsiýete eýediginiň, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, köpugurly
hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň
subutnamasyna öwrüldi.
Resminamalara
gol çekmek tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerini beýan
edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana şu gezekki döwlet saparynyň
halklarymyzyň dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, ynanyşmaga we özara goldawa
esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyny
belledi.
Türkmenistan
biziň iň ýakyn dostumyzdyr, ygtybarly goňşymyzdyr we strategik hyzmatdaşymyzdyr
diýip, dostlukly döwletiň Lideri aýratyn nygtady hem-de žurnalistlere şu gün
many-mazmunly, açyk we düýpli gepleşikleriň geçirilendigini habar berdi. Bu
gepleşikler biziň hyzmatdaşlygymyzy täze, has ýokary derejä çykarar.
Şu
günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary
ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar,
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklarda
depginli ösüşi bellediler. Taraplar meseleleriň giň toplumy babatda pikir
alşyp, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji “Ýol
kartasyny” kabul etmek barada ylalaşdylar.
Biz
syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw, energetika we ynsanperwer ulgamlarda mundan
beýläkki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Bu
çäreleriň toplumynyň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam
berjekdigine pugta ynanýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy hem-de
gepleşikleriň netijeleriniň Bilelikdäki Beýannamada, gol çekilen resminamalaryň
uly toplumynda öz beýanyny tapandygyny belledi.
Türkmenistan
bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň biziň
daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene-de bir gezek nygtamak
isleýärin diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi. Şunuň bilen
baglylykda, dostum we doganym — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek-türkmen
gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan bimöçber goşandyny ýene-de bir gezek
bellemek isleýärin diýip, Özbegistanyň Baştutany aýratyn nygtady. Şeýle-de onuň
halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistanyň depginli we durnukly
ösdürilmeginde bitiren ägirt uly hyzmatyny bellemän geçip bilmerin diýip, özbek
Lideri aýtdy.
Özbegistanda
häzirki wagtda bu parasatly syýasatyň mynasyp dowam etdirilýändigine tüýs
ýürekden begenýärler diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady hem-de Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda doganlyk Türkmenistanda durnukly
durmuş-ykdysady ösüşiň dowam etjekdigine, ilatyň abadançylygynyň barha
ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi.
Söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, däp bolşy ýaly, hyzmatdaşlygymyzyň
ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt
dolanyşygy 5 esse köpeldi. Şu ýylyň ahyryna çenli söwdamyzyň möçberini ABŞ-nyň
1 milliarddan gowrak dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar, orta
möhletleýin geljekde bolsa ony 2 esse köpeltmek bolar. Munuň üçin ähli esaslar
bardyr.
Şunuň
bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti döwrebap düzümli serhetýaka söwda
zolagyny döretmek barada ylalaşylandygyny habar berdi. Şu maksatlar bilen,
taraplar özünde anyk çäreleri jemleýän “Ýol kartasyny” kabul etdiler. Mundan
başga-da, iki döwletiň paýtagtynda Söwda öýlerini açarys. Kabul edilen orta
möhletleýin maksatnamanyň esasynda maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma,
derman senagaty pudaklarynda, azyk senagatynda, ylaýta-da, oba hojalygynda
ýakynlaşmak ösdüriler. Himiýa pudagyndaky kärhanalarymyzyň strategik
hyzmatdaşlyk derejesine çykmagyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biz
gatnaşyklarymyzyň üstüni anyk taslamalar bilen ýetirmek üçin bilelikdäki
taslama edarasyny döretmegiň wajypdygyny belledik diýip, dostlukly döwletiň
Baştutany nygtady.
Hyzmatdaşlygyň
ýene-de bir möhüm ugry ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamydyr. Taraplar
sebitimiziň ägirt uly üstaşyr kuwwatyny doly derejede peýdalanmaga gönükdirilen
ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Ulag
geçelgeleri, logistika we üstaşyr geçirmek ulgamlarynda ähli möhüm meseleleri
çözmek üçin ýakyn wagtda ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmek ylalaşyldy.
Gepleşikleriň
dowamynda suw-energetika ulgamyndaky özara gatnaşyklara uly üns berildi. Suw
boýunça ähli meseleleri hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ruhunda hem-de
uzak möhletleýin esasda birek-biregiň bähbitlerini nazara almak arkaly
çözýändigimizi aýratyn nygtamak isleýärin diýip, Özbegistanyň Lideri aýtdy.
Suw
hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň işini üstünlikli ýola goýduk. Biz
ýaňyja Amyderýanyň suw serişdelerini peýdalanmak baradaky taryhy Ylalaşyga gol
çekilmeginiň şaýady bolduk. Bu resminama, gürrüňsiz, sebitde suw serişdelerini
netijeli ulanmagyň üpjün edilmegine ýardam berer.
Energetika
ulgamynda, şol sanda Türkmenistandan elektroenergiýa, gaz we nebit önümlerini
ibermek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat
edinýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew metbugat çykyşynda nygtady.
Dostlukly
döwletiň Baştutanynyň aýtmagyna görä, sebitara dialog ösdürilýän ugur
bolmalydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Buharada sebitleriň ilkinji forumy hem-de
hususyýetçiligiň 200-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda Işewürlik geňeşiniň
mejlisi üstünlikli geçirildi. Olaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly
toplumyna gol çekildi. Şeýle işi hemişelik esasda dowam etdirmegi ylalaşdyk.
Biz
Oliý Majlis hem-de Milli Geňeşiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda halkara
guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda-da çykyş
edýäris diýip, özbek Lideri sözüni dowam etdi.
Din,
dil we däp-dessurlar babatda umumylygy bolan halklarymyzyň taryhyň jümmüşinden
gelýän doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegi, däp bolşy ýaly, üns merkezinde bolar. Biz ylmy hem-de akademiki
alyş-çalyşmalary işjeň ösdürmegi, innowasiýalar ulgamynda maksatnamalary amala
aşyrmagy, özara esasda Özbegistanyň we Türkmenistanyň Medeniýet hem-de kino günlerini
geçirmek däbini dowam etdirmegi, ýurtlarymyzda döredilen şertleri,
festiwallary, konsertleridir forumlary geçirmegiň baý tejribesini ulanmak
arkaly, syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary ilerletmegi ylalaşdyk
diýip, özbek Lideri aýtdy.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew žurnalistlere ýüzlenip, geçirilen gepleşikleriň çäklerinde
sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meseleleriniň jikme-jik ara
alnyp maslahatlaşylandygyny aýratyn nygtap, Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň derejesinde yzygiderli gepleşikleriň
ähmiýetini aýratyn belledi.
Köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň sebitiň ähli ýurtlarynyň ösüşine we
abadançylygyna ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn diýip, Özbegistanyň Baştutany
nygtady. Biz Owganystandaky ýagdaý boýunça pikir alşyp, bu ýurduň
durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin
mundan beýläk-de bilelikde işläris. BMG-niň, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde
gatnaşyklary hem-de özara goldaw bermegi dowam etdirmegiň wajypdygy aýratyn
nygtaldy.
Pursatdan
peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen hyzmatdaşlaryna
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Merkezi we Günorta Aziýanyň özara
baglanyşygy boýunça ýakynda kabul edilen Kararnamasyny taýýarlamaga işjeň
gatnaşandygy hem-de goldandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Özbek
Lideri altynjy Hazar sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap,
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň, gürrüňsiz,
özbek-türkmen dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Biz
doganlyk ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine doly möçberli strategik
hyzmatdaşlygy ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Geçiren
gepleşiklerimiz bilen örän kanagatlanandygymy ýene-de bir gezek bellemek
isleýärin. Biziň açyk, ysnyşykly gatnaşyklarymyz toplan tejribämiziň dowamydyr
diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de
taraplaryň gazanylan ähli ylalaşyklary durmuşa geçirmäge meýillidigini
tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijesini
teswirläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe we özbek kärdeşleriniň ählisine
bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edişlik üçin ýene-de bir gezek
minnetdarlyk bildirdi.
Şu
günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we
geljegi, sebit hem-de halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mundan
beýläkki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Iki ýurduň gatnaşyklaryna
mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli
häsiýetini aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ähli
ugurlarda - syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan
döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Köpugurly
türkmen-özbek gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri
esasynda depginli ösdürilýär.
Özbegistan
Respublikasy biziň möhüm syýasy hyzmatdaşymyzdyr. Biz Merkezi Aziýada we goňşy
sebitlerde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde,
hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmekde
bilelikdäki işleri alyp barýarys.
Häzirki
günde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň özara gatnaşyklary sebit işleriniň
durnuklylygynyň we ösüşiniň strategik şerti bolup durýar. Iki ýurt hem Merkezi
Aziýany gapma-garşylyklardan azat zolaga, Ýewraziýada uzak möhletleýin
durnuklylygyň pugta halkasyna, giň halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasyna öwürmek
ugrunda çykyş edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biziň
ýurtlarymyz iri halkara guramalarda syýasy-diplomatik gatnaşyklary üstünlikli
ösdürip, oňyn Kararnamalary ilerletmekde birek-birege netijeli goldaw
berýärler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Prezident Şawkat Mirziýoýewi we onuň üsti bilen doganlyk halky 11-nji iýulda
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara
baglanyşygyň pugtalandyrylmagy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi
bilen gutlady. Munuň özi uly daşary syýasy üstünlikdir. Ol Özbegistanyň halkara
işiniň, dostlukly döwletiň Lideriniň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň ýokary netijeliligini
görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu resminamanyň
awtordaşy bolup çykyş etdi we ony taýýarlamaga işjeň gatnaşdy.
Çykyşyň
dowamynda syýasy hyzmatdaşlygyň birnäçe ýyl ozal döredilen täze görnüşiniň - Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynyň işine ýokary baha berildi.
Owganystandaky
ýagdaý boýunça-da pikir alşyldy. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň owgan ugry
boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şol sanda bu döwleti syýasy taýdan
durnuklylaşdyrmaga, ykdysady taýdan dikeltmäge gönükdirilen halkara tagallalar
bilen baglylykda, taraplaryň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy nygtaldy.
Ählumumy gün tertibiniň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň
bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriň
umumydygy bellenildi.
Biz
abraýly halkara we sebit düzümleriniň - Birleşen Milletler Guramasynyň,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge
taýýardygymyzy tassykladyk.
Ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, ony
giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga iki tarapyň hem taýýardygy tassyklanyldy.
Energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, obasenagat toplumy, himiýa we dokma
senagaty hem-de beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda
kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şeýle
hem biz ýurtlarymyzyň çäginiň üsti bilen Gündogar - Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini
döretmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi hem-de tagallalary utgaşdyrmagy
ylalaşdyk. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan - Türkmenistan -
Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy
bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. Özbegistan - Türkmenistan -
Eýran - Oman - Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda
durmuşa geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi
diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Gepleşikleriň
dowamynda medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine üns berildi. Biz bu gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy tassykladyk diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmen
wekiliýeti şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Onuň jemleri
boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren
ägirt uly hyzmatyny, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga berýän yzygiderli ünsüni
aýratyn nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
belledi we Özbegistanyň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar
bilen Türkmenistana çagyrandygyny habar berdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirip,
geljekki saparynyň çäklerinde doganlyk ýurduň paýtagtynda gurulýan “Daşkent”
seýilgähiniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belledi.
Häzirki
wagtda “Aşgabat” seýilgähi Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç
almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biridir diýip, özbek Lideri aýtdy we
türkmen paýtagtyndaky “Daşkent” seýilgähiniň hem şeýle özüne çekiji, ajaýyp
ýerleriň biri boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli
ugurlarda tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, netijeli döwletara
hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ýardam etjek täze, anyk gurallary işläp
taýýarlamagy teklip etdi.
Agşam
döwlet Baştutanymyz, asylly däbe görä, “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň çäginde
ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy.
Hakyky
dostlugyň nyşanyna öwrülen hut şu ajaýyp seýilgähde Gahryman Arkadagymyzyň
Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bagynyň eýýäm boý alyp
oturandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bag ösüp, iki ýurduň arasyndaky
dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýandygyny, okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Bag nahalyny ekmek
iki halkyň hem ajaýyp däbidir. Häzirki wagtda-da bu däp üstünlikli dowam
etdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz türkmen-özbek dostlugynyň berkemeginiň hem-de doganlyk halkyň
myhmansöýerligine hormatyň nyşany bolan ýaş nahaly oturdandan soňra, “Kuksaroý”
köşgüniň kabul edişlikler binasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
hormatyna resmi agşamlyk nahar berildi.
Resmi
agşamlyk naharynyň dowamynda Özbegistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary
guraldy. Olarda iki dostlukly ýurduň we doganlyk halklaryň asyrlaryň
jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlygynyň mizemezdigi, doganlyk gatnaşyklarynyň
mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigi öz beýanyny tapdy. Joşgunly
aýdym-sazlarda hem-de tanslarda türkmen-özbek dostlugy wasp edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary
dowam edýär.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi