Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.04.2022

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşandyny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak babatda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly hem-de durmuş ugruna gönükdirilen kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Deputatlar daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Mejlisiň agzalary Ýewropa Geňeşiniň, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hukuk tertibini pugtalandyrmak, çagalaryň hukuklaryny goramak, zenanlar we maşgala, ekologiýa, migrasiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilen çärelerine sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamagy, edep kadalaryny, ýol-ulag hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi wagyz etmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy eýýamyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Jenaýat kodeksiniň we Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmegi, konwensiýalaryň tassyklanylmagy, halkara guramalaryň köptaraplaýyn resminamalaryna hem-de olar bilen baglanyşykly şertnamalara, halkara ylalaşyklara we beýleki resminamalara goşulmaga degişli birnäçe kanunlar ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli kararlar bilen tassyklanyldy. Kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça kanun çykaryjylyk işi dowam edýär.

Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary aprel aýynda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda iş saparlarynda boldular, adalat, kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler bilen baglylykda, ata Watanymyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz parlamentarileriň öz ygtyýarlyklaryndan netijeli peýdalanmagyň we olaryň geçirýän wagyz-nesihat işini, şol sanda maşgala gymmatlyklaryny we jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini aýawly saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ornuny nazara almak bilen amala aşyrýan işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy.

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigine şaýatlyk eden bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we köpugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işi ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we döwrebap tehnologiýalary ulanyp, mundan beýläk-de dowam etdireris. Bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusga alarlyk ýörelgä öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary tarapyndan berlen bu güwänamanyň halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidigini ýene-de bir gezek belledi.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kesgitlenen Halkara ene Ýer güni bellenilýär. Bu uly ähmiýete eýe bolan halkara sene planeta bilen ekoulgamlaryň we adamlaryň arasyndaky özara baglanyşygy beýan edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalyp geçilen iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmeginiň Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy bu şatlykly habar bilen ýene bir gezek gutlap, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýurdumyzyň milli demokratik institutlarynyň binýadyny we işini kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede üpjün etmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ugurda hereket edýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmegini gazanmak maksady bilen, teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işi aýratyn bellenildi. Toparyň çäklerinde degişli wajyp meseleler yzygiderli çözülýär, bu ugurdaky tagallalar utgaşdyrylýar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, 2011-nji, 2017-nji we 2019-njy ýyllarda pudagara toparyň işi we düzümi kämilleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýadyny düzýän adam hukuklary we azatlyklary, olary goramak hem-de üpjün etmek bilen bagly meseleler möhüm orun eýeleýär. Maksatnamanyň ynsanperwer ugruny durmuşa geçirmek we pudagara toparyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, toparyň täzelenen düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda milli demokratik edaralary ösdürmek we adam hukuklary babatda işleri kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýurdumyzyň uzak möhletleýin strategik maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirmek maksady bilen, agzalan meýilnamanyň 2022 - 2028-nji ýyllar döwür üçin rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu işi pudagara topara girýän ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu meýilnama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem-de adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny geljek ýedi ýylda ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri we hereketleri özünde jemleýän milli gural hökmünde çykyş eder.

Halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ilat gaznasy bilen gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda gender meselesi boýunça ynsanperwer hukugy üpjün etmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryň biri bolup durýar. Meýilnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanda aýallaryň saglygy, maşgaladaky ýagdaýy boýunça synyň netijeleri boýunça hasabat taýýarlanyldy. Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde bu hasabaty makullamak we onuň gutarnykly görnüşini BMG-niň Ilat gaznasyna ibermek baradaky meselä garamak teklip edilýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň soňky ýyllarda toparyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Muňa mysal hökmünde toparyň halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde geçirilen mejlislerini görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurly abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de bu guramalar bilen bilelikde taýýarlanylan iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara toparyň mejlisini şu ýylyň 10-njy maýynda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we beýan edilen teklipleri makullap, «Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany wise-premýer, daşary işler ministrine sanly ulgam arkaly iberip, ony ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow gymmatly kagyzlaryň bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pudaklaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýyndaky “Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde kadalaşdyryjy hukuk namasynyň we ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny işläp taýýarlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly kagyzlaryň bazarynyň maliýe-karz ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişlidigini, onuň maksadynyň maýadarlaryň bähbitlerini hukuk bozulmalaryndan goramakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurdumyzyň degişli halkara şertnamalardan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy bolan Maliýe gözegçiligi gullugynyň Düzgünnamasynyň taslamasy rejelenen görnüşde işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugyna esasy ornuň degişlidigini nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny doly kuwwatynda işletmek, ony çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek, tehnologik desgalaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak bilen bagly meseleleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň düzüm gurluşyny we Tertipnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy.

Häzirki wagtda hereket edýän Tertipnama 2006-njy ýylda tassyklanyldy. 2021-nji ýylda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Häzirki wagtda bu kärhananyň düzüm gurluşyny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Munuň bilen bagly toplumyň önümçilik desgalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi artdyrmak, ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak maksady bilen, toplumyň önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde işletmek zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüm gurluşynyň we Tertipnamasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny içgin öwrenmegiň hem-de ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenilip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle-de obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer obasenagat toplumynda “John Deere” kompaniýasynyň häzirki zaman tehnikalarynyň birinji tapgyrynyň netijeli ulanylýandygy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gowaça ekişinde hem-de onuň ideg işlerinde döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ikinji we üçünji tapgyrlaryny satyn almak barada Kararyň taslamasyny hödürledi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine “John Deere” kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça Şertnamany baglaşmaga ygtyýar bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, ony täzeçil usullarda we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi esasynda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyna sanly elektron usuly ornaşdyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekip, sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan senagaty ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin önümçilikleri gurmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara laýyklykda, 11 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda olaryň birnäçesinde degişli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çäginde bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň teklibi saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doly üpjün etmäge ukyply gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de zerur gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny, ilaty zerur bolan ýokary hilli senagat önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden alýumin önümlerini satyn almak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz senagat önümçiligi üçin zerur bolan çig malyň, alýumin önümleriniň öz wagtynda satyn alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini ünsi çekdi. Ol ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup işe girizilýär. Şolarda öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

«Türkmenistanyň 2021 - 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.

Türkmenistan halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň söwda ulgamyny we telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, giň gerimli işleriň geçirilendigini hem-de uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa maý aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Maý aýynda Oraza baýramy, 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler barada hasabat berildi.

12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda “Türkmen teatr sungaty” atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň her biri milli ýörelgelere laýyklykda, baý many-mazmuna eýe bolmalydyr hem-de täze taryhy eýýamda guralýan dabaralaryň ruhuna kybap gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz maý aýynda meýilleşdirilen baýramçylyklara we halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Taryhy ähmiýetli wakalara hem-de şanly senelere bagyşlanan çäreleriň hemmesi ýokary guramaçylykda geçirilip, olarda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň açylyş dabaralary bilen bagly meselä degip geçip, olaryň takyk sanawynyň düzülmelidigine ünsi çekip, olar mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, ýokary netijeli sporty ösdürmek, türkmen türgenleriniň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

“Tokio — 2020” Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, türgenleriň taýýarlygy bilen bagly dürli guramaçylyk meseleleri boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen sazlaşykly işleri ýola goýmak hem-de öňde duran wezipeleri meýilnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyny belledi. Dünýä derejesindäki ussat türgenleri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şol işleriň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda halkara derejeli iri ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende götermäge saldamly goşant goşýan ýaş zehinli türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary milli sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň sebit we dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň köp babatda olaryň tälimçileriniň ussatlyk derejesine baglydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap hem-de hödürlenen teklipleri makullap, türgenlerimiziň geljekde-de Watanymyzyň sport abraýyny gorajakdyklaryna, özleriniň ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ygtyýarlandyrmak işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Geçirilen toplumlaýyn işleriň netijesi boýunça zerur resminamalaryň toplumy hem-de awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça iş ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen degişli teklipler taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynda ygtyýarlandyrmak işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi häzirki zamanyň şertlerinde ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ählisini yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak esasynda ulag düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hökümet agzalary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna ýolbaşçylyk edýän döwlet Baştutanymyza behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak üçin edýän ägirt uly tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk hem-de ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi