Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisi
10.10.2022
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi,
Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde
wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň
häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr
aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat
berdi.
Ýylyň
başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini
üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki
önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat
döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim
köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň
80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we
orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. Şeýle-de
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada
hasabat berildi. Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan
370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy.
Wise-premýer
degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de
Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň,
maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. Geljek ýyl üçin baş maliýe
meýilnamasy hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Maliýe
we ykdysadyýet ministri M.Serdarow şu ýylyň dokuz aýynda garamagyndaky düzümiň
işleriniň netijeleri, Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň
girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine
ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8
göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar - sentýabr aýlarynda balans toparlarynyň
jemi 73 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 52 mejlisi
geçirildi. Şeýle-de döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we
döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri barada hasabat
berildi.
Hasabat
döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 16 göterimine
barabar boldy. Maýa goýum maksatnamasy 56 göterim ýerine ýetirildi.
Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 42,7 göterimi önümçilik toplumlarynyň
gurluşygyna, 57,3 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna
gönükdirildi.
Şu
ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany
umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we
desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr
aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş,
önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işler dowam etdirilýär.
Soňra
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň
dokuz aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady
görkezijileri barada hasabat berdi. Bu maglumatlar pudaklaryň durnukly
ösýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tebigy gazyň,
nebitiň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan
uglewodorod gazynyň, nebit koksunyň, sementiň, mineral dökünleriň, şöhlat,
süýji-köke önümleriniň, çöregiň we beýleki köp sanly önümleriň önümçiliginde
durnukly ösüş gazanyldy.
Ulag-aragatnaşyk
toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşindäki
ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň
möçberi 7,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwedir ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň,
ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy. Şeýle-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz
böleginde oňyn netijeler gazanyldy.
Bu
ulgamda halkara ülňülere laýyk gelýän statistiki hasabatlylygy hem-de
maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler
barada-da habar berildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy
“Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda şu
ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma
ýazuwyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Merkezi
bankyň başlygy T.Mälikow şu ýylyň üç çärýeginde ýurdumyzyň bank ulgamyny
döwrebaplaşdyrmaga, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, halk hojalygy
toplumynyň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga
we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler
barada hasabat berdi.
Şu
ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna
gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen
karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Şunuň bilen bir hatarda,
ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine
berlen karzlaryň galyndysy 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini
öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi
satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5 göterim ýokarlandy. Maýa goýum
taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary
bermek boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň karz
edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
8,4 göterim ýokarlandy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maýa goýum ýagdaýyny
gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza
laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde
tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni
çekdi. Bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, telekeçileri
giňden goldamak boýunça başlanan işler hem dowam etdirilmeli diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň
geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly
esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Wise-premýere salgytlaryň, şol sanda ýerli
salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Halkara pul
gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş
banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek, beýleki halkara
maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur işleri geçirmek
ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz
senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine
ýetirmek boýunça geçen dokuz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan
ykdysady-tehniki görkezijiler barada hasabat berildi. Hususan-da, “Türkmennebit”
döwlet konserni tarapyndan nebit almak boýunça meýilnama 100,7 göterim
derejesinde berjaý edildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 110,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,6 göterim, polipropilen öndürmegiň
meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,1
göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,9 göterim, tebigy we
ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary
ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik
kuwwatyny netijeli ulanmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň,
häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod
serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny belledi. Nebiti we tebigy
gazy düýpli gaýtadan işlemeli. Kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz
işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmaly diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz
geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak we uglewodorod çig malyny
gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak barada görkezmeleri berdi.
Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz wise-premýere toplumda alnyp barylýan işleri seljermegi,
işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat
hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat
şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri
barada hasabat berdi.
Ýanwar
- sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 147,2 göterim amal edildi. Hasabat
döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 114,6 göterime
deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,8 göterim boldy. Şu ýylyň
dokuz aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň,
işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 129,4 göterim ýerine
ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,9 göterime, daşary
ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,9 göterime deň
boldy.
Şu
ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan
önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 166 göterim berjaý
edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi
ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 100,4 göterim amal
etdi. Şu ýylyň dokuz aýynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,8 göterim boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere
garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny
doly seljermegi, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamagy
tabşyrdy. “Aşgabat-sitini”, ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin
taýýarlyk işlerini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi
hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň
ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda energetika
halkasynyň we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň
gurluşygyny dowam etmek, gurluşyk we energetika pudaklaryna gönükdirmek üçin
maýa goýumlary köpräk çekmek, şeýle-de bu işleri düýpli seljermek öňde duran
işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma
pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen
işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 105,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,7
göterime barabar boldy.
Dokma
senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş
depgini, degişlilikde, 127,8 hem-de 131 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň
ösüş depgini 112,8 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa
109,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm
öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi.
Ýanwar
— sentýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 224 sany birža
söwdasy geçirilip, 27 müň 565 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy
tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 113,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hasabat döwründe 13 sergi we 41 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime
deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän
önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça maksatnamanyň ýerine
ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny, bu maksatnamanyň durmuşa
geçirilişi barada her aýda hasabat berip durmalydygyny aýtdy. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi senagat we azyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň
eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady hem-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk
harytlarynyňdyr miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns
bermek, bu ugurda netijeli işleri alyp barmak barada görkezme berdi.
Taýýar
dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen
nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek hem ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar - sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
jemleri barada hasabat berdi. Geçen üç çärýegiň dowamynda bilim işine okatmagyň
öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi.
Talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli
çykyş edip, medallara mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna
laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine
10 müň 490 talyp kabul edildi.
Bilimler
we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si
açylyp ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat
berildi. Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugry boýunça
ylmy temalar utgaşdyryldy, oýlap tapyşlara, golýazmalara seljerme berildi.
Şunuň bilen birlikde, aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk
derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky
Dissertasiýalary goramak boýunça ýöriteleşdirilen geňeşde doktorlyk we
kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara
ylmy maslahat geçirildi, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, “Türkmenistanda
seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 - 2028-nji ýylar üçin Döwlet
maksatnamasy” tassyklanyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny
baýram etmek boýunça guramaçylyk toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Şu
ýylyň dokuz aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary
boýunça meýilnamalaýyn işler geçirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp,
glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy ýokary depginlerde
dowam edýär. Degişli döwürde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek
boýunça 2022 - 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we
Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary
boldy.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 70-den gowrak hassa çaga
operasiýa bejergileri edildi hem-de mekdep internatlarynda, çagalar öýlerinde
terbiýelenýän we okaýan çagalar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi.
Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň 14-sinde türkmen hünärmenleriniň 163-si
öňdebaryjy klinikalarda hünärlerini kämilleşdirmek boýunça iş saparlarynda
boldular.
Şeýle-de
hasabat döwründe sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak, ýaşlar syýasatyny
durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy
toparlaryny XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna
taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy, degişli guramaçylyk topary döredildi.
Halkara sport ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy
toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Şu ýylyň dokuz
aýynda halkara ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 286 medala mynasyp boldular.
Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi
hem-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşi kabul edildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmegi, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny iş tejribesine
giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de dürli
keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň hem-de
bejerişiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak barada
görkezme berildi. Şu maksat bilen, bu ulgamda tejribe alyşmak üçin daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek gerek diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Sport
ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda
dürli sport çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmek möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki
döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, bilim edaralarynda okuw işini talabalaýyk
derejede guramak maksady bilen, mekdepleriň ýokary hünär derejeli mugallymlar,
okuw kitaplary bilen üpjünçiligine hemişe seljerme bermek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynyň şu
ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak
maksady bilen, şeýle-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar,
şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga
berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaraly maslahatlar,
söhbetdeşlikler, mediaforumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler geçirildi.
Wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Dürli bäsleşikler yglan edildi.
Türkmen
hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde
geçirilen halkara medeni çärelere, maslahatlara, sergilere we okuwlara
gatnaşdylar. Ýurdumyzyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen
bilelikde degişli işler alnyp baryldy.
Döwletimiziň
Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralary we çäreleri ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, bu toparyň jemi 5
mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, medeniýet
işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana bagşy!» döredijilik
bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi we netijeleri jemlenildi.
Döredijilik işgärlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikler, açylyp ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar
baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet
saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan we Konsepsiýalardan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça hem işler dowam etdirildi.
Türkmen
döwlet neşirýat gullugy boýunça 2022-nji ýylyň geçen dokuz aýynda haryt
öndürmegiň möçberi 86 million 855 müň manada deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şeýle-de elektron
neşirleri resmi habarlar bilen yzygiderli üpjün etdi. Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşiginde işler meýilnama laýyklykda alnyp baryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tele we radio ýaýlymlarda
tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary, şowhunly gepleşikleri
taýýarlamagyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap medeniýet
merkezlerinde we teatrlarda sahnalaşdyrylýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk
gelýän eserleriň sanyny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
«Milli
taryhy medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň
hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasyna» laýyklykda, taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary gorap
saklamak we hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen, degişli wagyz-nesihat
çärelerini geçirmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum
boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň
boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň
meýilnamasy 110,1 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine
ýetirildi. Ýanwar - sentýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça
ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 106,7 göterime, “Türkmenawtoulaglary”
agentligi boýunça 131,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 147,5
göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,2 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime deň boldy.
Hasabatyň
dowamynda “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda
dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň 360-dan gowragy ýerleşdirildi, «Bir penjire»
ulgamynda bolsa 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi.
Welaýat
merkezlerinde täze awtomenzilleriň açylandygy barada habar berildi. Şeýle-de
elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, Jebel
şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş
merkezinde ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş
jaýlarynyň hem-de Serhetabat - Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol
köprüsiniň gurluşyklary dowam etdirilýär.
Ulag-üstaşyr
geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek,
türkmen-gazak bilelikdäki işçi toparlary döredildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak
boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak barada görkezme berdi.
Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek,
bu ulgamda hyzmatlaryň ýokary hilli we howpsuz ýerine ýetirilmegini gazanmak,
demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça teklipleri
taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny doly güýjünde
peýdalanmak üçin zerur işleri geçirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we
«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyny taslama kuwwatyna çykarmagyň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda
degişli düzümleriň alyp baran işleriniň netijeleri, şähergurluşyk
maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Garalýan
döwürde şäher häkimligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky edaralar we
kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 115,8 göterim
berjaý edildi. Ýanwar - sentýabr aýlarynda maýa goýumlary özleşdirmekde
meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 101,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň dowamynda
paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-si,
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, Bagtyýarlyk etrabynda
720 orunlyk umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi. “Daşkent” seýilgähiniň
hem-de sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlandy.
Şeýle-de
gök zolaklara, bagy-bossanly seýilgählere zerur idegleri edýän, degişli
abatlaýyş işlerini amala aşyrýan jemagat hojalygynyň ugurdaş gulluklarynyň alyp
barýan işleri barada hasabat berildi. Paýtagtymyzy, onuň ýaşaýyş toplumlaryny
mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak,
şäherde arassaçylygy we tertip-düzgüni saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler
görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň häkimine
paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň
we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, paýtagtymyzda şu
ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky alnyp barylýan
işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de häkime paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleriniň guralyşyna,
jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly işlemegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ahal
welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar - sentýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy
barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa
geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berildi.
Häzirki
wagtda ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri
alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda bugdaý ekişi
geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Mundan başga-da,
oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün
etmek we ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli
çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, sebitde güýzlük sogany ekmek,
ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleri dowam edýär.
Häkimiň
habar berşi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda
gazanylan uly üstünliklere bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak
boýunça degişli işler geçirilýär.
Balkan
welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde maýa goýumlary
özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýyl
açylmagy meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalary öz
wagtynda ulanmaga bermek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Şeýle-de
azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we obasenagat toplumynda özgertmeleri durmuşa
geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga möhletde ýygnamak, bugdaý ekilen
meýdanlara toplumlaýyn ideg etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada
maglumat berildi. Şunuň bilen birlikde, bol hasyl almak maksady bilen, güýzlük
ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerine ideg etmek üstünlikli dowam edýär. Gant
şugundyryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, giň gerimli
özgertmeler maksatnamalarynyň, şeýle-de Döwlet Maslahatyndaky çykyşyndan gelip
çykýan wezipeleriň ähmiýetini wagyz etmek we düşündirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň dokuz aýynda sebitde ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda görülýän anyk
çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky ýyllyk meýilnama
329 göterim berjaý edildi. Garalýan döwürde welaýat boýunça medeni-durmuş
maksatly desgalaryň 7-si gurlup ulanmaga berildi.
Şeýle-de
häkim güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky
işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda amala aşyrylýan oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, gowaça hasylyny ýygnamagyň
depginlerini güýçlendirmek, hasylyň kabul ediş harmanahanalaryna yzygiderli
daşalmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada
hasabat berildi. Güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we degişli
derejede tamamlamak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalary netijeli ulanmak, haryt
öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işler barada-da aýdyldy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gidişi barada hasabat
berdi. Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, gurulmagy hem-de ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan
çäreleriň durmuşa geçirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet
Baştutanymyza sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin
işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we dowam edýän “ak altyn” hasylynyň
ýygymynyň barşy, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, şol sanda
şaly ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berildi.
Soňra
çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar - sentýabr
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde
sebitde maýa goýumlaryň özleşdirilişi barada berlen maglumatlar hasabatyň esasy
meseleleriniň biri boldy. Şeýle-de şu ýyl ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen
binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada habar berildi.
Häzirki
wagtda dowam edýän bugdaý ekişi, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda
geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir
hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen ýerleri sürmek, tekizlemek we
geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak hem-de olary kabul ediş harmanhanalaryna yzygiderli
daşamak boýunça degişli çäreler görülýär. Halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegini
kanagatlandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine
agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilýär. Bu ekinleriň hasyly ýygnalyp,
ilata ýetirilýär.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu
ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda
özgertmeleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Obasenagat toplumynda önüm
öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,8 göterime deň bolandygy habar
berildi. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu
görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,4
göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,1 göterime deň boldy.
Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 174,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzda
azyk önümlerini öndürmek boýunça gazanylan görkezijiler barada hasabat berildi.
Hususan-da, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 118,9 göterim, bakja
önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 112,3 göterim, ýeralmany öndürmegiň
meýilnamasynyň 139,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň
115,5 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,3
göterim, unaş önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine
ýetirilendigi habar berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam
edýändigi, pagtany gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur
işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mundan başga-da, ýer we suw
serişdelerini netijeli ulanmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bereketli
hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň
ýetişdirilendigini belledi. Pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin
ähli zerur işleri geçirmeli. Obasenagat toplumynyň kärhanalaryny we azyk
senagaty pudaklaryny doly güýjünde işletmek, kuwwatlyklarynyň netijeliligini
ýokarlandyrmak üçin öz wagtynda çäreleri görmeli. Hormatly Prezidentimiz
ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki
zaman önümçiliklerini döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp,
maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk
işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek boýunça zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirip, ýokary
hasyl almak üçin zerur işleri geçirmelidigi barada aýtdy hem-de wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň
Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýanwar - sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren
işleriniň jemleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Hasabat döwründe “Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler alnyp baryldy.
Halkara
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara
aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Hindistan
Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrandygy
bellenildi. Bu döwürde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran
Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny
amala aşyrdy. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna hem-de
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy
üçin, degişlilikde, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş
saparlary guraldy.
Hormatly
Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak maksady bilen,
Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam
Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary
derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Iýun aýynda Gruziýanyň
Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
Häzirki
wagtda möhüm halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistan
abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy depginli
ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň
77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Şeýle-de 2022-nji
ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen
Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilendigi
bellenildi.
Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon
arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 12-nji maýda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň
geçirilmegi möhüm waka boldy. Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet
döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary
ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187
sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara
resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn
geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär.
Şeýle-de
daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler amala
aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş
geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet”
(işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Şu ýylyň 15-nji martynda
ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça
komissiýasynyň 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy.
Şeýle-de hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki ugurdaş
düzümleriň çäklerinde yzygiderli işler amala aşyryldy. Ýanwar - sentýabr
aýlarynda bu ugurda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli gatnaşyklary
ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli,
döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar,
dünýäniň beýleki sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy
yzygiderli pugtalandyrýar. Şu ýyl daşary ýurtlara amala aşyrylan ýokary derejedäki
saparlaryň we daşary ýurt ýolbaşçylarynyň Türkmenistana guralan saparlarynyň
netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 2023-nji ýylda boljak
saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram
etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady
we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew täze taryhy döwrüň
wezipelerini nazarda tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýylyň
başyndan bäri geçirilen işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň birinji
çagyrylyşynyň 3 mejlisi geçirilip, olarda dürli pudaklaryň ösüşine degişli
birnäçe kanunçylyk namalary makullanyldy. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we
bähbitlerini üpjün etmek babatda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatlar boýunça iş saparlaryny amala
aşyryp, adamlaryň durmuş we zähmet şertleri bilen gyzyklandy, sebitleri
ösdürmek, ýerlerde işleriňdir hyzmatlaryň hilini hem-de netijeliligini
gowulandyrmak boýunça gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini berdi,
kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitledi.
Hormatly
Arkadagymyz ýaşlar bilen yzygiderli duşuşdy, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty
hakynda” Türkmenistanyň Kanuny boýunça pikirleri we teklipleri öwrendi, milli
parlamentde täze başlangyçlary öňe sürdi. Bu resminamanyň rejelenen görnüşi
döwletiň ýaşlar hakyndaky aladalarynyň aýdyň subutnamasy bolup, ýaşlaryň
ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar.
Türkmenistanyň
parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, parlament
diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly
ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga uly ähmiýet
berilýär.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 25-nji sentýabry - 1-nji oktýabry
aralygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde Ýaponiýanyň
Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy hem-de Türkmen-ýapon parlamentara
dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyklary geçirdi. Hormatly Arkadagymyz
parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edip,
parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegi hem-de özara gatnaşyklaryň
esasy ugurlaryny kesgitlemegi, şol sanda ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny
döretmek we netijeli ulanmak, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny
ýokarlandyrmak we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça işleriň esasy ugurlaryny
kesgitlemegi teklip etdi.
Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa”
görnüşdäki dialogynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de
bu ugurda bilelikdäki çäreleri yzygiderli esasda geçirmek boýunça başlangyçlar
bilen çykyş etdi. Bu teklipleriň ýapon tarapyndan goldanylmagy iki dostlukly
ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze hil derejesinde ösdürmäge ygrarlydygynyň
ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.
Şu
ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa
Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilip, munuň
özi şeýle düzümde parlament gatnaşyklaryň täze we netijeli görnüşiniň emele
gelmegine ýardam etdi.
Halk
Maslahatynyň agzalary daşary ýurtlarda saparda bolup, sebit we halkara
ähmiýetli parlamentara duşuşyklara gatnaşdylar, kanun çykaryjylyk işinde
tejribe alyşdylar.
Milli
Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylýan
kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Mejlis tarapyndan
durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesini
ýokarlandyrmak boýunça işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen
degişli işler geçirildi. Bu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip,
şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 38-si we Mejlisiň kararlarynyň
21-si kabul edildi.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de ýaşlaryň
ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin
has oňaýly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen, şeýle-de ýaş nesilleri
halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda, watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda
terbiýelemäge ýardam edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekildi.
Döwlet
Maslahatynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwlet syýasatynyň möhüm
ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başyny
başlan hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işlemek
dowam etdirilýär.
Parlamentara
gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda halkara tejribäni öwrenmek
maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 24-si geçirildi. Deputatlar degişli
ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk
işini kämilleşdirmek meselelerine degişli guralan 100-den gowrak okuw
maslahatlaryna gatnaşdylar. Şolaryň 54-si sanly ulgam arkaly geçirildi.
Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
Aşgabatda
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy
hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Dialogyň çäklerinde halkara derejedäki
çäreleriň 9-sy guraldy.
Mejlisiň
deputatlary Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik
guramalarynyň agzalary bilen bilelikde jemgyýetçilik-syýasy çärelerini hem-de
wagyz işlerini geçirip, ilata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahatynyň we onda kabul edilen çözgütleriň
taryhy ähmiýetini düşündirýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de
ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Bu işler döwletimiziň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň
binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky ädime öwrüler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä
ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň
üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi
içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli
döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan
gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim
artdy.
Döwlet
Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen
tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli
pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini
durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de
ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek
we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi.
Hormatly
Prezidentimiz gürrüňi dowam edip: “Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň baýramyny giňden belleýäris” diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde
örän uly hormata mynasypdygyny nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman
senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp hünär baýramy bilen tüýs ýürekden
gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly
jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş
işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini
hem habar berdi.
Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, Gahryman
Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji
jildini ýazyp tamamlady. Size bu kitaby Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinden soň gowşurarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mejlisiň
barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garaldy, olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip
ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi