Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
29.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we
Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli
Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek
2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä, her ýyly
döwrebap atlandyrmak ýola goýuldy. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgini we buýsanç duýgusyny
ösdürmäge, türkmenistanlylaryň tagallalaryny döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň
ösüşiniň möhüm ugurlaryna gönükdirmäge ýardam edýär. Bu däp milli
agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny
belende göterýär.
Tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýylynda - 2022-nji ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni
durmuşynda bolup geçen köp sanly il-ýurt, halkara ähmiýetli ýatdan çykmajak
wakalaryň we amala aşyrylan özgertmeleriň hatarynda Ahal welaýatynyň täze,
döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagyny we onuň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagyny
hem-de bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegini görkezmek
bolar. Munuň özi ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz
bölegi bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, parahatçylykly ösüş ýoluny
aýdyňlyk bilen görkezýär.
2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp
sanly teklipler esasynda kabul edildi. Ýylyň ady iri jemgyýetçilik
birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr-şäherlerinde
geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyz tarapyndan giňden
goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň degişli Karary
taýýarlanyldy.
Geljek ýylyň şygary halkymyzy ähli
ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine, üstünliklere tarap ynamly alyp barýan
hormatly Prezidentimize hormat-sarpanyň nyşanydyr. Munuň özi döwlet
Baştutanymyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça amala
aşyrýan bimöçber işleriniň, şu günki we geljekki nesilleriň rowaç hem-de abadan
geljegini üpjün etmekdäki uly tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar
edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň garamagyna 2023-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny hödürläp,
Mejlisiň ýolbaşçysy onuň bezeginiň aýratynlyklary barada habar berdi. Nyşanda
ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny,
bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň
watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar
bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak
ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup,
ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly
zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, mälim bolşy
ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň
beren maglumatyna görä, deputatlarymyzyň we halkymyzyň geljek ýylyň şygarydyr
nyşanyny teklip edýändigini belläp, olary goldady hem-de tassyklady. Hormatly
Prezidentimiz geljek 2023-nji ýylyň şygaryny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» diýlip yglan edilýändigini aýtdy.
Geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny
metbugat we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52
sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisiniň, şeýle hem 49 sany dürli
döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl tamamlanyp
barýar. Bu ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň
taryhynda hem hemişelik galar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň içeri we
daşary syýasatynda köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary syýasat
ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň
durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda
görkezildi. Bu resminama laýyklykda, Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy
derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri
çözmek üçin tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yzygiderli
durmuşa geçirilýär.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň
daşary ýurtlara saparlarynyň amala aşyrylandygy, şeýle hem döwlet we Hökümet
Baştutanlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelendikleri bellenildi. Geljek ýylda
dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikler
meýilleşdirilýär. Abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda,
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge
uly ähmiýet berilýär. Bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Bitarap
döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan ençeme Kararnamalar kabul edildi.
Garaşsyz döwletimiz Ýewropa Bileleşigi,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Bütindünýä Söwda
Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin
maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, netijede, ähli
pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns çekildi.
Şeýlelikde, 2022-nji ýyl ýurdumyzda
döredijiligiň we şanly wakalaryň ýyly boldy. Syýasy, ykdysady we medeni
ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy,
durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyryldy.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek
maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 -
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul
edildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçip
barýan ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10
göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän
kanunçylyk meýilnamalaýyn esasda döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Ol
häkimiýet edaralarynyň milli bähbitlerini goramak, halkara hyzmatdaşlygy we
hukuk tertibini ösdürmek boýunça işiniň düzüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem
ýurdumyz ykdysady bähbitlerini öňe sürýär we Watanymyzyň dünýä giňişliginde
abraýy ýokarlanýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça parlamentara
hyzmatdaşlygy giňeldilýär, köptaraply parlament gatnaşyklary ýola goýulýar.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza eýermek bilen, biz ilatymyzyň
hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga köp serişdeleri gönükdirýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat we önümçilik
desgalarynyň, şeýle hem iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam
etdirilýändigini belledi.
Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Ol dynç gününe gabat gelýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly
dabaraly belläp geçmegi, gowy dynç almagy üçin, 2023-nji ýylyň 1-nji
ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek kararyna gelendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Täze ýylyň baýram edilýän
günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän
ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise
gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň
bellenilýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak
tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we
pudak edarasy boýunça nobatçylyk bellenmelidir, jemagat hojalygy, elektrik
energiýasy, suw üpjünçiligi gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy
awtoulaglarynyň, dükanlaryň takyk, bökdençsiz işlemegini guramak zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde
nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri
raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede bellär ýaly, ähli
ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak
barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara geljek ýylda täze üstünlikleri,
rowaçlyklary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda
alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy ýetip gelýän 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň möçberli maksatnamalaryny,
meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpugurly döwlet işinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy geljek “Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynyň» nyşanyny we şygaryny goldandygy hem-de tassyklandygy
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljek ýylyň şygarynyň çuňňur manysynyň
bardygyny belledi. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan
ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki
güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap
bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly
ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly
goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, «Döwlet adam üçindir!» diýen
ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik
ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň
wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen
Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri parasatly, oýlanyşykly daşary we içeri
syýasaty üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mejlise
gatnaşyjylaryň adyndan halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň,
rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, täze taryhy eýýamyň
giň möçberli maksatnamalarynyň, wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
üçin ähli bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere
garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa
gatnaşanlary we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady, hemmelere berk jan saglygyny,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi