Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

 

20.01.2023

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny Aşgabatda mübärekläp, onuň bu saparynyň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belledi we türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini nygtady. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem möhüm üns berilýär. Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda wajyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini we daşary syýasy başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin rus wekiliýetiniň saparynyň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we geçen ýylyň 10-njy iýunynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada beýan edilen esasy pikirleri durmuşa geçirmekde iki ýurduň Hökümetleriniň işiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Hökümetiniň Başlygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň möhümdigini, hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda täze ugurlary gözlemegiň zerurdygyny belledi.

Mihail Mişustiniň belleýşi ýaly, Russiýa bilen Türkmenistan maşyngurluşyk, energetika, nebitgaz, oba hojalygy, sanly ykdysadyýet ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen birlikde, entek ýene-de ençeme geljegi uly ugurlar bar. Şeýle-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň giň düzümli wekiliýetiniň gelendigini nygtady. Bilelikdäki işewürllik maslahatyny geçirmek pikiri Russiýada goldanyldy. Aşgabada Russiýa Federasiýasyndan türkmen hyzmatdaşlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge taýýar işewürleriň hem-de telekeçileriň ýüzlerçesi geldi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak, bar bolan ägirt uly kuwwaty doly güýjünde işe girizmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny hem-de rus wekiliýetiniň agzalaryny “Türkmenistana hoş geldiňiz!” sözleri bilen ýene-de bir gezek mübärekläp, ýurdumyzda Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär. Şeýle duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermek bilen çäklenmän, täze başlangyçlary we taslamalary işläp taýýarlamaga hem ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna berilýän hemişelik üns üçin Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna — Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan hukuk binýadynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama üns çekildi. Şu gün RF-niň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzüminde Aşgabada Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Sankt-Peterburgyň we beýleki sebitleriň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gelendigini hem belledi. Hormatly Prezidentimiz RF-niň sebitleri we subýektleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we belent mertebeli myhmana söz berdi.

RF-niň Hökümetiniň Başlygy Russiýanyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň ýokary derejede guralandygy, türkmen hyzmatdaşlary bilen işewürler maslahatynyň geçirilmegine berlen goldaw üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň ähli meseleleriniň hem-de ony ösdürmegiň ugurlarynyň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Şertnama-hukuk binýady kemala getirildi, şu gün gol çekilen migrasiýa, gümrük, bilim we beýleki ulgamlardaky täze ylalaşyklar we ähtnamalar onuň üstüni ýetirdi. Ýurtlarymyz energetika, nebitgaz senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýärler. Gurluşyk, oba hojalygy ugurlary boýunça hem özara gatnaşyklar amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman özara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmelidigini, iki ýurduň Hökümetleriniň 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň gol çeken strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň esasynda bu iş bilen meşgullanjakdyklaryny belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy wezipe hökmünde garalýandygy nygtaldy. Özara söwda üçin bu ugurdaky bar bolan kuwwat häzirki görkezijileri ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bular barada aýdyp, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi beriljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamda, aýratyn-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesinde durup, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine baryp görmegiň özünde uly täsir galdyrandygyny, mekdepde bilim meseleleri bilen bir hatarda, umumy taryha, umumy hakyda aýawly garalmagyna hem uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýlelikde, şu günki gepleşikler taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar, bilelikdäki işewürler maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilen işewürlik duşuşyklarynyň netijeleri muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama; Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň meýilnamasy (Ýol kartasy); «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumynyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bilen ýetirildi.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin milli gahrymanlaryň - Watan goragçylarynyň, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we bu ýerde “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi