Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary
tamamlandy
22.11.2022
Şu gün Birleşen Arap Emirliklerine resmi
saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna
gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly
ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi.
Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly
gatnaşyklara ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk
esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bar bolan
ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejedäki
duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Bu resminamalar döwletara
gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak
ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de
BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh
Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda esasy ugurlaryň ählisi boýunça özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Ýakyn Gündogaryň
döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan
ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň we BAE-niň pudaklaýyn
ministrlikleriniň, maliýe, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli
geçirilýän gepleşikler ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özara
gyzyklanmanyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol hyzmatdaşlyk
bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi.
Şu gün geçirilen işewürlik maslahaty hem
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda guralan söwda-ykdysady, maýa goýum
hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Maslahatyň barşynda
açylýan mümkinçilikleri we bilelikdäki üstünlikli işiň köpýyllyk tejribesini
nazara alyp, bütin dünýäde meşhur kompaniýalar bilen işewürlik gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çemeleşmeler anyklaşdyryldy.
...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň
geçirilýän ýerine - kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça
döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary
federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui mähirli garşylaýarlar.
Myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan,
Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň sergisi işewürlik maslahatyna
gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Telekeçi zenanlar halkymyzyň buýsanjy we
bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlygy hasaplanýan ajaýyp türkmen
halylaryny, gadymy döwrüň we häzirki zamanyň ruhuny özünde jemleýän dürli haly
önümlerini görkezdiler. Bu ýerdäki ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly, eksport
ugurly dokma önümleri köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda
meşhur kärhanalaryň we beýlekileriň «Merw», «Wada», «Ýeňiş», «Mäne» ýaly haryt
nyşanly ekologik taýdan arassa pagtadan öndürýän önümleri diňe bir
Türkmenistanda däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ýurtlarda hem meşhurlyga eýe
bolup, uly islegden peýdalanýar.
Soňky ýyllarda döwletimiz «Türkmenistanda
öndürildi» diýen ýazgyly önümleri daşarky bazarlarda işjeň ilerletmek üçin
netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli
ykdysadyýeti döretmek we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ugruna eýerip,
telekeçilik işjeňligini, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň işjeňligini
hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de
netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin oňaýly hukuk, ykdysady,
maliýe, durmuş şertlerini döredýär.
Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri
öndürmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, senagat kärhanalaryny gurmakda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun
degişlidir. Ýurdumyzyň azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri - miweli
içgiler, süýji-köke önümleri we beýlekiler ilat arasynda uly islegden
peýdalanýar. Bu önümler hem sergide giňden görkezildi.
Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup
asma petikleriň önümçiligini ýola goýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti sergide
özboluşly diwarlygyny hödürledi. Hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli, ekologik
taýdan arassa önümleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hem
sarp edijileriniň uly islegine eýe boldy. Geljekde bu kärhana «akylly»
petikleriň we diwar plitalarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu
önümleri taýýarlamak üçin tehnologiýalar ulgamyndaky iň täze işläp
taýýarlamalar ornaşdyrylar.
Şeýlelikde, türkmen telekeçileri döwletiň
uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ulgamlaryny, şol sanda elektron senagaty
hem özleşdirýärler. Mysal üçin, ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolan «Aýdyň gijeler»
hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýerleşdirilen diwarlyk serginiň buýsanjyna
öwrüldi. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola
goýup, elektron enjamlary öndürmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini
öwrendi we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol
sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň,
smart-telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy dabaralar otagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň we
işewür toparlarynyň agzalary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
BAE-niň Söwda-senagat edaralary
federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui duşuşygy açyp, belent mertebeli
türkmen myhmanyny tüýs ýürekden mübärekläp, dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň
biriniň Baştutany bilen duşuşmagyň özi we ýygnananlaryň ählisi üçin uly
hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklary
ösdürmäge, şol sanda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik
esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet
berýär.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly
ýerleşmegi hem-de ýurtda oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi däp bolan
gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän BAE-niň işewür toparlarynyň
wekillerini özüne çekýär. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde
Türkmenistanyň oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerini ruhubelentlik
bilen kabul edýärler hem-de doganlyk türkmen halkynyň ägirt uly üstünliklerine
tüýs ýürekden guwanýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny işjeň goldaýandygy üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, Abdulla Al Mazrui belent mertebeli myhmana giň
gerimli asylly işinde täze üstünlikleri, ähli türkmen halkyna bolsa abadançylyk
we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny
mübärekläp, 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň we Birleşen Arap
Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle-de Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň
arasyndaky işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn görnüşleri
bolup durýandygyny nygtady.
Birleşen Arap Emirliklerini, onuň işewürler toparlaryny biz geljegi uly
hyzmatdaşlarymyz hökmünde görýäris. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we BAE-niň
gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn belledi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň nebit pudagynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň
üstünlikli işläp gelýändigini aýdyp, BAE-niň beýleki kompaniýalaryny hem
ýurdumyzyň energetika pudagyny, gazhimiýa senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşmaga
çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly
mümkinçilikler bar. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny
kemala getirmek boýunça işler amala aşyrylýar, hususan-da, deňiz ulag ulgamynyň
düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň
gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň
ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara howa
menziliniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky karz
ylalaşygyna 2021-nji ýylda gol çekilmegine ýokary baha berýäris. Biz ýurdumyzda
ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň beýleki taslamalaryna hem BAE-den hyzmatdaşlary
çekmäge taýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylda Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy Halkara
deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki döwürde ol kuwwatly, köpugurly
deňiz menzili bolup durýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki
derejesinde Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça
halkara ähmiýetli örän iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar diýsek, ulaldyp
aýtdygymyz bolmaz. Türkmenbaşy portunyň Birleşen Arap Emirlikleriniň
çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygynyň ýola goýulmagynyň bu maksada
doly laýyk gelýändigine, BAE-niň portlary dolandyrmaga we logistik hyzmatlara
ýöriteleşdirilen kompaniýalary üçin özüne çekiji taslama bolup biljekdigine
ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow himiýa senagatynda kooperasiýanyň
ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde garyşyk
mineral dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek
hakynda karz ylalaşygyna gol çekilendigini ýatlatdy we onuň öz doly netijesini
berjekdigine, geljegi uly bu pudakda gatnaşyklaryň geriminiň giňeldiljekdigine
ynam bildirdi.
Türkmenistan ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan ýurt bolmak bilen
bir hatarda, «ýaşyl» energetikany hem ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýöriteleşdirilen IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak
boýunça tagallalarymyzy goldandygy üçin BAE-niň Hökümetine minnetdarlyk
bildirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň
arasynda ýurdumyzda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek
hakynda karz ylalaşygyna gol çekildi.
Giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne
ýetendigimize ynanýaryn. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji
güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek,
häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp
bilerler. Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn
türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip bilerler. Biz
munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge,
maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler
görnüşinde berilýän zerur goldawy üpjün etmäge taýýardyrys diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň
häzirki döwürde dünýäniň örän iri maliýe merkezleriniň biri hasaplanýandygyny
belläp, BAE-niň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş
kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereket edişiniň üstünlikli
tejribesine uly gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady
ösüş merkeziniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň beýleki bank we maliýe
düzümleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly umyt edýäris
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu babatda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda «Türkmen
maýa goýum kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Bu
kompaniýa maliýeleşdirmek üçin maýa goýum taslamalaryna seretmäge we olary
seçip almaga eýýäm girişdi.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak boýunça görülýän
çäreler barada gürrüň berip, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň jemi
içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn
artdyrmagy göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdi. 2008-nji ýylda döredilen
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümi
bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde
işleri amala aşyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine
BAE-niň telekeçiler bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, göni
gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmek üçin aýratyn umyt
baglaýandygyny nygtap, türkmen hususy telekeçileriniň BAE-däki kärdeşleri bilen
uzak möhletleýin gatnaşyklaryny düýpli we hil taýdan giňeltmäge, ýola goýmaga,
olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny
we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň
pikirine görä, iki ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň özara
sergileri geçirmek tejribesini, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny guramagy
yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar.
Biziň ýurdumyz islendik netijeli pikirler we teklipler, jogapkärli,
ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Men bu duşuşyga BAE-niň işewür
toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin söwda-ykdysady, maýa goýum
gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini iki
döwletiň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara
bähbitli hakyky hyzmatdaşlyga çagyryp, çykyşynyň ahyrynda duşuşyga
gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen
diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän
ýörite wideoşekiller ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu wideoşekiller
sahnada gurnalan monitorda görkezildi.
BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri münbere çagyrylýar. Tani bin
Ahmed Al Zeýudi ýygnananlary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynyň iki dostlukly döwletiň ýokary
derejeli ýolbaşçylarynyň goldaw bermeginde geçirilýän şu forumyň aýratyn derejä
eýedigini görkezýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşygyň iki
ýurduň işewür düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirildi. Onuň barşynda türkmen-emirlikler söwda-ykdysady we
maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitleniler.
Tani bin Ahmed Al Zeýudi BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň türkmen
tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini
tassyklap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň resmi saparynyň
çäklerinde geçirilýän işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň örän uly düzüminiň
okgunly ösýän Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk
edýändigini nygtady. Şol gyzyklanmalar köp babatda milli ykdysadyýetiň durnukly
depgini we okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem
özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý ýurdumyza
uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin goşmaça
höweslendiriş çärelerini döredýär.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň
ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem Emirlikleriň iri işewürliginiň geljegi uly
türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk
syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda maýa goýum işinde
hem üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Açyklyk, ynanyşmak
ýagdaýynda geçen işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt
dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy
giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi.
Ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmana ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky içgin söhbetdeşligi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirildi.
«Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli häsiýete
eýe bolandygyny tassyklady.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentligi bilen «Abu Dhabi Ports Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik
hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo»
döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň arasynda
Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek
hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji
Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Şeýle-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary etmek
we dürli eksport-import amallaryny geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda Watan ugrunda wepat bolanlaryň
hormatyna bina edilen «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumynyň
merkezi edarasynyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed Al Nahaýýan
mähirli garşylady. Ol belent mertebeli myhmana bu ýadygärlik toplumy barada
jikme-jik gürrüň berdi.
Arap dilinden terjime edilende «Mertebe jülgesi» diýen manyny aňladýan
«Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumy Watanyň, halkyň abadançylygy ugrunda
şirin janlaryny gurban eden esgerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
işgärleriniň, diplomatlaryň, BAE-niň raýatlarynyň hormatyna bina edildi.
Şeýh Zaýed metjidiniň garşysynda ýerleşýän toplum ýüzüne wepat bolan
esgerleriň atlary ýazylan, biri-birine daýanyp duran 31 panelden ybarat
binagärlik kompozisiýasydyr. Bu ýadygärlik milletiň bitewülik we jebislik
gymmatlyklaryny alamatlandyrmak bilen, birleşen döwlet ugrunda pida bolanlar
baradaky hakydany ebedileşdirýän milli-medeni mirasdyr. Bütin kompozisiýany
saklap duran ýadygärligiň yzynda uzyn diwarda BAE-niň harby kasamy ýazylan.
Alýumin paneller bilen örtülen plitalarda Birleşen Arap Emirlikleriniň
Liderleriniň goşgulary we aýdan sözleri ýazylypdyr. Toplumyň çäginde 1200 adam
ýerleşýän amfiteatr hem-de uly tegelek howuz gurlupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden
geçip, ýadygärlige gül dessesini goýýar we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli
gahrymanlaryny hatyralaýar.
Soňra belent mertebeli myhman ýadygärlikler toplumynyň Harby şöhrat zalyna
çagyrylýar. Zala girilýän ýerde, içerki diwaryň ýokarsynda Gurhandan aýatlar
ýazylypdyr. Zalyň içinde aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň
atlary ýazylan 2800 sany jetwel goýlupdyr. Olaryň her birinde gahrymanlar
baradaky maglumatlar, wepat bolan ýeri hem-de senesi görkezilipdir.
Zalyň merkezinde Birleşen Arap Emirlikleriniň sanyny alamatlandyrýan
aýnadan ýasalan 7 sany panelden ybarat kompozisiýa ýerleşýär. Olaryň her
birinde BAE-niň harby kasamynyň ýazgysy bar. Panelleriň daşyndan ýuwaşlyk bilen
suw akýar. Munuň özi wagtyň dowamatlylygyny, hiç kimiň we hiç zadyň
unudylmaýandygyny alamatlandyrýar. Binanyň üçegi sekiz plitadan ybarat bolup,
olaryň ýedisi Birleşen Arap Emirliklerini, sekizinjisi bolsa milli gahrymanlary
alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynyň Hormatly myhmanlar kitabynda
ýadygärlik ýazgy galdyrýar hem-de emirlikler tarapynyň wekilleri bilen surata
düşýär.
Merkezi edaranyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed Al Nahaýýan
ýadygärlik toplumyna gelendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize
ýadygärlik toplumy şekillendirilen ýadygärlik şaýyny sowgat berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Şeýh
Zaýed metjidine tarap ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany metjidiň
dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylaýar hem-de hormatly
Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji
Prezidenti Şeýh Zaýediň aramgähine geçmäge çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýusef Al Obaidli aramgähiň
içine girýärler hem-de merhumyň guburynyň deňinde ellerini galdyryp, «Al fatyha»
(Alham) süresini okaýarlar. Soňra metjidiň din wekili aramgähiň içinde gysga
aýat okaýar. Aýat tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz aramgähden çykýar
we metjide tarap ugraýar. Ýol ugrunda belent mertebeli myhman metjit baradaky
umumy maglumatlar bilen tanyşdyrylýar.
2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidi dünýädäki iň uly alty
metjidiň biridir. 2008-nji ýylyň mart aýyndan başlap bu ýerde musulmanlar we
beýleki dinleriň wekilleri, şol sanda dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylar
üçin gezelençler guralýar.
Hormatly Prezidentimiz we Ýusef Al Obaidli metjidiň içinde - merkezinde
ýörite bellenen ýere geçip durýarlar. Belent mertebeli myhmana metjide ýazylan,
meýdany 5627 inedördül metre ýetýän, agramy 47 tonna barabar bolan dünýädäki iň
uly elde dokalan haly we diametri 10 metre, beýikligi 15 metre barabar bolan
äpet lýustralar görkezilýär. Şondan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow metjidiň howlusyna çykýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyza
metjidiň gurluş aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.
Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Esasy namaz
okalýan zal 7 müň adama niýetlenendir. Onuň gapdalynda iki sany kiçi zal bolup,
olaryň her biri 1500 adam üçin niýetlenip, olaryň ikisi-de diňe aýallar üçin
niýetlenendir. Metjidiň dört burçunda beýikligi, takmynan, 107 metre ýetýän 4
sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir.
Olar ak mermer bilen bezelipdir. Metjidiň umumy meýdany 22 müň inedördül metre
barabardyr.
Döwletara gatnaşyklaryň ruhy ulgamynyň ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy
bilen baglaşan iki dostlukly ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de özara
düşünişmegine ýardam edýändigini aýratyn bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň giň möçberli işiniň çäklerinde Türkmenistanda şäherleriň,
obalaryň bezegine öwrülen köp sanly metjitler guruldy we gurluşyklary dowam
etdirilýär. Şunda dini dessurlary berjaý etmegiň we köp sanly dindarlaryň
zyýarat edýän ýerine öwrülen bu metjitleriň her biri özüniň özboluşly
binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanyp, gözelligi babatda görenleri haýran
galdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Şeýh Zaýed metjidini synlanyndan soňra, çykalga
tarap ugraýar we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Bu
ýerde belent mertebeli myhmana şu metjit barada gürrüň berýän kitaplar sowgat
berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wekilleri
bilen mähirli hoşlaşyp, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Şol ýerde
Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin
Ahmed Al Zeýudi bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz
türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki gepleşikleriň, ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň hem-de «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde
gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi
saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp,
paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi
adamlar garşyladylar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi