Paýtagtymyzda hormatly
Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi
23.09.2022
Şu
gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31
ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly
waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň
netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň
ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn
durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly
hereketiniň aýdyň mysalydyr.
Ir
bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde
Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän Döwlet
Maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar. Sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň
wekilleriniň “Türkmeniň ak öýi” binasyndan, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary
welaýatlarynyň wekilleriniň bolsa Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary
şäherlerindäki Ruhyýet köşklerinden umumymilli forumyň işine goşulandygyny
bellemek gerek.
Döwlet
Maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ör
turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün —
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ata Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 31
ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Maslahata
ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň
ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, halk
maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly
ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýaşlarymyz gatnaşýarlar diýip nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy
mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe bir möhüm sene bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine
düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.
Dabaraly
pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan
edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa umumymilli foruma
gatnaşyjylaryň hemmesi joşgun bilen goşulýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň halkyny Döwlet Maslahatynyň
geçirilmegi we Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň onuň gün
tertibi bilen tanşandyklaryny aýdyp, bu baradaky teklipler ýa-da bellikler
hakynda gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda
hem-de doly makullamagynda Döwlet Maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanandygyny
yglan etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn
söz sözledi.
Döwlet
Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk
baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde
döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini
has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny
geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny
mundan beýläk hem berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn
wezipeleri kesgitläris. Içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan
ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm Kararlary kabul ederis.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary hem-de
mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap,
hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň
mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz
ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy. Strategik
ösüşe esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyryp,
Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýäris.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny,
iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, adam maýasyny
ösdürmäge gönükdirilen täze, has belent wezipeler durmuşa geçirilýär.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen
Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny
ýokarlandyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna
we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün
etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz
bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da
şöhratlandyrýarys. Elbetde, Watanymyza, halkymyza, döwletimize bolan söýgimiziň
aňyrsynda örän uly jogapkärçilik ýatyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şoňa
görä-de, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslarynyň has-da
berkidilmegine gönükdirilen işlerimizi watansöýüjiligimiz, gujur-gaýratymyz,
ruhubelentligimiz bilen depginli dowam etdireris. Biz geljekde-de parahatçylyk
söýüjilikli syýasatymyz netijesinde dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary
bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys.
Hormatly
Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ösüş biziň alyp barýan
syýasatymyzyň baş maksadydyr diýip belledi. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy,
ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy,
durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ilkinji
nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini
üpjün etmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak
üçin ähli tagallalary edýäris.
“Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, şeýle-de
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere
laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny
gurşap alýan işler, guwandyryjy netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet
Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň
75 - 80 göterimini durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim,
medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň
möçberleriniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga
gönükdirýäris diýip belledi. Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we
maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş
ýeňillikleri döredilýär.
Döwlet
syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion
hukuklaryny üpjün etmäge, ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen
çärelere hem uly orun berilýär. Bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň
iş üpjünçiligi ulgamy kämilleşdirilýär.
Durmuş
ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny, nyrhlaryny düzgünleşdirýän
adalatly nyrh syýasaty alnyp barylýar. Ilatymyzyň girdejilerini artdyrmak,
zähmet öndürijiliginiň ösüş depginini zähmet haklarynyň ösüş depgini bilen utgaşdyryp
alyp barmak, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny
kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meselelerine wajyp ugurlaryň biri hökmünde
ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam
hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny tassyk
edýär. Bu, aýratyn-da, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün
edýän Türkmenistan döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrýar.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmegiň
çäklerinde häzirki we geljekki nesillerimiziň bähbitleri üçin hem zerur işleri
alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Biziň
ýurdumyzda ilatymyz elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary
bilen üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak
boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Abraýly halkara guramalar tarapyndan
berilýän ýokary bahalar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny doly subut
edýär.
Türkmenistanyň
daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy
hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip,
halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy.
Hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy
mejlislerinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi.
Şeýle-de şu ýylda Türkmenistan 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň
Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bütindünýä
Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada
eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş
hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň
çekilmegine, bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza
bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň
sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasy geçirilýär. Onda ýurdumyzyň
ileri tutýan garaýyşlary beýik maksatlara bagyşlanyp, bu gatnaşyklarda
döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we
howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş bar. Türkmenistan bu işleri üstünlikli
dowam etdirmegi maksat edinýär. Köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly
gatnaşyklarynyň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler
boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri
hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda
ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, “Dialog - parahatçylygyň
kepili” atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan
dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola
goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny
kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşynda soňky onýyllyklaryň maliýe-ykdysady çökgünlikleri,
koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar dünýä
ykdysadyýetiniň ösüşine hem-de halkara maliýe bazarynyň işine ýaramaz täsirini
ýetirdi diýip nygtady. Çylşyrymly ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirip
biljek täsirleriniň öňüni almak, aýratyn-da, maýa goýum we işewürlik gurşawyny
emele getirmek, zähmet öndürijiligini, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ulgamlaýyn çäreler amala aşyryldy.
Bu çäreleriň ählisi özüniň oňyn netijesini hem berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu
çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan
döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe, durmuş taýdan
durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge,
tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň
netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Bu
syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady binýady has-da berkidildi,
ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň möçberi
artdyryldy, senagat, önümçilik, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge, tebigy
serişdelerimizi oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa
geçirildi. Döwlete dahylly we dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere
önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinmäge, oba hojalygyny ösdürmäge
gönükdirilen we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çäreleri
üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýy gowulandy,
ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandy.
Şu
maksat bilen, 2011 - 2021-nji ýyllarda ykdysadyýetimize gönükdirilen umumy
karzlaryň möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli
ýokarlandyryldy. Bu karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we
sebitlerimizde ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler döredildi, häzirki zaman
durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik infrastrukturalary emele getirildi.
Biz
geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi,
senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin
hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul
etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de geljek döwürde
sebitlerimizde suw we lagym geçirijilerini, arassalaýjy desgalary, döwrebap
awtomobil ýollaryny, gaz we elektrik geçirijilerini gurmak bilen,
sebitlerimiziň inženerçilik ulgamyny özgerderis. Şähergurluşyk taslamalaryny
üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis.
Mähriban
halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we
ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa
görä-de, 2022 - 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini
durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň
innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris. Býujetiň agramly bölegini,
ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ederis diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Geljek
ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip,
ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet
haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş
jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar
edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim
edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak
täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys. Bu işleriň
ählisi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň dowamy
bolan “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!”
diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň
abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da
artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Netijeli
we durnukly salgyt ulgamyny döretmekde gazanan tejribelerimizden ugur alyp,
milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň has möhüm guraly
hökmünde çeýe salgyt syýasatyny alyp bararys. Milli önümlerimiziň we
hyzmatlarymyzyň eksportyny bökdençsiz üpjün edýän oňaýly şertleri dörederis.
Ýakyn ýyllarda salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan erkin ykdysady zolaklary,
gymmat bahaly kagyzlaryň ikinji bazaryny hem ýola goýarys, gazna biržalarynyň
işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam
berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda
aýtdy.
Milli
maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz
gurşawyny has-da döwrebaplaşdyrarys. Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda,
ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler,
bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Mundan başga-da, gymmatly kagyzlar
bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini
giňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler. Ýurdumyzyň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan
ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň,
şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylar
hem-de maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdiriler.
Bu
gün dünýä ykdysadyýeti geostrategik taýdan ösýär we kämilleşýär. Adam
mümkinçilikleri giňelýär, ylmy-tehnologik ösüşler çaltlanýar, täze innowasion
maliýe merkezleri emele gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistan
maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum
işjeňligini artdyrmak, sebitlerimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de
durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler
amala aşyryldy. Halkara reýtinglerde amatly maýa goýum gurşawyny döretmek
babatdaky ýurdumyzyň başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Dünýäde we sebitde
deňi-taýy bolmadyk iri senagat toplumlarymyz, innowasion önümçiliklerimiz,
geljegi uly täze pudaklarymyz maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şundan ugur alyp, ýokary depginli
ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sebitlerimizi we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny
geljegiň nukdaýnazaryndan ösdürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy. Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli
önüm öndürijileri maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işleri
dowam etdireris, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallary
tapgyrlaýyn kämilleşdiriler.
Bäsdeşlige
ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa
tygşytlaýan, ekologik taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty
maliýeleşdirmäge hem aýratyn üns bereris. Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä
banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen
hyzmatdaşlygy has-da ösdüreris.
Döwlet
Baştutanymyz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyz içerki
bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion
önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandy diýip belledi. Senagat
önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we
dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys hem-de täze bazarlara
ýol açýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her
bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige
ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris. Şu maksat bilen,
ýakyn geljek üçin Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasy işlenip
düzülýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin
zerur işler alnyp barylmalydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt
maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik
ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda
döredilen innowasion edara-kärhanalaryň, alymlarymyzyň ylmy-intellektual
işleriniň netijeleriniň daşary ýurtlarda, halkara derejede goraglylygyny hem-de
ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ulgamlaýyn işler dowam etdirilmelidir. Bular
biziň öňümizde durýan esasy we möhüm wezipelerdir. Şoňa görä-de, milli
önümlerimize we hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza
dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmegi, degişli döwlet
strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu ugurda ýöriteleşdirilen
marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we
senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary ileri
tutulýan wezipeler hökmünde garamalydyrlar.
Soňky
döwürde forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda wirtual
sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwatyny dünýä
ýaýýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Şanhaý,
Ýosu, Milan, Antalýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO”
sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berildi. Munuň özi halkara
hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap gurallarynyň we nusgalarynyň zerurdygyny
tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary
ýurtlarda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara milli önümlerimiz,
hyzmatlarymyz, senagat nusgalarymyz bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek örän wajyp
bolup durýar.
Biziň
daşary ýurt döwletlerine amala aşyrýan saparlarymyzyň çäklerinde, hökümetara
toparlaryň daşary ýurt döwletlerinde mejlisleriniň hem-de işewürlik
maslahatlaryň geçirilýän döwründe milli sergilerimizi guramak we olarda
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýum mümkinçiliklerini mahabatlandyrmak
boýunça işleriň gerimi has-da giňeldilmelidir. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmegini hem zerur wezipeleriň
biri hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we tehnikanyň
öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly
obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy
netijeler gazanyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr
şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana
hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar, suw
arassalaýjy desgalar guruldy.
Oba
hojalyk pudagyny dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli,
döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, däne hem-de pagta ýygýan
kombaýnlar bilen üpjün etmekde oňyn tejribeler toplandy. Türkmenabat şäherinde
fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawody, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid»
zawodlary, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleri,
«Garabogazkarbamid» zawody, Garlyk kaliý-dag magdan toplumy gurlup, oba hojalyk
toplumyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri bilen üpjün etmegiň
berk binýady döredildi. Däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy, miweçiligi,
maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny pugtalandyryldy. Ak
bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana
1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije ýurdumyzyň
zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp
sowgadydyr.
Bu
gün dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli
görnüşleri, tüýjümek, jins matalary, taýýar egin-eşikler, el halylary
öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Bu
gün Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde özgertmelerimiziň täze tapgyryny
durmuşa geçirýäris. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň
sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagyna
gönükdirilen işleri alyp bararys.
Agrosenagat
toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly
töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Şeýle-de
ekerançylykda we maldarçylykda «akylly», şol sanda takyk ekiji oba hojalyk
tehnikalary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp,
ylmy-barlag edaralarymyz tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de
guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan
usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan
ösdürmegiň binýady hem dörediler.
Daşky
gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary
rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige
yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Eziz
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak,
gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa
geçirilýär.
Soňra
döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik
häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat
rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi
talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli
başlangyjy esasynda ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli
ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi.
Ýurdumyz
bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlaryny, noutbuklary, planşetleri,
monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri dünýä bazaryna çykarýar. Bu ugurda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary
okuw mekdepleriniň ylmy merkezleriniň gatnaşmagynda aragatnaşyk, senagat we
awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikasy, elektron harytlary
öndürmek boýunça täze kärhanalaryň döredilmegini geljekki ösüşlerimiziň esasy
şertleriniň biri hasaplaýarys.
Häzirki
wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy
başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri
döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Ýokary
hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat
kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak
boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun
degişlidir. Ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyply, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary
hilli önümleri öndürmek, Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini we beýleki iri
taslamalary amala aşyrmak ugrunda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge
mynasypdyr.
Biz
geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde
önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny
bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş
orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna,
salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri
döredýän ulgamy ösdürmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, kiçi we orta kärhanalaryň geriminiň, sanynyň has-da artdyrylmagyny
üpjün etmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin sanly
ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri edara-kärhanalara,
hususy telekeçilere hyzmat etmegiň «Bir penjire» ulgamyna geçmek işini çaltlandyrmaly.
Şunda bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň sanly ulgama birikdirilmegini, elektron
resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün
etmek zerurdyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä
döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan
isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň
ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar. Biziň
ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika
mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup
galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça
dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm
ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi
diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr
geçirmek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň
subutnamasydyr.
Soňky
ýyllarda döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal
welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty
ýaly ägirt uly kärhanalar guruldy. Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazaryndaky
ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip
gowuşmagyny hem üpjün etdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagy
meýilleşdirýäris. Biz nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberini hem artdyrýarys.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary
özleşdirýäris. Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşyklaryny amala aşyrýarys. Bu täze energiýa köprüsi tebigy
gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün
etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür
hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar.
Energetika
senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli
başlangyçlary bilen gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň, elektrik geçiriji
ulgamlaryň gurlup, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport
edýän ýurda öwrülendigini belledi.
Dünýäniň
öňdebaryjy ýurtlary, ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen netijeli
gatnaşyklar ýola goýuldy. «Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün
etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi
hem-de onuň ähmiýeti» atly Kararnama biziň başlangyjymyz bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek kabul edilip,
Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyryldy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň has-da
döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň
goşulyşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Balkan welaýatynyň Serdar
etrabynda Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýanyň, içerki
energetika halkasynyň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçiriji
ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirýäris. Aşgabat şäherinde Energetika
enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini açmagymyz energetika pudagyny
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleri döredýär. Onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary
işjeň ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde gurluşyk pudagynda we senagatynda
amala aşyrylýan özgertmelerimizi has-da çuňlaşdyrýarys, pudagyň
senagat-önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarys, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny
artdyrmak üçin hususy eýeçiligiň gerimini düýpli giňeldýäris, çykarylýan ýokary
hilli harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrýarys. Ýakyn geljekde dünýäniň
inženerçilik-tehniki serişdelerini, binagärlik sungatynyň gazananlaryny ulanmak
arkaly dürli maksatly ajaýyp binalary we desgalary öz içine alýan, ýaşamak,
dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý
toplumy gurlar. Biz ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde
welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyryny dabaraly
açarys.
Halkyň
abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet
syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow belledi. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň
kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän
döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada -
halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat
edýär.
Dünýä
ylmynyň gazananlaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak
arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna ykdysadyýetimiziň çalt depginler
bilen ösýän, geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýäris.
Biziň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýamyz öz gözbaşyny gadymyýetden -
Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyz bu gün Gündogar - Günbatar, Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça
üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan - Türkmenistan -
Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe halkara ulag geçelgesini, Özbegistan -
Türkmenistan - Eýran - Oman - Katar halkara ulag geçelgesini, TRACECA halkara
ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar.
Şeýle-de
Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat,
Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini,
Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar amala
aşyryldy. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň halkara
gatnaşyklarda söwda-ykdysady işjeňligi ösdürmäge goşan saldamly goşandy bolup
durýar.
Türkmenistanyň
başlangyçlary esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda
durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň dört sany Kararnamasy biragyzdan kabul edildi diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda
Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, şu ýyl bolsa deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty
geçirildi. Bularyň ählisi halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde,
ony ählumumy, sebit derejesinde berkitmekde, döwrebap halkara üstaşyr ulag
geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Döwrümiziň
ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we
innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda
uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli
terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden
ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen
meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredýäris. Bilim işini
döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa
geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýaş nesilleriň ýokary derejede
bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de
ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler
döredýäris.
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy halkara tejribeler, milli
ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirýäris. Şäherdir obalarymyzy
gurşap alýan täze bilim edaralaryny gurýarys. Okatmagyň usullaryny
ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirýäris, halkara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýäris. Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada
döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun
ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da
pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam
berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýädäki ähli ösüşler ylym
hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň
gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda
döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we
ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek
maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasynda amala
aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis. Häzirki wagtda ýokary okuw
mekdeplerimiziň garamagynda ylmy-barlag institutlary we merkezler hereket
edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen
bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň
ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlaryny
kesgitlemelidiris. Bu ugurda degişli döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny
möhüm wezipe hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biz
milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar,
muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp
ösýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze
strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym, bilim, medeniýet
ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi talap edýär diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Ylma,
bilime, medeni diplomatiýa döwlet syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy
ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni
diplomatiýamyzyň möhüm gurallarydyr. Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny,
türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş
sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň
sanawyna girizmek zerurdyr. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň
sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw
mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini
ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek biziň öňümizde durýan
möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Döwletimiziň
alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda
we paýtagtymyzda kliniki we ylmy-kliniki merkezleri, Olimpiýa şäherçesi,
köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri
döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda,
bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde
halkara güwänamalar alyndy hem-de degişli tassyknamalar gowşuryldy. Şu ýyl
ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezlerinde köpugurly
hassahanalary, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasyny dabaraly açdyk.
Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara
pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryny alyp barýarys.
Halkara
Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz
Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary
bilen «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça
ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika
boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş
sungaty boýunça Aziýa oýunlary bolsa sporty, parahatçylyk söýüjilik, dostluk
ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.
Ýaponiýanyň
paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen
sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna
şaýatlyk edýän şanly waka öwrüldi.
Türkmen
döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Olimpiýa şäherçesinde döredilen
şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda
Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we
XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň
milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamaly
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Şonuň ýaly-da,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Sport we ýaşlar syýasaty
ministrliginiň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini
terbiýelemek, fiziki işjeňligini ösdürmek meseleleri ulgamlaýyn, ylmy esasda
öwrenilmelidir.
Şu
mesele boýunça 2022 - 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň
taýýarlanylmagyny hem zerur hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda
döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny
görkezjek türgenlerimiziň täze nesliniň kemala geljekdigine pugta ynam
bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda Prezident saýlawlary
geçirildi. Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden
daşary ýurtly myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Esasy zat saýlawlaryň
geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de mähriban halkymyza ynam
bildirendigi we goldandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.
Men
Türkmenistanyň halkyny mundan beýläk-de ýurdumyzyň üstünlikli ösmegi, geljegi
ugrunda mümkin bolan ähli zatlary etjekdigime ýene-de bir gezek ynandyrmak
isleýärin. Bu işlerde milli kanunçylygymyzyň hem uly ähmiýeti bardyr diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady. Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň
bolmagyny belleýärin. Şoňa görä-de, geljekde-de saýlaw ulgamyna degişli
kanunçylygymyzy, geçirilýän saýlawlarda gazanylýan tejribeleri hem milli
kanunçylygymyza ornaşdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda geçiriljek örän wajyp ähmiýetli çärä ünsi
çekdi. Ýagny geljek ýylda biziň öňümizde şeýle çäreleriň birnäçesi bar. Biz
Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk
maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Şoňa görä-de,
biz bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň
wekilleriniň hem uly orny bar. Bu işde olaryň işjeň hereketleri uly meseleleri
çözýär. Men milli parlamentiň agzalarynyň geljekde-de halkymyzyň bagtyýar
durmuşynyň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmekde, kanunlaryň kadalaryny we ýörelgelerini halka düşündirmekde,
döwletimiziň syýasatyny wagyz etmekde mynasyp goşant goşjakdyklaryna, öňümizdäki
saýlawlaryň hem ýokary derejede geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna pugta
ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Meniň
baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip,
ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we hemmelere berk jan
saglyk, uzak ömür, bagtyýar, abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ýaşasyn
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri!
Ýaşasyn
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz!
Şowhunly
el çarpyşmalar bilen garşylanan şu ruhubelent sözler bilen döwlet Baştutanymyz
öz çykyşyny tamamlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat
Orazow çykyş etdi.
Ol
hormatly Prezidentimizi hem-de ýygnananlaryň hemmesini şanly sene - Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk hem-de giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmunly çykyşynyň Döwlet
Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen kabul edilendigi
bellenildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda häzirki döwürde ýaýbaňlanan giň
gerimli özgertmeler Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna
goşulmagyny şertlendirdi, halkymyzyň buýsanjyny belende göterdi.
Arkadagly
Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda täze sepgitlere ýetmäge
gönükdirilen 30 ýyllyk Milli maksatnama durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň
parasatly wesýetlerine laýyklykda, ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan beýik işleri dowam etdirilýär, toý-baýramlar giňden tutulýar. Her
bir uly başlangyjy halk bilen ara alyp maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi, bu
bolsa şol başlangyçlaryň rowaçlanmagyna ýardam berýär.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesle aýratyn hormat goýýar. Muňa döwlet
Baştutanymyzyň hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly enelerimiz bilen Mekge we
Medine şäherlerine umra hajyny bilelikde amala aşyrmagy hem şaýatlyk edýär.
Ýaşuly nesil özleri baradaky hemmetaraplaýyn alada üçin Arkadagly Serdarymyza
tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
Çykyş
edýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Watanymyzda
döwrebap şäherleriň we nusgalyk obalaryň gurulýandygyny belledi. Öz
Baştutanynyň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halky parahat we bagtyýar
durmuşda ýaşaýar, şunda beýik şahyr, akyldar Magtymgulynyň bize miras goýan
meşhur goşgy setirlerinde beýan edilen arzuw-hyýallar hasyl bolýar. Köpetdagyň
etegindäki gözel künjekleriň birinde bina edilýän Ahal welaýatynyň täze,
döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýandygy bellenildi. Bu “akylly” şäherde ýokary depginlerde
gurulýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we
beýleki durmuş maksatly desgalar ajaýyp keşbi bilen haýran galdyrýar. Oba milli
maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň çäklerinde köp sanly
önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär.
M.Orazowyň
ynandyryşy ýaly, ýaşuly nesil halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda
ýaşaýandygyna buýsanýar we geljekde-de olar döwlet Baştutanymyzyň ähli
başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşarlar, ýaşlary ýokary
watançylyk ruhunda hem-de milletimiziň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda
terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederler.
Hormatly
ýaşuly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň täze üstünliklere
ýetjekdigine ynam bildirip, çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlady.
Soňra
Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Nurjemal Bekowa söz
berildi. Ol saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan hormatly
Prezidentimizi hem-de Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary “Halkyň Arkadagly
zamanasy” ýylynda ýokary ruhubelentlikde bellenilýän Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda amala
aşyrylan oňyn özgertmeleriň netijesinde bu ulgamda belent sepgitlere ýetilýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde iň kämil tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen
üpjün edilen halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, şäher, oba
saglyk öýleri gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň
türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça yzygiderli aladalarynyň aýdyň
subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk»
Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň bejeriş-öňüni alyş işlerini
kämilleşdirmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy
göreşmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly giň gerimli
çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine
gönükdirilen maksatnamalar we kanunlar kabul edildi.
Ýurdumyzda
zenan sarpasynyň belentde tutulmagy, olaryň dürli ugurlarda işlemegi üçin deň
mümkinçilikleriň, döwrebap şertleriň döredilmegi aýratyn bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň enelere bolan söýgüsiniň, sarpasynyň we hormatynyň
beýany bolan “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabynda belleýşi ýaly,
ýurdumyzyň “Ene mähri” merkezleriniň ählisine “Enä we çaga mähirli garaýyşly
hassahana” diýen halkara güwänamalaryň berlendigi sagdyn nesilleriň kemala
gelmeginde, eneleriň sagdynlygyny gazanmakda ýetilen belent sepgitleriň halkara
derejede ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, lukman zenan belledi.
N.Bekowanyň
aýdyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň saglygy barada hemişe alada edýär.
Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan uly işler amala
aşyrylýar. Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri we
iri halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen
işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi yzygiderli ýagdaýda oňyn tejribeleri
alyşmaga mümkinçilik berýär.
Maşgala
lukmany saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine
ynandyryp, öz çykyşyny goşgy setirleri bilen tamamlady hem-de döwlet
Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra
Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika
korporasiýasynyň Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň operatory Nepes Jumakowa
söz berildi. Çykyş eden Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, energetika
pudagynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we
tutuş türkmen halkyny Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen
gutlady.
Bellenilişi
ýaly, ägirt uly tagallalaryň netijesinde Türkmenistan diňe bir sebitiň däl,
tutuş dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrülýär. Gurulýan
ýaşaýyş jaýlary, senagat kärhanalary, halk hojalyk toplumynyň beýleki
pudaklarynyň desgalary ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy bilen
bökdençsiz üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasynyň
daşary ýurtlara iberilýän möçberleri günsaýyn artýar.
Gurluşygy
güýçli depginde dowam edýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen,
ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna
tarap has-da uzar. Bu halkara elektrik geçirijisi halklaryň arasyndaky
dostlugyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar. Geçen ýylda Ahal
- Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, Balkan
- Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp
barylmagy, şu ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda sebitde
ýeke-täk Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurlup
ulanmaga berilmegi ýurdumyzda energetika ulgamynda döredilýän giň
mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşynda beýan edilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika ulgamynda
gazanylan zähmet ýeňişleri halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy diýip, N.Jumakow
nygtady hem-de ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň adyndan pudagyň
ösdürilmegine berilýän uly üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Çykyşda
bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il
ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymlary, talyp ýaşlary bilen ýakynda geçiren duşuşygynda eden
çykyşy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika
kuwwaty” atly täze kitabynyň neşir edilmegi onuň saýlap alan hünäri baradaky
buýsanjy artdyrdy. Bu kitap ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň
öňüsyrasynda ähli türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Çykyş
eden energetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degip geçip,
häzirki wagtda pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga,
energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga, “ýaşyl” ykdysadyýeti
ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gün, ýel
stansiýalarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Asyryň taslamasy adyny alan
Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna
uly ähmiýet berilýär. Ol energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr
geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýär.
Çykyşynyň
ahyrynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň operatory hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň
abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp
barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň “Täze durmuş” daýhan
birleşiginiň kärendeçisi Sahy Möwlamberdiýewe söz berilýär. Ol oba hojalyk
işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny beýik
Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyzyň
hemmetaraplaýyn goldawyndan ruhlanýan daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ak bugdaýyň,
gowaçanyň gök-bakja ekinleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip
ýetişdirilýär. Sahawatly türkmen topragynda öndürilýän ekologik taýdan arassa,
ýokary hilli azyk önümleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de
olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri
döredýär diýip belledi.
Bellenilişi
ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda
ekerançylaryň ýerden bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikleri açýan düýpli
özgertmeler dowam etdirilýär, bu bolsa olaryň ýurdumyzyň ykdysady taýdan
kuwwatlanmagyna uly goşandydyr. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň galla oragy
möwsüminde Mary, Lebap welaýatlarynda toý saparynda bolmagy, gallaçy
kärendeçiler bilen duşuşyp, gymmatly maslahatlary bermegi daýhanlarda toprakdan
bol hasyl almaga uly hyjuw döretdi. Ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlary oba hojalyk
önümlerini öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary sepgitlere ýetmek bilen, bu ugurda
baý zähmet tejribesini topladylar. Ata-babalarymyz daýhanyň halal zähmetinden
kemala gelen, her dänesi altyna deňelen ak bugdaýa mukaddeslik hökmünde garap,
aýratyn sarpa goýupdyrlar. Olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, türkmen
gallaçylary şu ýyl şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Nygtalyşy
ýaly, şu günki Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň eden çuň many-mazmunly çykyşy oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly
ruhubelentlik bilen diňlenildi. Oba hojalyk işgärleri döwlet Baştutanymyzyň bu
taryhy forumda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňe süren
başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýarlar. Amala aşyrylýan toplumlaýyn
özgertmeler netijesinde daýhanlarymyz gurplanýar, obalarymyz galkynýar, ata
Watanymyzyň şan-şöhraty jümle-jahana dolýar diýip, kärendeçi şeýle sahawatly
işler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda aýdan
parasatly sözlerinden ruhlanyp, pederlerimizden miras galan halypa-şägirtlik
ýoluny dowam etdirip, ýaş oba hojalyk işgärleri mundan beýläk-de yhlasly zähmet
çekjekdiklerine, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny
goşjakdyklaryna ynandyrýarlar diýip, kärendeçi aýtdy.
Çykyş
edýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň
bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikler arzuw edip,
çykyşyny Arkadagly Serdarymyzyň hormatly atasy Mälikguly aganyň döreden ajaýyp
goşgy setirleri bilen tamamlady.
Soňra
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň Howa
hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdesi Serdar Begmyradow çykyş etdi. Ol
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy
mynasybetli Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi bilen Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan gutlady.
Bellenilişi
ýaly, Watan goragçylary şu günki umumymilli forumda kabul ediljek
durmuş-ykdysady ösüş boýunça taryhy çözgütleriň halkymyzyň bitewüligini we
jebisligini has-da pugtalandyrjakdygyna, ony täze sepgitlere ýetmäge
ruhlandyrjakdygyna ynanýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Baştutanlygynda giň gerimli harby
özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde milli Ýaragly Güýçleriň goranyş
ukyby yzygiderli berkidilýär, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar,
harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş
şertleri gowulanýar.
Şeýle-de
çykyş edeniň belleýşi ýaly, Belent Serkerdebaşymyzyň şu ýylyň 10-njy awgustynda
ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Harby-deňiz güýçleriniň «Garşy» deňiz
birikmesine gelmegi hem-de bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi
bilen tanyşmagy ähli Watan goragçylarynyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň deňizçi harby
gullukçylarynyň söweşjeň ruhuny belende göterdi.
Arkadagly
Serdarymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar bilen duşuşmagy, onda
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen
görnüşiniň kabul edilmegi harby gullukçylary buýsandyrdy. Munuň özi döwlet
Baştutanymyzyň ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde
garalýandygy barada aýdan parasatly sözleriniň aýdyň beýanydyr.
Täze
Kanunyň rejelenen görnüşinde watançylyk terbiýesine aýratyn orun berilýändigi
bellenildi. Bu bolsa mert pederlerimiziň watanperwerlik mekdebiniň mynasyp
dowam etdirijileri bolan ýaşlary ata Watany jandan eziz görmäge, onuň her daban
ýerini gözüň göreji deýin goramaga ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan S.Begmyradow Belent
Serkerdebaşymyza abraý bilen gulluk etmek babatda ähli mümkinçilikleriň
döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmen harby gullukçylary
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe buýsanç bilen
gatnaşarlar diýip, harby gullukçy belledi. Ol eziz Watanymyzyň hakyky
watançylarynyň hem-de wepaly ogullarynyň — Berdimuhamet Annaýewiň, Mälikguly
Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň
nusgalyk göreldesine eýerip, eziz Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala we polat
galkan bolup durjakdyklaryna ynandyrdy.
Umumymilli
foruma gatnaşyjy Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işinde hemişe
rowaçlyk arzuw edip, çykyşyny mukaddes harby kasamyň sözleri bilen tamamlady.
Soňra
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy Gurbannyýaz Şirmuhammede
söz berildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan beýik işleriň dowam etdirilýändigini, toý-baýramlaryň giňden
tutulýandygyny belledi. Bu dabaralara daşary ýurtly türkmenler hem
gatnaşýarlar. Her gezek mukaddes topragynda bolanlarynda, dünýä türkmenleri ata
Watanymyzyň gülläp ösüşlerine guwanýarlar.
Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy şular barada aýdyp, Arkadagly
Serdarymyza Döwlet Maslahatyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly watandaşlarymyz hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň özleri üçin edýän taýsyz
aladalaryny duýup ýaşaýarlar. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Owganystana iberýän
ynsanperwerlik kömekleri olary buýsandyrýar. Şol ýerde durmuş maksatly we ulag
ulgamynyň desgalary, ajaýyp metjit guruldy. Owgan ýaşlary Türkmenistanyň ýokary
okuw mekdeplerinde tölegsiz esasda bilim alýarlar. Türkmenistanyň goňşy ýurda
ýeňillikli bahadan iberýän elektrik energiýasy, “mawy ýangyjy” owgan halkynyň
diňe ojaklaryna däl, ýüreklerine-de ýylylyk paýlaýar.
Şunda
häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän Türkmenistan - Owganystan - Pakistan -
Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça
elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly
iri taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köp
sanly iş orunlaryny döredýär, durmuş meselelerini çözmäge ýardam edýär.
Bellenilişi
ýaly, golaýda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII
maslahatynyň geçirilmegi hem-de onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy foruma gatnaşyjylarda hakyky buýsanç duýgusyny
döretdi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna
bildiren hormat-sarpasy - ony Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň
“Ynsanperwerligiň sarpasy” atly nyşany bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy ata Watanynda bolup geçýän giň
gerimli özgertmelere we şanly wakalara buýsanjyny goşgy setirleri arkaly beýan
etdi. Ol pursatdan peýdalanyp, dünýä türkmenleriniň adyndan Arkadagly
Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkyny eziz Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we çykyşyny goşgy bilen jemledi.
Soňra
çykyş edenler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
4-nji ýyl talyby Altyn Allaberdiýewa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 31 ýyllygy mynasybetli
Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly
Serdarymyzyň parasatly sözlerinden ruhlanan ýurdumyzyň ýaşlarynyň Watanymyzyň
beýik üstünliklerine buýsanyp, ynamly öňe barýandyklaryny nygtadylar.
Bellenilişi
ýaly, häzir Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlary netijesinde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary bilen
birlikde, ruhy-ahlak taýdan ösüşine hem örän uly üns berilýär. Ýaşlarda ylma
bolan höwesi artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden taýdan
sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş maşgalalary goldamak ata Watanymyzyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda hormatly Prezidentimiziň
ýaş türkmenistanlylary ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesi, milli däpleri,
halkymyzyň ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemek boýunça beren
maslahatlaryna aýratyn üns çekildi. Bu babatda Arkadagly Serdarymyzyň şahsy
göreldesi ýaş oglan-gyzlar üçin durmuşda ugur alynmaly möhüm ýörelgeler bolup
durýar.
Şeýle-de
şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII
gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ýaşlary täze döwrüň ruhuna laýyk belent
maksatlara ruhlandyrandygy bellenildi. Ýaş türkmenistanlylar döwlet tarapyndan
döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, giň dünýägaraýyşly, saýlap alan
hünärine ussatlyk bilen erk edýän ýokary bilimli işgärlere öwrülýärler. Bu gün
biziň oglan-gyzlarymyz ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna uly goşant
goşýarlar. Olar dürli ders we ylmy bäsleşiklerde, iri sport ýaryşlarynda
mynasyp çykyş edip, Watanymyzyň Döwlet tuguny belende galdyrýarlar.
Diýarymyzyň
talyplarynyň wekilleriniň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş
nesillerde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Täze orta, ýöriteleşdirilen orta
we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyş dabaralary, milli
ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak babatda gazanylýan
üstünlikler, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Çykyş
edenler hemmetaraplaýyn aladalary we berýän goldawlary üçin ýaşlaryň adyndan
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
şu taryhy Döwlet Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, halkymyza,
ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly ýaş nesilleri terbiýelemek barada
aýdan sözleriniň ähmiýetini nygtadylar. Ýaş türkmenistanlylaryň mundan
beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine
mynasyp goşant goşjakdyklaryna, döwlet Baştutanymyzyň bildirýän ynamyny ödemek
üçin ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi
ynandyryp, talyplar watançylyk mazmunly şygyr setirlerini okadylar.
Çykyşlar
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet
Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen
sepgitlere, gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň
esasy ugurlaryna seredilendigini belledi. Durmuşa geçirilýän taryhy
özgertmeleriň ähmiýeti, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de
ösdürmekde öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu
meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz däp bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we
ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen
we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň uly
baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä
geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol bu ugurda degişli işleriň geçirilendigi barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda
degişli Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda, şanly baýram mynasybetli,
ýurdumyzyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi
geçilip, mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.
Döwlet
Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine,
ýokarda agzalan toparyň başlygyna ýüzlenip, degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde
günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala
agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ähli
ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur
çäreleri görmegi tabşyryp, günäsi geçilen adamlara bolsa Watanymyza ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň her biriniň ata
Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp, ýurdumyzy
ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup
hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has
tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda karara
gelendigini habar bermek bilen, degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet
Maslahatynyň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz
berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen
hormatly adyny dakmak hem-de Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen
sylaglamak hakyndaky Permanlaryny okaýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy”
diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan
nyşanlary we şahadatnamalary, “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan hormatly
enelerimize sylaglary gowşurýar.
Ildeşlerimiz
bildirilen hormat-sarpa üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk
sözlerini aýdyp, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň
bagtyýarlygynyň, ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik, milletiň belent
ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemegiň bähbidine mundan beýläk-de
ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Döwlet
Baştutanymyz sylaglananlary olaryň durmuşyndaky bu ajaýyp waka bilen ýene-de
bir gezek gutlap, bu ýere ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 31
ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize, ýeten sepgitlerimize buýsanyp,
ata-babalarymyzyň miras goýan asylly ýörelgelerine daýanyp, mundan beýläk-de uly
üstünlikleri gazanarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki
abraýyny has-da belende götereris.
Döwlet
Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň halkyny golaýlap
gelýän Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunlukda,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyny ýapyk diýip
yglan etdi.
Ruhyýet
köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent mukamy ýaňlanýar.
Bu
möhüm waka Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna
halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saýlap
alan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ösüş ýoluna pugta ygrarlydygynyň
aýdyň nyşany bolup girer.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi