Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisi
26.08.2022
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek
bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri
syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz
berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
“Ýaşlar
barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini,
şeýle hem “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek
hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaça girizmek hakynda” Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp
baryldy.
Soňra
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Halk
Maslahaty Mejlis bilen bilelikde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de
yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde
işleýär.
Şu
ýylyň 20-nji awgustynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz şol ýerde ýaş harby gullukçylaryň
gulluk etmegi, oňaýly dynç almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, zähmet
terbiýesini almagy üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy hem-de watançy
ýaşlaryň isleg-arzuwlaryny we tekliplerini diňledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň türkmen jemgyýetiniň hukuk
esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik däpleri
pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanjak çäreleri geçirmek
bilen bagly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli kanunçylyga býujet
ulgamyny kadalaşdyrýan öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwlet maliýe
serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
býujet ulgamyny kämilleşdirmek baradaky degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Resminama
laýyklykda, toplumlaýyn çäreleri geçirmek, şol sanda möhleti üç ýyllyk Döwlet
býujetini işläp taýýarlamak, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi
güýçlendirmek, býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de geljek
ýyllarda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de ýörite Döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip
edilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýeti sazlaşykly utgaşdyrmagyň köp babatda
netijeli býujet ulgamyna baglydygyny belledi. Bu işiň netijeli ýola goýulmagy
ykdysadyýetiň ösmegine oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Döwlet býujetini düzmegiň, kabul etmegiň hem-de serişdeleri
paýlamagyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ileri tutulýan wezipeleriň
birnäçesine ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly
ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işine
gözegçiligi güýçlendirmäge, kanunçylyk namalarynyň birnäçesini kämilleşdirmäge
gönükdirilen işler barada hasabat berildi. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň
bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak babatda hereket edýän käbir
kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady
bilen, degişli Düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşi işlenip düzüldi. Ol degişli
düzümler bilen ylalaşyldy. Bu resminamanyň taslamasynda esasy düzgünleriň
birnäçesi kämilleşdirildi hem-de çäreleriň görnüşleri anyklaşdyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň
döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, bazaryň
we döwlet kadalaşdyrylyşynyň usullarynyň sazlaşykly, netijeli utgaşmagyny göz
öňünde tutýan, häzirki döwürde türkmen döwletini ösdürmek boýunça amala
aşyrylýan konsepsiýanyň erkin bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilýän
şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge
mümkinçilik berýändigini belledi. Ýokary netijeleri gazanmakda maliýe ulgamynyň
ösüşini, döwletiň nyrh syýasatyny kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýady hem
möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen
halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu işde maliýe gatnaşyklary babatda degişli
hukuk kadalaryny ulanmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi maliýe serişdelerini
netijeli dolandyrmaga, ykdysady bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär we berk
maliýe düzgün-tertibini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi
makullap, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumyny zerur
serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy,
hususan-da, «Dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak hakynda» Kararyň
taslamasy barada hasabat berdi. Turba önümlerini nebit we gaz guýularyny düýpli
abatlamak işlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz
ýataklaryny ýokary depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak bilen
birlikde, bu toplumy döwrebap enjamlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün
etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli
Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň ýerine
ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Hökümet Baştutanynyň orunbasary «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin 3D
ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Uglewodorod
serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak babatda seýsmiki barlaglaryň
netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, geofiziki işleriň netijeleri
boýunça alnan maglumatlary işläp geçmek üçin täze 3D ölçegli geofiziki
enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli
şertnamany baglaşmak meýilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini
üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatyny
artdyrmak, nebitgaz ýataklarynyň ulanylýan guýularynyň önüm berijiligini
ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belläp, wise-premýere bu örän möhüm
pudagy yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk görkezmeleri
berdi.
Mejlisiň
barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, özüne ynanylan wezipäni
oňarmandygy üçin, T.Mämmedowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň
orunbasary wezipesinden boşatdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleri
hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça
geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şu
aýda Lebap we Mary welaýatlaryna amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda ýerlerde
bugdaý ekişine taýýarlyk hem-de gowaça ideg etmek işleri bilen tanşylandygy
bellenildi. Mundan başga-da, bu ugurda işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin
zerur wezipeler kesgitlenildi. Suwuň ýitgisini azaltmak we suw üpjünçiligini gowulandyrmak
maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hem hasabat berildi.
Häzirki
wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara
laýyklykda, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, tagt suwuny
tutmak hem-de ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri
utgaşykly dowam etdirilýär.
Wise-premýer
hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň
we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde
hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini
belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba
hojalygynda örän möhüm, jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip
gelendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümleýin işleri çalt we
ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bugdaýyň bol hasylynyň
ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini
belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine
girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä, hormatly ýaşulularymyzdan ekişi
“Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
“Her
bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar!” diýip, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň edermen gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrliginiň sement zawodlarynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Giň
gerimli gurluşyk desgalaryny, dürli pudaklary hem-de ilaty ýokary hilli
gurluşyk serişdeleri we önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýulýan
wezipelere laýyklykda, garamagyndaky edaralaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähli
zerur çäreler görülýär. Zawodlaryň önümçilik kuwwatyny talabalaýyk derejede
saklamak maksady bilen, sement zawodlarynda degişli döwrebaplaşdyryş işlerini
geçirmek boýunça halkara bäsleşikler geçirilip, bu ugurda degişli çäreler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza
şertnamalary baglaşmak hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada bilelikdäki
işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri
ýokary hilli gurluşyk serişdeleri, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän sement önümi
bilen doly üpjün etmegiň zerurdygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň
hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri doly seljermegiň wajypdygyny aýdyp,
degişli görkezmeleri berdi.
Soňra
Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan berilýän
goldawlar netijesinde, ýurdumyzda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan
kuwwatly zawodlar ulanylmaga berilýär, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.
Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zawodlarynyň önümçiliklerinde
ornaşdyrylan enjamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olarda
degişli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglere eýe
bolan önümleri öndürýän ýurdumyzyň himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini
üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz, ähli ugurlarda bolşy
ýaly, himiýa senagatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi
çekip, wise-premýere taýýarlanylan teklipleri degişli düzümler bilen düýpli
seljermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” kesgitlenen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan
toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreler eksport
edilýän önümleriň tiz we bökdençsiz resmileşdirilmegini, alnyp gidilmegini
üpjün etmäge, eksport amallaryny ýeňilleşdirmäge, bu ugurda kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan telekeçiler soňky ýyllarda
dürli ugurly önümçilik kärhanalaryny, oba hojalyk önümçiliklerini döredip,
bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmegi ýola goýdular. Bu önümler içerki we
daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi ýurdumyzyň eksportynyň
artmagyna ýardam edýär.
Häzirki
wagta ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini hem-de
öndürýän harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny goramak, içerki bazarda haryt
dolanyşygyny düzgünleşdirmek boýunça işler Türkmenistanyň daşary ýurtlardan
getirýän we eksport edýän dürli harytlary üçin gümrük paçlaryny tölemek babatda
hereket edýän düzgünine laýyklykda amala aşyrylýar. Ol Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçilige
hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň, hususy kärhanalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde
eýeleýän ornuny berkitmegiň, bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň
döwletimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz işewürligi
goldamagyň çäklerinde oňaýly hukuk mümkinçiliklerini üpjün etmäge, hususy
ulgamyň netijeli işlemegi üçin beýleki zerur şertleriň döredilmegine
gönükdirilen çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýdyp,
wise-premýere garalýan meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna fabrikleri dolandyrmak ulgamyny döwrüň talaplaryna
laýyk getirmäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga
gönükdirilen degişli çäreleri durmuşa geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň
dokma pudagynyň innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup
durýandygyny nygtady. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň düzümine ýerli
çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalar goşuldy.
Hormatly
Prezidentimiz kuwwatly gaýtadan işleýän binýadyň döredilmeginiň Türkmenistanyň
dokma önümlerini öndürýän öňdebaryjy döwletleriň hatarynda mynasyp orun
eýelemegine ýardam edendigini, öndürilýän harytlaryň hiliniň bolsa ýurdumyzyň
abraýyny has-da belende göterendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine ünsi
çekip, wise-premýere hereket edýän kärhanalaryň işini kämilleşdirmek baradaky
meseläni düýpli öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sentýabr aýynda
geçiriljek çärelere, olara gabatlanyp guraljak medeni-durmuş maksatly
desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy”
diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda
maslahatlary, “tegelek stol” maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini,
brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary
geçirmek göz öňünde tutulýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň
rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Döwlet
medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji
tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn
asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Sentýabr
aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysady gazanylanlaryň sergisi
guralar.
Baýramçylyk
günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur
medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Paýtagtymyzda we
welaýatlarda medeni-durmuş, önümçilik binalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar
guralar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sentýabrda guraljak
baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary
berdi. Döwlet Baştutanymyz bu dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny aýdyň beýan etmelidigini, halkymyzyň iň
gowy däp-dessurlary esasynda geçirilmelidigini belledi.
Soňra
wise-premýer “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýaş aýdymçylaryň 12-si 27-nji awgustda
“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bäsleşigiň jemleýji
tapgyryna gatnaşar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän hem-de milli medeniýetimiziň
we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini şertlendirýän, täze zehinleri ýüze
çykarmaga mümkinçilik berýän telebäsleşigiň ähmiýetini nygtap, bäsleşigiň
jemleýji tapgyryny we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe
hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylyna, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”
bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli
döwrebaplaşdyrmak, milli bilimi halkara ülňüleriň derejesine ýetirmek üçin
amatly şertler döredilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze okuw
ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda
bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi, olaryň ählisi zerur okuw hem-de görkezme
esbaplary bilen üpjün edildi.
Okuwçylary
we talyp ýaşlary ýurdumyzda öndürilen okuw esbaplary, okuwçy lybaslary, sport
eşikleri, beýleki zerur harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmek maksady
bilen, Aşgabatda, welaýatlarda we etraplarda, şeýle-de oba ýerlerinde söwda
nokatlary guraldy.
25-nji
awgustda Aşgabat şäherinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda bilim
işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeler —
bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň hem-de ýaş nesle terbiýe bermegiň
derejesini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny, okatmagyň
usulyýetini kämilleşdirmegiň hem-de bilim işgärleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
1-nji
sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli çäreler,
şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant
obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül
goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde
dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda “Halkyň Arkadagly
zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler.
Ýurdumyzyň
1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň
adyndan gymmatly sowgatlary - kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde
tutulýar.
Aşgabatda
we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy
baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu çäreleriň
ýaş nesilleri oňat okamaga ruhlandyrjakdygyny, olarda bilimleri özleşdirmäge we
gözýetimlerini giňeltmäge höwesi güýçlendirjekdigini nygtady.
Berkarar
döwletimiziň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitlerine bagyşlanan ilkinji okuw
sapagy ýaşlaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyryp, olaryň kalplarynda
watançylyk duýgularyny ösdürmäge ýardam eder.
Soňra
wise-premýer zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň
jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berip, onuň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans,
aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk
gazanandygyny habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, zehinli çagalary ýüze çykarmak boýunça işleri
geljekde-de dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere 3-nji sentýabrda
geçiriljek ýaş ýerine ýetirijileriň konsertine taýýarlygyň barşyna talabalaýyk
gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
Prezidentiniň şu ýylyň sentýabr - dekabr aýlarynda daşary ýurtlara boljak
saparlaryna taýýarlygyň meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, dünýäniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň
esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýokary derejeli duşuşyklara we
gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz abraýly
sebitara hem-de halkara guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklary
yzygiderli ösdürýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe
sammitlere gatnaşmagy meýilleşdirildi.
Häzirki
wagtda Daşary işler ministrligi dürli ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen
bilelikde degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Şunda guramaçylyk we
beýleki meseleleriň çözgüdine, saparlaryň maksatnamalarynyň, olaryň çäklerinde
gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna möhüm
ähmiýet berilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ygrarlydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de ähli
gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen bähbitli gatnaşyklary ösdürer, netijeli
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
esasda giňelder.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, wise-premýere,
DIM-niň ýolbaşçysyna daşary ýurtlara boljak saparlaryň we onuň çäklerinde
geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikleriň taýýarlygyny ýokary
guramaçylyk derejesinde alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we Döwlet
maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ugurdaş
kanunçylygy esasynda döwrebap halkara görkezijilere laýyk gelýän milli elektron
kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ony giňden
peýdalanmaga, olary taýýarlaýjylar üçin degişli şertleriň döredilmegine, bu
ugurda utgaşykly işiň ýola goýulmagyna gönükdirilen degişli Kararyň taslamasy
taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn
okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrmak
boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Milli
elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri
hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna iberdi hem-de
resminamanyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra
agentligiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 15-16-njy
awgustynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň
derejesindäki halkara maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi.
Forumyň
dowamynda pandemiýadan soňky döwürde ulag ulgamynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de forumyň çäklerinde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn
edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. Multimodal
üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik düzümi ösdürmek, maýa goýum serişdelerini
çekmek, ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmak, degişli resmileşdiriş çärelerini
ýönekeýleşdirmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, sanly düzümleýin
hyzmatlary ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, portuň dolandyryş ulgamyny
kämilleşdirmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljekki meseleleri boýunça
gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl” portlar düzümine goşulmagy üçin “EcoPort”
güwänamasyny almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmek, Üstaşyr geçirmek
boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Aşgabat
ylalaşygyny amala aşyrmagyň wajyp ugurlaryna garaldy.
Geçirilen
gepleşikleriň jemleri boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy we degişli
resminamalara gol çekildi. Olary durmuşa geçirmek maksady bilen, teklipleriň
6-sy taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilen halkara maslahatyň we onuň çäklerinde häzirki zamanyň ýagdaýlaryny
hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ulag-logistika
ulgamyndaky sebitleýin, ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň
çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Yklymüsti
ugurlaryň möhüm çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan bu ugurda
ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we olary ählumumy abadançylygyň bähbidine doly
durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasyny
ilerletmek, onuň degişli gurallaryny giňden peýdalanmak, ýurdumyzda kabul
edilen ugurdaş maksatnamany durmuşa geçirmek aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Bu
bolsa ulag ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag gatnawlarynyň yzygiderliligini we
netijeliligini ýokarlandyrmagyň, köpşahaly ugurdaş düzümi döretmek boýunça
wezipeleri durmuşa geçirmekde işjeň we oňyn orun eýeleýändigini belläp, beýan
edilen teklipleri makullady hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa
geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, sentýabr
aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belledi. 1-nji sentýabrda
ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şol gün siziň ähliňiz
meýilnama laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdeplerine baryp, ýaşlary täze okuw
ýylynyň başlanmagy bilen gutlarsyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz tabşyrdy.
1-nji
sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy
geçiriler.
Wise-premýer
N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly ähli meýilleşdirilen
çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy
mynasybetli birnäçe dabaraly çäreleriň, taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň
geçiriljekdigini aýdyp, şolara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk
görülmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň,
medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy we pudaklaryň sazlaşykly
ösüşine gönükdirilen resminamalar kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglygyny, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi