Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary
başlandy
05.01.2023
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde
ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde hytaýly diplomat bilen
gürrüňdeş bolup, bu gezekki saparyň täze ýyldaky ilkinji daşary ýurda
saparydygyny aýratyn belledi hem-de onuň 6-njy ýanwarda bellenilýän şanly sene -
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň
31 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz şu gezekki saparyň jemleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, dostlukly
ýurduň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hytaý tarapynyň Pekinde geçjek
ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berýändigini nygtady we döwletara
gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak gepleşikleriň üstünliklere
beslenmegini arzuw etdi.
Alty sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly
Prezidentimiziň uçary Pekiniň bu taryhy ähmiýetli waka mynasybetli iki
dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline
gelip gondy.
Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň
resmi adamlary garşyladylar. Milli lybasdaky gyz hormatly Prezidentimize ajaýyp
gül dessesini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki
tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly ýodajyk bilen özüne
garaşýan awtoulaga bardy. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag
kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kabulhanasy ýerleşýän “Dýaoýuýtaý”
myhmanhanasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň kabulhanasynyň bu
myhmanhanada ýerleşmegi döwlet Baştutanymyza bildirilýän çuňňur hormatyň
nyşanydyr. Geçmişde “Dýaoýuýtaý” myhmanhanasy hytaý imperatorlarynyň
kabulhanasy bolupdyr. 800 ýyldan gowrak taryha eýe bolan bu tebigy binagärlik
toplumy häzirki wagtda Pekiniň esasy ajaýyplyklarynyň biridir.
6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar. Ýokary derejede geçiriljek we uzak
möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan, däp bolan hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek duşuşyga uly ynam bildirilýändigini
bellemeli.
Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol
çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama döwletara
gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlady. Iki ýurduň we dostlukly
halklaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän bu taryhy çözgüt köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilmegini şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Pekin şäherinde ýokary derejede
guraljak gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
görnüşde ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete
eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça
garaýyşlaryň ýakyndygy we gabat gelmegi, iri halkara guramalaryň, abraýly
sebitleýin düzümleriň çäklerinde, şeýle-de “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşde öňe
sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek iki ýurduň arasynda birek-birege ynanyşmak
esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar. Şu ýyllaryň
dowamynda taraplar işjeň hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi boýunça anyk
çäreleri amala aşyrýarlar. Bu bolsa öz köklerini Beýik Ýüpek ýoly döwründen
alyp gaýdýan köpasyrlyk dostluga we birek-birege düşünişmäge bolan ygrarlylygy
aýdyňlygy bilen görkezýär.
Möhüm halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy
we geoykdysady taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan gadymy söwda ýollarynyň
dikeldilmegi boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň
arasynda netijeli gatnaşyklary ilerletmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu
bolsa Hytaý tarapynyň öňe sürýän “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyjy bilen
bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýlelikde, asyrlaryň synagyndan geçen
dostlukly gatnaşyklar täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan we Hytaý Halk
Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly
gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa taraplaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm
ugurlaryna hem-de milli bähbitlerine doly kybap gelýär. Şu güne çenli iki
ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň we işewür düzümleriň
arasynda geçirilýän duşuşyklary, gepleşikleri öz içine alýan köptaraplaýyn guraly
işlenip taýýarlanyldy. Ähli möhüm ugurlar boýunça taraplaryň özara
gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen döredilen Hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-hytaý komiteti öz alyp barýan işiniň netijelidigini durmuş
ýüzünde subut etdi.
Ägirt uly mümkinçilikler we bilelikdäki iş boýunça
soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine bolan toplumlaýyn çemeleşmeler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň
okgunly ösdürilmegine giň ýol açdy. “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň
ýeten derejesi we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi
daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň döwlet ösüşi boýunça giň möçberli
maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary
has-da giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirdi.
Onlarça bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda “XXI
asyryň ägirt taslamasy” adyny alan Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň
gurluşygy biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryň artýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Bu ugur boýunça türkmen tebigy gazy Hytaýa akdyrylýar. Şeýlelikde, bu iri
taslama ähli ugurlar boýunça ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň
çuňlaşdyrylýandygyny görkezdi.
Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda
öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaý Türkmenistanyň möhüm ykdysady
hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Hytaýyň işewür düzümleriniň wekilleri
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda
senagat we durmuş maksatly ähmiýetli desgalaryň gurluşyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň
çägindäki “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işlerine gatnaşýarlar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu döwlet
saparynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa
geçirmekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň
umumydünýä ýagdaýlaryna, häzirki döwürde durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy
saklamagyň möhüm şerti bolan giň halkara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn
berkidilmegine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Ýokary derejede
geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm
ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara
alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda türkmen we hytaý halklarynyň
arasynda dostluk, birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm
ähmiýeti bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin netijeli
guralyň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berler.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri
döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we dürli ugurlarda bar
bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat
bolup hyzmat etjek ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda öz beýanyny tapar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi