Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat
Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk
21.10.2022
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler
geçirildi.
Irden dostlukly ýurduň Lideriniň awtoulag
kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli
myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Köşkler toplumynyň merkezi
girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentini mähirli garşylady.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki goňşy ýurduň
Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat
Mirziýoýew Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa bildirýärler. Iki ýurduň
Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň wekiliýetleriniň agzalary bilen
tanyşýarlar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan
soňra, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşini “Rowaç” otagyna çagyrýar. Şol ýerde
ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we
özbek wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, ýurdumyza
gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe
minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm
waka hökmünde garalýandygyny belledi.
Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy doganlyk döwletlerdir, goňşulardyr,
şoňa görä-de, biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet
berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurtlaryň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistanyň
bitarap daşary syýasy ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara
düzümlerde öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin
minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, ýurdumyzyň goňşy döwletiň köpugurly daşary
syýasatyny hemişe goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,
energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy, ýokary tehnologiýalar,
söwda ýaly möhüm ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge ygrarlylyk
tassyklanyldy. Suw hojalygy we tebigaty goramak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga
aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hemişe aýratyn orny eýeleýär diýip,
hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn medeni, ylym we bilim gatnaşyklaryny hil
taýdan täze derejä çykarmak üçin tagalla etmegiň maksadalaýykdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň wajypdygy barada aýdyp, onuň örän
netijeli boljakdygyna, duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin esas bolup hyzmat
etjekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly ýurduň Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylygy,
bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
Özbegistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňra, ilkinji daşary ýurt
saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, birek-birege
hormat goýmaga, ynanyşmaga, uzak möhletli maksatlaryň hem-de bähbitleriň
umumylygyna düşünişmäge esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä
çykaryldy. Belent mertebeli myhman ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza mähirli
salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, suw, oba hojalygy we beýleki
ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly,
soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça öňegidişlikleri
gazanmak başartdy. “Ýol kartasy” esasynda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Belent mertebeli myhman medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýyna we geljegine aýratyn üns berip, özbek tarapynyň olary
çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň daşary syýasy ugruny hem-de
ählumumy ösüşiň derwaýys meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny yzygiderli
goldaýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Öz nobatynda, biziň
döwletimiz hem Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasat strategiýasyny, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar
diýip, özbek Lideri aýtdy.
Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew açylýan täze mümkinçilikleri, geljek
üçin ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, türkmen-özbek
gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de taraplar
sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp
meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak
meselesine aýratyn üns berildi.
Soňra “Soltan Sanjar” zalynda gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň
resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany we Özbegistanyň wekiliýetiniň
agzalaryny Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe
Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Bu eýýäm soňky dört aýyň dowamynda biziň ikinji resmi duşuşygymyzdyr. Munuň
özi biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary okgunly
ösdürmäge, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklarynyň arasynda
dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şu ýylyň iýul
aýynda Özbegistana bolan döwlet saparymyň barşynda gazanylan ylalaşyklary
berkitmäge we durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýändikleriniň subutnamasydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurt sebit we halkara
howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun
dolanyşygyna, serhetýaka guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek
meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Iri halkara guramalaryň çäklerinde
hyzmatdaşlygyň we hereketleri utgaşdyrmagyň ýokary derejesi üýtgewsiz
bolmagynda galýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Özbegistanyň halkara
guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaklarynda äşgär ýüze
çykýar.
Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny, biziň başlangyçlarymyzy, şol
sanda halkara hyzmatdaşlygyň energetika we ulag ýaly möhüm ugurlaryndaky
başlangyçlarymyzy Özbegistanyň goldaýandygyna ýokary baha berýäris diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady. Özbegistan biziň döwletimiziň başlangyjy bilen
kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 17-siniň awtordaşy
bolup çykyş etdi, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen Bitaraplygyň
dostlarynyň toparynyň agzasy bolup durýar.
Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem dürli halkara meýdançalarda goňşy döwleti
yzygiderli goldaýar. Mysal üçin, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Özbegistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Aralýaka sebiti “Ekologik
innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň zolagy” diýip yglan edýändigi hakyndaky
Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar, şeýle-de Özbegistanyň BMG-niň
howandarlygynda ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyny ösdürmegiň sebit merkezini
döretmek baradaky başlangyjyny goldady.
Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, ýagdaýy
durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklara, terrorçylyk, ekstremistik, radikal ýüze
çykmalara ýol bermezlik iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşyklarynyň guraly şeýle hyzmatdaşlygyň netijeli beýany bolup
durýar. Munuň özi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak bilen, anyk,
ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri üpjün edýär.
Owganystandaky ýagdaý gepleşiklerimiziň meseleleriniň biri boldy diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň bu döwletde parahatçylygy,
durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady we durmuş taýdan
dikeltmek üçin şertleri döretmegini, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik
kömegini bermegini dowam etdirjekdiklerini tassyklady. Şu maksatlara ýetmek
üçin amatly halkara şertleri döretmek boýunça Özbegistanyň tagallalaryny
goldamak bilen, şu ýylyň iýul aýynda Owganystan boýunça Daşkentde geçirilen
halkara maslahata ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak
esasynda, suw hojalyk we suw-energetika meselelerinde Özbegistan bilen
gatnaşyklaryň ösdürilýändigine aýratyn üns çekildi. Biziň ýurtlarymyz Araly
halas etmegiň halkara gaznasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Aral meselesi
boýunça, şeýle-de halkara guramalar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy
dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Özbegistan Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşydyr.
Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk,
dokma, derman senagaty pudaklary işjeň hyzmatdaşlyk üçin ýurtlarymyzyň uly
kuwwata eýe bolan anyk ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň
işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip,
döwlet Baştutanymyz türkmen we özbek kompaniýalaryny ýurtlarymyzyň çäklerinde
amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çekmekde döwlet
goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhetýaka
gatnaşyklary, sebit söwdasyny giňeltmek ugrunda çykyş edýändigini belledi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ösdürmäge bil
baglaýarys. Biziň umumy işlerimiziň hatarynda durmuşa geçirilen iri energetika
taslamasy - Türkmenistan - Özbegistan - Gazagystan - Hytaý gaz geçirijisi bar.
Özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini
ep-esli artdyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin
mümkinçiliklere garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ulag ulgamy Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksady Merkezi
Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini
üpjün edip biljek kuwwatly we häzirki zaman düzümini döretmäge gönükdirilip
bilner we gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Özbegistan -
Türkmenistan - Hazar deňzi - Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa
çykmak arkaly, ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge
Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan -
Türkmenistan - Eýran - Oman - Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa
geçirmegi çaltlandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy
bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat
üstünlikli geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Özbegistanyň uly
wekiliýetiniň oňa işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meselelerine
degip geçip, taraplaryň ikisiniň hem ylym we bilim, sungat işgärleriniň
arasynda gatnaşyklary giňeltmäge yzygiderli üns berýändigini belledi.
Parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň
kanun çykaryjy edaralarynyň ysnyşykly gatnaşyklary iki döwletiň arasyndaky
gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen-özbek parlamentara
gatnaşyklary Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine
saldamly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident
Şawkat Mirziýoýewe, Hökümet wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli gepleşikler
üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk,
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny
tassyklap, goňşy ýurduň Lideriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan
bahasyna ýetip bolmajak goşandyny aýratyn belledi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.
Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hut
öz adyndan we wekiliýetiň agzalarynyň adyndan türkmen topragynda mähirli kabul
edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistanyň
iň ýakyn goňşusydygyny, ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna
garşy durmak - terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun
dolanyşygyna garşy göreşmek ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Özbegistanyň
başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
kabul edilen Kararnamalary Türkmenistanyň goldaýandygyna ýokary baha berýäris
diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
Öz nobatymyzda, biz Türkmenistanyň teklibi bilen Baş Assambleýada kabul
edilýän Kararnamalary hemişe goldaýarys we mundan beýläk-de goldarys hem-de
olaryň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş ederis. Müňýyllyklaryň dowamynda
türkmen we özbek halklary ýakyn goňşy bolup ýaşapdyr, hemişe birek-birege goldaw
beripdir. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary häzirki
günde-de biziň strategik hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürmek üçin pugta esas
bolup hyzmat edýär. Şu gepleşikler köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
yzygiderli giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, Prezident
Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilýän
duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meseleleriniň açyk
ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şu gün Türkmenistan we Özbegistan strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak
hakynda Jarnamany kabul edip, taraplaryň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga
hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek
tassyklaýarlar diýip, goňşy döwletiň Lideri aýtdy. Belent mertebeli myhman
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň häzirki wagtda okgunly ösýän döwletara gatnaşyklary kemala
getirmekdäki ägirt uly hyzmatyny belledi.
Özbek-türkmen hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, gürrüňsiz, möhüm
ähmiýete eýedir diýip, dostlukly döwletiň Lideri nygtady. Özara söwdanyň
möçberleriniň öşüş depgini aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen
birlikde, üç aý mundan ozal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen
geçirilen gepleşikler mahalynda Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagynyň işini
ýola goýmak baradaky ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn daşary
ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we söwda öýleriniň işini
düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de gümrük gulluklarymyzyň arasynda
pudagara resminamalara gol çekilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder
diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Nygtalyşy ýaly, ikiçäk duşuşykda senagat, energetika, himiýa pudagy, oba
hojalygy, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlarda goşulyşmak bilen
bagly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag ulgamy strategik ugurlaryň
hatarynda görkezildi. Bu babatda öňegidişlik gazanyldy. Suwy rejeli peýdalanmak
meseleleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys ugry bolmagynda galýar.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň bu ulgamdaky gatnaşyklary, hakykatdan-da,
nusgalyk bolup durýar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň Amyderýa
boýunça taryhy Ylalaşygy doly derejede durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge
meýillidigini tassyklady.
Dostlukly ýurduň Lideri taraplaryň energetika ulgamynda we himiýa
senagatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma
bildirýändiklerini belledi. Munuň özi iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýär
we olaryň durnukly ösüşine ýardam eder. Sebitara gatnaşyklary ösdürmek ileri
tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka
söwda zolagynyň çalt işläp başlamagy üçin bilelikdäki “Ýol kartasyny” işläp
taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.
Belent mertebeli myhman ýokary derejedäki ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini
we ilerledilişini seljermek üçin parlamentara dostluk toparlarynyň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär diýip,
Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Geljek ýylda - diplomatik gatnaşyklaryň ýola
goýulmagynyň 30 ýyllygynda iki ýurduň sebitleriniň özara Medeniýet günlerini we
kino, ýaşlar festiwallaryny geçirmek teklip edildi.
Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň hem-de halklarymyzyň täsin taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz
etmegiň möhüm şerti bolup biler diýip, Özbegistanyň Baştutany aýtdy. Şeýle-de
atçylyk pudagynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge uly gyzyklanma
bildirilýändigi bellenildi. Türkmenistan ahalteke bedewleriniň tohumyny
dikeltmekde täsin tejribä eýedir diýip, belent mertebeli myhman bu ulgamda
özbek hünärmenleri bilen gymmatly tejribe alşylýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Baştutany türkmen hyzmatdaşlaryny
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýa -
parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etmegi
bilen gutlady. Sözüniň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň
Türkmenistan bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap,
bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň halklarynyň dostlugyny, hoşniýetli
goňşuçylygyny we abadançylygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra,
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri
taýýarlamak çygrynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet
gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň
arasynda taraplaryň şübheli maliýe amallaryny duýdurmak, ýüze çykarmak we
geçirmek ugry boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti
bilen Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa baradaky agentliginiň arasynda
kino önümçiligi ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda derman serişdelerini we lukmançylyk
maksatlaryna niýetlenen önümleri hasaba almak boýunça Ylalaşyga; Türkmenistanyň
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky
gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Gidrometeorologiýa baradaky merkezi
gullugynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen
Özbegistan Respublikasynyň Maldarçylygy ösdürmek we weterinariýa döwlet
komitetiniň arasynda maldarçylyk we weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça “Ýol kartasyna”; elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen
Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň we Özbegistan
Respublikasynyň çäklerinde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky
Ylalaşyga; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolaklarynyň - Söwda merkezleriniň
işini düzgünleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek hakynda Teswirnama;
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy gatnaşyklary
işjeňleşdirmek, parlamentara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni-ynsanperwer
ugurly alyşmak boýunça 2022 - 2024-nji ýyllar üçin iş ýüzündäki Hereketleriň
meýilnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň
çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama gol çekilýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda
strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň
Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme
bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini beýan edip,
Prezident Şawkat Mirziýoýewe, Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli
agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli
gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi,
sebit hem-de halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan
beýläkki özara gatnaşyklarymyzyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ilkinji nobatda,
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň dünýäde
parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorçylygyň,
ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak
ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny
nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi.
Ýurtlarymyz halkara we sebit düzümlerinde - Birleşen Milletler Guramasynda,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
Biz birek-biregi goldaýarys we munuň özi aýdyň netijelerini berýär,
sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlaryň barşyna oňyn täsirini ýetirýär diýip, döwlet
Baştutanymyz şeýle çemeleşmäniň ikitaraplaýyn bähbitlere hem-de dünýä
jemgyýetçiliginiň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça uzak möhletleýin
maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle özara gatnaşyklar dowam
etdiriler.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy häzirki günde Merkezi Aziýa
giňişliginde ýagdaýlaryň durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň strategik şerti bolup
çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşyklarynyň guralyna ýokary baha berlendigine, onuň mundan
beýläk-de pugtalandyrylmagyna taýýarlygyň tassyklanylandygyna üns çekildi.
Türkmenistan hem-de Özbegistan sebitimizdäki ähli meseleleriň hoşniýetli goňşuçylyk,
özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda hem-de birek-biregiň
bähbitlerini nazara almak bilen, parahatçylykly ýollar arkaly çözülmelidigine
pugta ynanýarlar. Sebitiň özygtyýarly döwletleriniň içerki işlerine goşulmagy,
ekstremistik, radikal elementleri ulanmak arkaly, syýasy ýagdaýy
durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary ýol berilmesiz hasaplaýarys diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaý barada
aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtdaky ýagdaýyň
parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygymyzy
tassykladyk. Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara doly derejede
goşulyşmagynyň, ilkinji nobatda, iri energetika, ulag-kommunikasiýa
taslamalaryna gatnaşmagy arkaly ýakynlaşmagynyň zerurdygyny belledik.
Özbegistanyň bu maksatlara ýetmek üçin oňaýly halkara şertleri döretmek boýunça
tagallalaryny goldamak bilen, iýul aýynda Daşkent şäherinde geçirilen
Owganystan boýunça halkara maslahata ýokary baha berýäris diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Aral meselesi boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürmek, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine
hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada ylalaşdylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak ulgamynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň işewür
toparlarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary
amala aşyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Strategik ulgamlarda — ulag,
kommunikasiýalar, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça
ylalaşyklar gazanyldy.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
ösdürilýändigini, medeniýet, ylym, bilim hem-de sport ulgamlary boýunça
gatnaşyklaryň giňeldilýändigini, soňky wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň
goňşy welaýatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini aýdyp, bu
işleri döwlet derejesinde doly goldamak barada ylalaşygyň gazanylandygyny
belledi.
Şu günki gepleşikler mende uly kanagatlanma duýgusyny döretdi, olaryň
jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň döwletara
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly şahsy goşandyny, onuň Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlyk meselelerine berýän hemişelik ünsüni aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda doganlyk özbek halkyna parahatçylyk we
abadançylyk, döredijilikli zähmetinde mundan beýläk-de üstünlikler baradaky
arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini
teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna däp
bolan myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň
okgunly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp Aşgabatda bolmak bilen, biz
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda çuňňur
oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň amala aşyrylmagynyň dowam edýändigine,
döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň
gazanylýandygyna tüýs ýürekden şatdyrys diýip, özbek Lideri belledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ähli başlangyçlaryň esaslandyryjysy Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly dostum hem-de doganym
hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowdyr. Onuň parasatly hem-de öňdengörüjilikli
strategiýasy Türkmenistana durnukly ösüşi, halkara giňişlikde belent abraýy we
mynasyp orny üpjün etdi diýip, goňşy döwletiň Baştutany nygtady.
Biziň umumy syýasy erkimiz esasynda soňky ýyllarda özbek-türkmen
gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy we hyzmatdaşlygymyz netijeli
häsiýete eýe boldy. Şu gün ýurtlarymyzyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegi ikitaraplaýyn görnüşde hem-de
halkara giňişlikde has ysnyşykly gatnaşyklary göz öňünde tutýar diýip, belent
mertebeli myhman Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagynyň häzirki Özbegistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen açyklyk, ynanyşmak we
işjeň ýagdaýda geçirilen netijeli gepleşikler munuň aýdyň subutnamasyna
öwrüldi. Özbek Lideri duşuşygyň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, onuň
barşynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň köp meselelerine içgin garalandygyny
hem-de ähli ugurlar boýunça uly ösüşiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle-de ol
açylýan täze mümkinçiliklere we iki doganlyk halkyň bähbidine dostlukly ýurtlaryň
uly kuwwatyndan peýdalanmagyň has netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna
aýratyn üns berlendigini nygtady.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň özbek-türkmen
hyzmatdaşlygynyň hereketlendirijisi bolup durýandygy nygtaldy. Bilelikdäki
tagallalar netijesinde, häzirki döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, bize özara
söwdanyň möçberiniň yzygiderli ösüşini üpjün etmek başartdy diýip, Prezident
Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi we şu gün döwrebap düzümli serhetýaka söwda
zolagynyň kemala getirilmegine badalga beriljekdigini belledi. Bularyň hemmesi
haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna, işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine, iki
ýurduň sebitlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Himiýa senagatynda, energetikada taslamalary amala aşyrmak arkaly
kooperasiýanyň giňeldilmegini gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda görkezmek
bolar. Şunuň bilen birlikde, taraplar Gündogar - Günbatar, Demirgazyk - Günorta
ugurlary boýunça ulag geçelgelerini bilelikde ösdürmäge, şu maksatlar bilen
ulag-logistika kompaniýasyny döretmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Ýurtlarymyz üçin möhüm bolan suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky
gatnaşyklarymyz we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki
hyzmatdaşlygymyz bilen bagly meseleleri hem ünsden düşürmedik diýip, Şawkat
Mirziýoýew sözüni dowam etdi we Merkezi Aziýadaky serhetýaka derýalaryň suw
serişdelerini adalatly, rejeli peýdalanmak üçin netijeli dialogy dowam
etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Özbegistan hem-de Türkmenistan şu ýyl Amyderýa boýunça taryhy Ylalaşyga gol
çekip görelde görkezdiler diýip, goňşy döwletiň Lideri daşky gurşawy goramak,
tebigy häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren
täsirlerini aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini
belledi. Sebitara gatnaşyklaryň we halk diplomatiýasy ugurlary boýunça
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny möhüm hasaplaýarys.
Serhetýaka sebitleriň arasynda hemişelik gatnaşyklary ýola goýmak möhümdir
diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam edip, parlamentara hyzmatdaşlygyň,
şol sanda sebit derejesindäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belledi.
Goňşy ýurduň Baştutany iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluga esaslanýan
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada aýdyp, Özbegistan bilen Türkmenistanyň
arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny giňden
bellemek maksady bilen, geljek ýyl özara Medeniýet we kino günlerini, festiwallary,
beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny nygtady.
Bilimiň häzirki wagtda dünýäde eýeleýän ornuny nazara almak bilen, taraplar
bilim we ylym, saglygy goraýyş, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamlarynda
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler.
Şu gün biz gözel Aşgabatda dabaraly ýagdaýda “Daşkent” seýilgähini açarys
diýip, Şawkat Mirziýoýew bu taslamanyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowa we şeýle gymmatly sowgat üçin hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň we
Daşkentdäki “Aşgabat” seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň hem-de hoşniýetli
goňşuçylygynyň aýdyň nyşanlary bolandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.
Bellenilişi ýaly, taraplar halkara hem-de sebit syýasatynyň möhüm
meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň umumydygyny tassyklap, beýleki
köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi,
birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy we awtordaş hökmünde çykyş etmegi
ylalaşdylar. Merkezi Aziýada howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek
meselelerine aýratyn üns berildi diýip, özbek Lideri durmuş tejribesiniň sebit
hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça strategik ugruň dogrudygyny tassyklandygyny
nygtady.
Şunuň bilen birlikde, owgan meselesi boýunça, hususan-da, Owganystanda
ýagdaýy tizden-tiz durnuklaşdyrmaga hem-de möhüm düzümleýin taslamalary
ilerletmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmek babatda garaýyşlaryň
meňzeşdigi bellenildi. Terrorçylyga, ekstremizme, radikalizme, neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de guramaçylykly jenaýatçylyga garşy
bilelikde göreşmek döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda
kesgitlenildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna
gol çekildi. Olar köpugurly hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny öz içine alýar
diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň
netijeleriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna,
iki doganlyk ýurduň hem-de halkyň bähbitlerine Türkmenistanyň we Özbegistanyň
arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Diwanynyň binasyna geldi. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli
garşylady.
Gahryman Arkadagymyz we özbek Lideri dostlarça salamlaşyp, iki ýurduň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti däp bolan türkmen-özbek
gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan onuň üstüniň täze
many-mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti
bilen Aşgabatda duşuşmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
meseleleri, şol sanda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerinde
guralýan parlamentara gatnaşyklar boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige
örän şatdygyny aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada
aýtmak bilen, beýik özbek şahyry we akyldary Alyşir Nowaýynyň: “Mundag muhabbet kişi älem nagşydyr”, “Dost gadryny bilen ynsan ýagşydyr” diýen goşgy setirlerini mysal getirdi. Özbegistanyň
Baştutanynyň şu gezekki resmi saparynyň barha okgunly ösdürilýän türkmen-özbek
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýete eýedigini
belläp, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe döwlet işinde
üstünlik, doganlyk ýurduň halkyna bolsa bagt, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew özüniň hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga örän şatdygyny nygtap,
Özbegistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna
ygrarlydygyny tassyklady. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlar boýunça
okgunly ösüş depginlerine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk
binýadynyň döredilmegine goşan uly goşandy bellenildi. Özbegistan
Respublikasynyň Baştutany gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, olaryň jemleri
boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň köp
ugurlar boýunça okgunly ösüşine ýardam berjek resminamalaryň uly toplumyna gol
çekilendigini aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana hemişe höwes bilen gelýändigini
belläp, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de diňe
bir sebit däl, halkara derejede-de uly ähmiýete eýe bolan parlament
diplomatiýasynyň gurallaryny doly herekete girizmek boýunça Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlaryny goldaýandygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, iki goňşy ýurduň halklaryny taryhy taýdan emele gelen
gatnaşyklar, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde
strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Türkmenistan bilen Özbegistan
netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýärler, durnukly ösüş derejesini
görkezýärler hem-de uzak geljegi nazarlaýan giň mümkinçiliklere eýedirler.
Biziň ýurtlarymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdürilmegine, şol sanda birnäçe bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine hem
aýratyn ähmiýet berýärler. 2018-nji ýylda Daşkentde “Aşgabat” seýilgähiniň
açylmagy, şu gün bolsa türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açylýandygy
çuň many-mazmuna eýedir we barha berkeýän ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň
giňeldilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara, sebit guramalarynyňdyr düzümleriniň
çäklerinde hem işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Şunda oňyn ösüşe eýe
bolan parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup
durýandygy bellenildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň
umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Alabaý atly türkmen
alabaýyny sowgat berdi we onuň nesil ugry hakyndaky şahadatnamany gowşurdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, köp asyrlaryň
dowamynda eýesine çäksiz wepalylyk, batyrgaýlyk we goramak başarnyklaryna eýe
bolan alabaý itleri türkmenleriň diňe bir kömekçileri, ygtybarly goragçylary
bolman, dosty we wepaly hemrasy hem bolupdyrlar. Häzirki wagtda olar halkymyzyň
aýawly goralyp saklanýan we nesilden-nesle geçirilýän baý medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk türkmen-özbek dostluk gatnaşyklaryna
ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin Gahryman Arkadagymyza
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň halklaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Prezident Şawkat Mirziýoýew “Halk hakydasy”
ýadygärlikler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli
gahrymanlaryň - edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren “Baky
Şöhrat” ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde
ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň
kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi. Bu ýerde dostlukly ýurduň
Liderine degişli ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny
dakmak dabarasy boldy.
Özbegistanyň Baştutany uniwersitetiň mejlisler zalyna girýär we sahnada özi
üçin ýörite bellenen ýere geçýär. Bu dabara mynasybetli TDU-nyň
professor-mugallymlar düzümi, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar
ýygnandylar. Şeýle-de dabara Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň
we halkara guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
Dabara açyk diýlip yglan edilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektoryna söz berilýär,
ol ýygnananlaryň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini tüýs ýürekden
gutlap, şu günüň aýratyn şanly waka hökmünde bu ýokary okuw mekdebiniň taryhyna
girjekdigini aýdýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga alan
milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar.
Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýakyn goňşymyz we doganlyk ýurt
bolan Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk uly orny eýeleýär.
Häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taraplaryň bilelikdäki
üstünlikli işleri netijesinde, şol sanda ynsanperwer ulgamda hil taýdan täze
derejä çykandygyny belläp, TDU-nyň rektory ýygnananlary belent mertebeli
myhmanyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol köp ýyllaryň dowamynda abraýly döwlet
wezipelerinde işledi.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak baradaky
çözgüdi yglan edilýär. Dostlukly ýurduň Liderine bu ýokary alymlyk derejesi
onuň türkmen we özbek halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, syýasy, söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sport we
syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy
ugrunda bitiren şahsy hyzmatlary hem-de uly goşandy üçin berildi.
Özbegistanyň Baştutany TDU-nyň “Hormatly professory” alymlyk adynyň
dakylandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw
mekdepleriniň birinde bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Prezident
Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen hormat üçin hoşallygyny beýan
edip, bilelikdäki tagallalar esasynda iki ýurduň arasynda dostlugyň berk
binýadynyň goýlandygyny nygtady.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda belent mertebeli myhmana
dabaraly ýagdaýda türkmen milli dony geýdirilýär we degişli attestat
gowşurylýar. Özbek Lideriniň adyna tüýs ýürekden gutlaglar, iň gowy arzuwlar
aýdylýar.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär. Prezident Şawkat
Mirziýoýew ýygnananlara ýüzlenip, dabara gatnaşyjylaryň ählisini, şol sanda
diplomatik gulluklaryň wekillerini mübärekleýär. Özbegistanyň Baştutany şu gün
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde çykyş etmegiň özünde uly
kanagatlanma döredýändigini belläp, şeýle abraýly bilim edarasynyň, ylym
merkeziniň “Hormatly professory” adynyň dakylandygy üçin ýene-de bir gezek
hoşallyk bildirdi we munuň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Ýaşlaryň bilime ymtylmaklary Türkmenistanyň geljeginiň ygtybarly
ellerdedigini, bizi - ýakyn goňşulary örän begendirýändigini alamatlandyrýar
diýip, özbek Lideri aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew amala aşyrylýan
parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde Türkmenistanyň halkyň
abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýän döwrebap, köpugurly ykdysadyýetli
okgunly ösýän döwlete öwrülendigini nygtady. Merkezi Aziýanyň merjeni
hasaplanýan Aşgabat şäheri ýurduň ýeten belent sepgitleriniň nyşanydyr.
Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk, hoşniýetli
goňşuçylyk häsiýetini nygtap, 2017-nji ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen bilelikde döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň
goýlandygyny belledi. Häzirki wagtda ol strategik hyzmatdaşlyk derejesine
çykaryldy. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen
hyzmatdaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa -
parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi
bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Ösüşiň häzirki tapgyrynda biz özbek hem-de türkmen halklarynyň taryhynyň
umumylygyndan we geljeginiň mizemezliginden ugur alýarys. Bu möhüm ýörelgäni
nazara alyp, biz Türkmenistanyň üstünliklerini öz üstünliklerimiz ýaly kabul
edýäris diýip, belent mertebeli myhman häzirki wagtda medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bar bolan özara kuwwaty artdyrmak
boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Bu gün iki ýurduň şäherleriniň
esasy köçeleri özbek hem-de türkmen halklarynyň beýik şahyrlarynyň we
akyldarlarynyň adyny göterýär.
Özbegistanda etniki türkmenler uly kowçum bolup ýaşaýarlar. Şu gün bolsa
Aşgabatda täze “Daşkent” seýilgähi açylýar. Prezident Şawkat Mirziýoýew
mümkinçilikden peýdalanyp, özbek halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ajaýyp
sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Belent mertebeli myhman berk binýady goýlan, dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary türkmenistanlylaryň
ýaş nesliniň wekilleriniň mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirip,
türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr, ylym-bilim ýaýradyjy we filosof
Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan: “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr”
diýen sözleri getirdi. Bellenilişi ýaly, bu şahyrana sözler biziň iki doganlyk
halklarymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň hem-de taglymlarynyň
aýdyň beýany bolup durýar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda özüne TDU-nyň “Hormatly
professory” diýen adyň dakylandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan
edip, uniwersitetiň hünärmenleri taýýarlamak babatda şöhratly däpleri dowam
etdirjekdigine, onuň uçurymlarynyň bolsa asylly işe - Watany ösdürmäge abraý
bilen hyzmat etjekdiklerine ynam bildirdi we bu bagtly güni hemişe ýadynda
saklajakdygyny nygtady.
Dabara tamamlanandan soňra, belent mertebeli myhman hemmeler bilen
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şol gün Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň
gatnaşmagynda Aşgabatda gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy
boldy. Magtymguly şaýolunyň iki tarapynda-da ellerinde Türkmenistanyň we
Özbegistanyň baýdaklary pasyrdaýan ýaşlar seýilgähe çenli göni hatara
düzüldiler.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany seýilgähiň esasy girelgesiniň
öňünde garşylady. Bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir
aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowy we Şawkat Mirziýoýewi özbek hem-de
türkmen milli lybasyndaky çagalar şatlykly, joşgunly goşgy setirleri bilen
garşylaýarlar. Milli özbek saz gurallarynyň - kernaýlaryň, deprekleriň owazy
ýaňlanýar. Ýaşajyk artistler hem öz şatlygyny görkezýärler.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary bilelikde
“Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagyny
kesýärler. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki tarapyna sütünleriň
göni hatary çekilen seýilgähiň ak derwezesinden girip, toplumyň gurluşy we onuň
desgalary bilen tanşyp başlaýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň joşgunly
çykyşlary ýaňlanýar.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň
aprel aýynda özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähiniň açylandygyny bellemek
gerek. Ol häzirki wagtda bu iri şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç
almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda “Daşkent”
seýilgähiniň açylmagy hem taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy däpleriň
umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir.
Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegleriniň hem-de binagärliginiň
äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak, maşgala bolup boş wagtyňy
gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulandyr. Täze seýilgähde
çagalar hem ulular wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirip bilerler.
Abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga bürelen çäkde “Daşkent” kafesi we çaýhana,
restoran, amfiteatr ýerleşýär. Körpeler üçin köpöwüşginli bezelen attraksionlar
we oýun meýdançalary bar. Meýdançanyň ýanynda amatly sekilerde bu ýere gelen
türkmen hem-de özbek ýaşululary üçin çaý içişlik guraldy.
Dostlukly ýurduň milli äheňlerini beýan edýän şekiller seýilgähiň bezeginiň
aýratynlyklarydyr. Şolaryň hatarynda mozaika nagyşly çüwdürim bar. Onuň
merkezinde Daşkendiň “Mustakillik” meýdançasyndaky derwezede gurlan heýkele
meňzeş bolan Ýer togalagyny hem-de asmana uçup barýan leglekleri şekillendirýän
heýkel oturdylypdyr. Çäýnekden hem-de birnäçe käseden ybarat özboluşly bezegli
“çaý içilýän toplum”, şeýle-de gündogar äheňinde bezelen bassyrmalar ünsi
çekýär. Bu ýerde özbek paýtagtynyň täsin binagärlik desgasynyň - Daşkent
telediňiniň kiçeldilen nusgasyny hem görmek bolýar.
Seýilgäh bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň
Prezidentleri çaýhana geldiler.
Şunuň bilen baglylykda, çaý içişlik dessurynyň Merkezi Aziýa halklarynyň
baý medeni durmuşynyň aýratyn bölegidigini bellemek gerek. Çaýhana diňe bir
hoşboý ysly çaý içilýän hem-de dürli tagamlar hödürlenilýän ýer däl, eýsem,
gadymyýetden häzire çenli söhbetdeşlik hem-de dynç almak, dostlar bilen
duşuşmak üçin aýratyn ýakymly künjek bolmagynda galýar. Häzirki wagtda-da,
ozalkylar ýaly, çaýhana özboluşly aýratynlyklary bilen jahankeşdeleri,
syýahatçylary özüne çekýär.
Gadymy döwürlerden bäri türkmen we özbek halklaryna myhmansöýerlik
däpleriniň aýrylmaz bölegi bolan özboluşly çaý içişlik dessury mahsusdyr.
Sebäbi çaý tomsuň jokrama yssysyndan we gyşyň aýazyndan halas edýär, şeýle-de
ol ylmy taýdan subut edilen tenekarlyk häsiýetlerine eýedir. Mälim bolşy ýaly,
dünýäde meşhur bu içginiň gadymy taryhy, onuň ynsana peýdasy, çaý demlemegiň
usullary hem-de halkymyzyň çaý içişlik dessurlary barada Gahryman Arkadagymyzyň
“Çaý - melhem hem ylham” atly kitabynda gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri özbek milli
äheňinde bezelen çaýhana gelip, onda döredilen şertler bilen tanyşýarlar. Bu
ýere gelýänler üçin ýakymly, myhmansöýerlik ýagdaýy döredilipdir. Myhmanlara
milli özbek aşpezlik sungatynyň dürli tagamlary - süýji-kökeler, gyzgyn
tagamlar, guradylan we ter miweler hödürlenilýär. Çaýhananyň ýanynda bolsa uly
gazanda biziň halklarymyzyň toý-baýramlarynyň saçagynyň hemişelik bezegi bolan
palaw, tamdyrda çörek bişirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde özbek
tagamlaryndan ybarat naz-nygmatlar görkezilýär.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary çaýhanadan çykyp, seýilgähiň baş sahnasynyň
öňündäki meýdança gelýärler. Bu ýerde uly monitor gurnalypdyr. Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz
welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň - Söwda
merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarlar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň sebitleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşoguz
welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň arasynda göni
gatnaşyklar has işjeňleşdirildi. Degişli resminamalara gol çekildi. Şolaryň
hatarynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny - Söwda merkezini döretmek
hem-de onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşygy we onuň
düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy bar. Şeýlelikde, şu
günki waka bu ugurdaky anyk ädim boldy.
Şu gün bu dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly dabara
gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenýärler. Olaryň hatarynda
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm
welaýatynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, halk köpçüligi,
şol sanda ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekilleri bar.
Ýaşuly nesliň wekillerine söz berilýär, olar türkmen hem-de özbek
dillerinde döwlet Baştutanlaryna täze desganyň düýbüni tutmak dabarasyna
başlamaga ak pata bermeklerini haýyş edýärler.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ak pata
berýärler. Şowhunly el çarpyşmalar astynda Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň
ýaşululary geljekki serhetýaka söwda merkeziniň binýadyna pil bilen beton
garyndylaryny atýarlar. Türkmen-özbek dostlugyna bagyşlanan köpöwüşginli
aýdym-tanslardan düzülen çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlemesi boldy.
Şeýlelikde, bu ýerde umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-özbek serhetýaka
söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek üçin häzirki zaman ugurdaş düzümi
dörediler. Täze ugurdaş desga iki halkyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine, iki ýurduň ägirt uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge ýardam
berer.
Aşgabat şäherini we Daşoguz welaýatyny birleşdiren teleköpri tamamlanandan
soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew özboluşly
haşamlanan bassyrma tarap barýarlar hem-de ýol ugruna tanapyň üstünde ýerine
ýetirilýän özbek milli darbaz oýnunyň tilsimleriniň ussatlyk bilen ýerine
ýetirilişini synlaýarlar.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary ýadygärlik ýaş agaç nahallaryny
oturdýarlar. Olar ýakyn wagtda türkmen-özbek dost-doganlygynyň nyşany hökmünde
boý alar.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bassyrma
barýarlar.
Seýilgähde ýaňlanýan türkmen we özbek aýdymlary waka baýramçylyk öwüşginini
çaýdy. Seýilgähiň çäginde “Toý mekany” hem ýerleşýär, onda dürli dabaralary,
şol sanda iki doganlyk halkyň uludan tutýan gelin toýlaryny geçirmek üçin ähli
şertler döredilipdir. Şu gün hem dabara gatnaşýanlar täze ýaş maşgalanyň durmuş
toýunyň şaýady boldular.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew “Toý mekanyna”
gelnalyjynyň gelşini synlaýarlar. Ýaş özbek çatynjalary, biziň halklarymyza
mahsus bolşy ýaly, ýygnananlara baş egip salam bermek bilen, döwlet
Baştutanlaryna tüýs ýürekden hormaty beýan edýärler.
Türkmen we özbek halklarynyň gelin toýlary asyrlaryň dowamynda emele gelen
däp-dessurlaryň we dürli yrymlaryň toplumyny öz içine alýar. Gelniň we öýlenýän
ýigidiň milli toý-lybaslary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Häzirki döwürde
gadymy dessurlar döwre görä baýlaşdyrylmak esasynda, şol bir wagtda ajaýyp
maşgala dabarasynyň iň täsin däpleriniň ruhuny saklamak bilen, täze
many-mazmuna eýe bolýar.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň adyndan ýaş
çatynjalara - ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekillerine uzak
hem-de bagtyýar maşgala durmuşyny arzuw etmek bilen bir hatarda, gymmat bahaly
sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly gün ýaşlaryň kalbynda hemişelik galar.
Soňra döwlet Baştutanlary “Daşkent” seýilgähiniň esasy girelgesine tarap
ugraýarlar we ýolugra türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň
medeniýetli dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüljek bu toplumy
synlaýarlar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew seýilgäh bilen tanyşlygy
tamamlanlaryndan soňra, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp bu ýerden ugraýarlar.
Täze “Daşkent” seýilgähinde bolsa uly baýramçylyk dowam etdi, aýdym sazlar
ýaňlandy.
Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat
Mirziýoýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Dabaraly kabul edişlikde
medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Aşgabadyň
Halkara howa menziline bardylar hem-de şol ýerde mähirli hoşlaşyp, geçirilen gepleşikleriň
netijelerine kanagatlanma bildirdiler. Iki ýurduň we halklaryň dostluk,
doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna
ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana resmi saparyny tamamlap,
uçarda Watanyna ugrady.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi