Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
16.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda
wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň
hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işler
barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we Oba milli
maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem
degişli pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk
namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri Milli Geňeşiň Mejlisiniň maslahatlarynyň 5-si geçirildi.
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 25-si kabul
edildi. Şol döwürde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem birnäçe beýleki kanunçylyk namalary kabul
edildi.
Hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleriň netijesinde, käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Häzirki wagtda Mejlis döwletimiziň hukuk ulgamyny ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň
kadalaryna we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça
işleri dowam etdirýär.
Şu ýylyň on bir aýynda dünýä döwletleriniň parlamentleriniň hem-de halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 31-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary
we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen
bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçiren okuw maslahatlarynyň 137-sine
gatnaşdylar. Bulardan başga-da, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň
(ÝUNISEF) wekilhanasy bilen bilelikde welaýatlarda çagalaryň hukuklaryny
düşündirmek boýunça okuw maslahatlaryny geçirdiler. Mejlisiň wekilleriniň
daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we
Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy
geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde ýakynda Aşgabatda Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirilip,
onda dialoga 2022-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen
işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem bu düzümiň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň meseleleri we 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şol döwürde çäreleriň 12-si geçirildi.
Mejlisiň deputatlary ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna guramaçylyk
we usulyýet taýdan kömek bermek maksady bilen, ýerlerde usuly-okuw
maslahatlaryny geçirdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň
başyndan bäri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler
barada maglumat berdi.
Degişli döwürde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 7 mejlisi, şol sanda
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin mejlisleriň 2-si hem-de palatalaryň
bilelikdäki maslahaty geçirildi. Olaryň dowamynda kanunçylyk namalarynyň
birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, dürli kärdäki raýatlar bilen
duşuşdy, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üçin döredilýän şertler bilen
gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek
babatda täze wezipeleri öňde goýýar.
3-nji dekabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap
edara ediş merkezine baryp, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi hem-de bu giň
gerimli taslamany amala aşyrmagyň ahyrky tapgyrynda çözülmeli wezipeleri
kesgitledi, gymmatly maslahatlaryny, nesihatlaryny berdi. 10-njy dekabrda Gahryman
Arkadagymyz bu döwrebap merkezde alnyp barylýan işler bilen ýene-de tanyşdy
hem-de iş maslahatyny geçirdi.
Ýylyň başyndan bäri Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky
parlament wekiliýetleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Ýaponiýa,
Russiýa Federasiýasyna, Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdylar. Olaryň
dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, bu ugurda pikir we tejribe
alyşmaga ýardam berýän gepleşikler hem-de duşuşyklar geçirildi. Gahryman
Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, bu
gurama bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen wajyp teklipleri öňe
sürdi.
Türkiýäniň hem-de Azerbaýjanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary, Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary,
şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa”
parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen Aşgabatda geçirilen duşuşyklar
parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berdi.
10-njy dekabrda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň
dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň
ýanwar — noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş
depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy.
Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa
35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň
girdeji bölegi 119,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1 göterim ýerine
ýetirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar,
döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1 göterim
artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat
döwründe durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň
gurluşygy alnyp baryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik
edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar - noýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň
netijeleri, şol sanda nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň, hususan-da,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumy tarapyndan meýilnamanyň 109,2 göterim ýerine ýetirilendigini
habar berdi.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 114,9 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 110,4 göterim, polipropileni öndürmegiň
meýilnamasynyň 119,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,7
göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 107 göterim ýerine
ýetirilendigi bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň on bir aýynda tebigy we ugurdaş
gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara
ibermek boýunça meýilnama 124,7 göterim berjaý edildi.
Giňişleýin mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri
üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa we Döwlet
ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa käýinç yglan etdi
hem-de degişli Buýruklara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on
bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň
ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we
derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy
gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi.
Ýanwar - noýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary”
agentligi boýunça 129,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
109,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň
boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler geçirildi.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda geçirilen çäreler barada
maglumat berildi.
Şeýle hem elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik
meýdançalarynyň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň,
Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň täze,
döwrebap edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň
edara binasynyň, Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş
jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol
köprüsiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň
birnäçesi bilen üstaşyr ulag hem-de logistika meseleleri boýunça iş toparlary
döredildi, olaryň çäklerinde duşuşyklar geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda “Halkara üstaşyr ulag geçelgeleri: özara
arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat, “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň
derejesinde halkara maslahat geçirildi. Forumlara daşary döwletleriň, şeýle hem
halkara guramalaryň we ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän
söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
şeýle hem telekeçilik ulgamy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,8 göterime,
önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,6 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda nah ýüplügiň we matalaryň
öndürilişiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
degişlilikde, 125,4 hem-de 132,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş
depgini 110,2 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa, 109,7
göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň
meýilnamasy 115,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 sany birža
söwdasy geçirilip, 34 müň 7 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen
işler boýunça 118,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 19 sergi
we 61 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on bir aýda oba hojalyk we
azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 175,4 göterime, senagat önümleriniň
ösüş depgini bolsa 113,4 göterime deň boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän
ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat
berdi.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şygaryna, şeýle hem milli senenamamyzyň
şanly senelerine bagyşlanan, şonuň ýaly-da, olara gabatlanyp medeni-durmuş
maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli maslahatlar,
döredijilik duşuşyklary, brifingler, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat we
aýdym-sazly medeni çäreler, festiwallar geçirildi, döredijilik bäsleşikleri
yglan edildi. Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň
birnäçesinde iş saparlarynda boldular.
Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli
işler alnyp baryldy. Netijede, Türkmenistanyň teklibi boýunça dostlukly ýurtlar
bilen bilelikde, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek
önümçiliginiň däpleri, şeýle hem molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň
berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizildi.
Noýabr aýynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly,
“Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we
rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, Täjigistanyň Türkmenistandaky
Medeniýet günleri, “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly
halkara festiwal we maslahat geçirildi.
Türkmen wekiliýetiniň noýabr aýynda Fransiýa bolan iş saparynyň dowamynda
Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramagyň, iki
tarapyň hünärmenlerinden ybarat bolan degişli iş toparyny döretmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň
nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli 2024-nji ýyl türki dilli döwletlerde “Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew
şäheri bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edildi.
Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky
milli müdirlik tarapyndan “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitap neşir edildi.
Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgertmeler baradaky habarlar metbugat
sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan
edildi. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan hem-de konsepsiýalardan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler dowam etdirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça şu ýylyň geçen on bir aýynda neşir
önümlerini öndürmegiň möçberi 109 million 719 müň manada deň boldy.
Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan meýilnama laýyklykda
degişli işler geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän
düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ylym,
usulyýet binýadyny döretmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy. Okuw
maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi, täze kitaplar hem
gollanmalar çap edildi. Talyplar we mekdep okuwçylary halkara ders-internet
bäsleşiklerine gatnaşyp, medallara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýaşlar syýasaty bölümi döredildi. Ýokary
okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny açmak, şeýle hem Türkmenistanyň
ýokary okuw mekdeplerini halkara reýtinge goşmak boýunça işler dowam etdirildi.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, birnäçe
ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekildi. Daşary ýurtlaryň ylym we bilim
merkezleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdürildi. “Ýewropa sebitinde
ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa
goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Ýylyň başyndan bäri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat,
ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy geçirildi. “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn
ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we
innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça
meýilnamalaýyn işler geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy
şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa
hassahanalarynyň açylyş dabaralary boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda
öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de
“Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak
boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa” tassyklanyldy. “Saglygy
goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe”
atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Hasabat döwründe şeýle hem sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak boýunça
uly işler geçirildi. Halkara ýaryşlarda 383 medal gazanyldy, olarda üstünlikli
çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Türkmenistanyň
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy
geçirilip, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşi kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat
toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň
häkimliginiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada
hasabat berdi.
Ýanwar - noýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen
önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136,8 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 115,3
göterim amal edildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,6 göterime deň boldy.
Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri
öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 131,4 göterim
ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 110,1 göterime,
daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,7
göterime deň boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 135,6
göterim berjaý edildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň
ýerine ýetiren işleri we hyzmatlary boýunça meýilnama 100,5 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar - noýabr aýlarynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,4 göterime deň boldy.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän giňişleýin mejlisiniň
dowamynda hasabat bermek üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi.
Häkim şu ýylyň on bir aýynda Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy
gulluklarynda, önümçilik düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäher häkimliginiň
garamagyndaky hojalyk hasaplaşygynda işleýän edara-kärhanalarda ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,4 göterime deň boldy.
Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde sanly ulgamy
ulanmak arkaly abadanlaşdyryş we bezeg işleri batly depginlerde alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli
ugurlar babatda nusgalyk bolmalydygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl
baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde, ak mermerli paýtagtymyzyň ýeten
derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we gazanylýan üstünlikleriň öz
beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň obasenagat
toplumynda alnyp barylýan işler, bu ugurda welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan
özgertmeleriň netijeleri baradaky hasabatlar diňlenildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi.
Häkim welaýatda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
hem-de häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň batly
depginlerde alnyp barylýandygy barada aýtdy. Şunda ösüş suwuny tutmak, dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.
Şeýle hem 2023-nji ýylda pagta ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk
ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramyny garşylamak boýunça alnyp
barylýan işler barada aýdyldy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýat boýunça şu ýylyň on
bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde welaýatyň durmuş düzüminiň işini kämilleşdirmek bilen
bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki
kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda
ösüş suwuny tutmak, mineral iýmitler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk
ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň ekiş möwsüminiň taýýarlygynyň çäklerinde sürüm
işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlamak işlerine
möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem Täze ýyl baýramyny ýokary derejede guramak maksady bilen, medeni
çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, öz gezeginde, welaýatda ähli
ugurlar boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyklykda
dowam etdirilýär. Häzirki günlerde bugdaý ekilen ýerlerde endigan gögeriş
gazanylyp, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, gowaça
ekiljek ýerleri ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam
etdirilýär, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny
doly taýýarlamak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle hem welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler
barada hasabat berildi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdyp, häzirki döwürde welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda degişli işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp
barylýandygy barada hasabat berdi. Şunda geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlyk
meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede garşylamak
maksady bilen, zerur işler geçirilýär.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýat boýunça şu ýylyň on bir
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen
meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
sazlaşykly ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunda ekişde
ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygyna möhüm üns berilýär.
Welaýatda Täze ýyl baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak
işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik
edýän ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104 göterime, Suw hojalygy
baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 105,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 179,9 göterim ýerine ýetirildi.
Gök önümleri öndürmekde 115,3 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 109,3
göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 109 göterim, çörek we çörek önümlerini
öndürmekde 105,2 göterim ösüş depginleri gazanyldy.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri
alnyp barylýar. Şeýle hem ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de
ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary taýýarlamak üçin degişli
çäreler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Daýhan
birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we
gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň
Tertibiniň” taslamasy hödürlendi. Resminamada daýhan birleşikleriniň suwarymly
ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine bermegiň hem-de daýhan birleşikleriniň
we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň arasynda önümçilik gatnaşyklaryny
düzgünleşdirmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de
welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda, aýratyn-da, bugdaý ekilen ýerlerde alnyp barylýan ideg işleriniň
agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Şunda degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen
bir hatarda, suw akabalarynyň arassalanmagyna, suw serişdeleriniň rejeli
peýdalanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň gowaça
ekişine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň meýilnama laýyklykda
alnyp barylmalydygyny, şunda ekişe guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly
ähli meseleleriň üstünlikli çözülmelidigini we bu ugurda degişli düzümleriň
sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Arkadagly Serdarymyz ýaz ekişine taýýarlyk görmek işleriniň degişli
derejede we talabalaýyk alnyp barylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine
ünsi çekip, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak,
olary taýýarlyk hataryna çykarmak işlerine hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen birlikde, Täze ýyl baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen
garşylamak üçin zerur tagallalar edilmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow DIM tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we
gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň
dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam
Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan
Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine döwlet, resmi we
iş saparlary guraldy.
Şol bir wagtyň özünde, geçen on bir aýyň dowamynda Hindistan
Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran
Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentleri we Gruziýanyň Premýer-ministri biziň ýurdumyzda saparda boldular.
Şu ýylyň ýanwar - noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti
birnäçe döwletleriň Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Şu ýylyň başyndan bäri döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri halkara
derejedäki çäreleriň birnäçesi guraldy.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň daşary syýasy işiniň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, hasabat döwründe Türkmenistanyň
parlament toparlarynyň daşary ýurtlara saparlary guraldy. Şu ýylyň 12-nji
maýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa
Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka öwrüldi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça anyk işleriň
durmuşa geçirilmegine we ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň birnäçe mejlisleri we olara
başlyklyk edijileriň duşuşyklary geçirildi.
On bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň 2020 - 2025-nji ýyllar üçin daşary
ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasyny, Türkmenistanyň 2021 - 2030-njy ýyllar
üçin Daşary söwda strategiýasyny hem-de ýurdumyzyň söwda-ykdysady we maýa goýum
ugurlarynda kabul edilen beýleki strategik resminamalary durmuşa geçirmek
maksady bilen, degişli işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň
işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary
depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy.
Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy
hem ýokarlanýar. Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen
tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet
kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda tölenýär.
Şol bir wagtyň özünde, önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly
desgalar ulanylmaga berildi.
Eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde,
dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen
deňeşdireniňde, 50 göterime golaý artdy. Şuny göz öňünde tutup, döwlet
Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri
özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty
artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly
netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow, muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip,
ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý
many-mazmunly bolandygyny aýdyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna
laýyklykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary
ýola goýandygyny belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde
dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere-de garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi